80 Ýiten zadyň hökümi

Başy » YLYM KITABY » 80 Ýiten zadyň hökümi

    عَنْ زَيدِ بْنِ خالِدٍ الْجُهَنِي رَضي الله عَنْهُ أَنَّ النَّبِيَّ صلى الله عليه و سلم سَأَلَهُ رَجُلٌ عَنِ اللُّقَطَة ِ، فَقَالَ: (اعْرِفْ وِكاءَهَا ، أَوْ قَالَ: وِعَاءَهَا وَعِفَاصَهَا ، ثُمَّ عَرِّفْهَا سَنَةً ثُمَّ اسْتَمْتِعْ بِهَا ، فَإنْ جَاءَ رَبُّهَا فَأَدِّهَا إلَيهِ). قَالَ: فَضَالَّةُ الإبِلِ؟ فَغَضِبَ حتى احْمَرَّتْ وَجْنَتَاهُ ، أَوْ قَالَ : احْمَرَّ وَجْهُهُ ، فَقَالَ: (مَالَك وَلَهَا، مَعَهَا سِقَاؤُهَا وَحِذَاؤُهَا تَرِدُ الْمَاءَ وَتَرْعَى الشَّجَرَ فَذَرْهَا حتى يلْقَاهَا رَبُّهَا). قال: فَضَالَّةُ الغَنَمِ ؟ قَالَ: ( لَكَ أَوْ لأخِيكَ أَوْ لِلذَّئْبِ).

 

         Zeýt ibn Halyt Jüheni (r.a.) şeýle diýipdir: «Biri Allahyň Resulyndan (s.a.w.) ýiten zady tapsaň, näme etmelidigini sorady. Ol: «Onuň daňlan bagyny, ýa bolmasa, onuň salnan gabyny1, daş sypatyny belläp alyp, soňra ony tapanyňy bir ýyllap ötene-geçene aýdyp gez. Şondan soňra ony ulan. Şondan soňra hem eýesi tapylaýsa, ýene oňa gaýtaryp ber» diýdi. Ol adam: «Ýiten düýäni hem şeýtmelimi?» diýip sorady. Şonda gaharlanmakdan ýaňa Allahyň Resulynyň (s.a.w.) mübärek ýaňaklary ýa-da ýüzi2 gyzardy we: «Ondan saňa näme zyýan ýetýär? Suw tulumyny, aýagyndaky markubyny özi süýreýär3, suwsasa, özi suw içmäge gidýär, agajyň ýapraklaryny çürtýär. Ony eýesi tapýança, öz gününe goý» diýdi.

Ol adam: «Ýiten dowar barada näme aýdarsyň?» diýdi.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ol ýa seniňkidir, ýa gardaşyňkydyr, ýa gurduňkydyr» diýdi».

 

1Gürrüňiň arasyndaky bu söz Zeýt ibn Halydyň ýa-da rowaýatçylaryň ondan-mundan eşidip, özlerinden goşan sözüdir.

2Bu söz rowaýatçylaryň birine degişlidir.

3Tulumy diýýäni garnydyr. Ýagny,ol birnäçe günläp zerur boljak suwy garnynda göterýär. Markuby diýýäni hem dabanydyr. Ýagny: «Ol öz aýagy bilen ýöreýär. Onuň saňa näme mätäçligi bar?» diýildigi bolýar.