79 Namazy jemagata gysga okatmak barada

Başy » YLYM KITABY » 79 Namazy jemagata gysga okatmak barada

   عَنْ أَبِي مَسْعُودٍ الأَنْصَارِي رَضِي الله عَنْهُ قََالَ: قَالَ رَجُلٌ: يارَسُولَ الله لاَ أَكَادُ أُدْرِكُ الصَّلاَةَ مِمَّا يطوِّلُ بِنَا فُلاَنٌ. فَمَا رَأَيتُ النَّبِيَّ صلّى الله عليه وسلم في مَوْعِظَةٍ أَشَدَّ غَضَباً مِنْ يوْمِئِذٍ فَقَال: (أَيهَا النَّاسُ إنَّكُمْ مُنَفِّرُونَ ، فَمَنْ صلَّى بِالنَّاس فَلْيخَفِّفْ فَإنَّ فِيهِمُ الْمَرِيضَ وَالضَّعِيفَ وَذَا الحَاجَةِ).

 

         Ebu Mesgut Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Biri Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gelip: «Ýa Allahyň Resuly, pylany bize namaz okadanda namazy şeýle bir uzak okaýar welin, namazy terk etmek derejesine baryp ýetýärin» diýdi1. Allahyň Resulynyň (s.a.w.)wagyz eden wagtynda şonuň ýaly gaharlanan gezegine duşmandym. Ol: «Eý, adamlar, size bir zatdan irmek häsiýeti mahsusdyr. Haýsyňyz halka namaz okatsaňyz, gysga edip okadyň. Sebäbi jemagatyň içinde hassasy bar, gowşagy bar, iş-aladalysy bar» diýip seslendi».

 

1Bir söze görä, şikaýat eden adam Hazm ibn Ebu Kagp, üstünden şikaýat edilen ymam hem Mugaz ibn Jebelmiş (r.a.).