78 Bir aýlap aýallary bilen görüşmejegi barada Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ant içmegi

Başy » YLYM KITABY » 78 Bir aýlap aýallary bilen görüşmejegi barada Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ant içmegi

عَنْ عُمَرَ رَضي الله عَنْهُ قالَ: كُنْتُ أَنَا وَجَارٌ لِي مَنَ الأَنْصَارِ في بَنِي أُمَية بْن زَيدٍ وَهِي مِنْ عَوَالِي الْمَدِينَةِ وَكُنَّا نَتَنَاوَبُ النُّزُولَ عَلَى رَسُولِ الله صلّى الله عليه وسلم ينْزِلُ يوْمًا وَأَنْزِلُ يوْماً، فَإذَا نَزَلْتُ جِئْتُهُ بِخَبَرِ ذلكَ الْيوْمِ مَنَ الْوَحْي وغَيرِهِ ، وَإذَا نَزَلَ فَعَلَ مِثْلَ ذلِك فَنَزَلَ صَاحِبِي الأَنْصَارِيُّ يوْمَ نَوْبَتِهِ فَضَرَبَ بَابِي ضَرْباً شديداً فَقَالَ: أَثَمَّ هُوَ فَفَزِعْتُ فَخَرَجْتُ إلَيهِ فَقَالَ: حَدَثَ أَمْرٌ عَظِيمٌ ، فَدَخَلْتُ على حَفْصَةَ فَإذَا هِي تَبْكِي ، فَقُلْتُ: أَطَلَّقَكُنَّ رَسُولُ الله صلّى الله عليه وسلم؟ قَالَتْ: لاَ أَدْرِي ، ثُمَّ دَخَلْتُ عَلَي النَّبِي فَقُلْتُ -وَأَنَا قَائِمٌ- : أَطَلَّقْتَ نِسَاءَكَ ؟ قَالَ: ( لاَ ). فَقُلْتُ: الله أَكْبَرُ.

 

       Omar ibn Hattap (r.a.) şeýle diýipdir: «Ensardan bir goňşym bilen birlikde Beni Umeýýe ibn Zeýdiň ýurdunda oturýardym. Bu ýurt Medinäniň Awaly diýilýän ýerinde ýerleşýär. Bir zat öwrenmek umydy bilen,Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna gezekleşip giderdik. Bir gün ol gidýär, bir gün hem men. Men onuň ýanynda bolan günüm wahy we şoňa meňzeş näme duýsam, habaryny goňşyma ýetirerdim. Olam öz giden gezeginde şeýderdi. Ensary arkadaşym bir gezek öz nobatynda şol ýerik gitdi. Dolanyp gelen wagty gapymy gatyrak kakyp: «Öýdemisiň?» diýip seslendi. Erbet gorkup1, onuň ýanyna çykdym. Ol: «Uly bir hadysa ýüze çykdy. Allahyň Resuly (s.a.w.) aýallarynyň talagyny berdi» diýdi2. Men aslynda şeýle bir zadyň boljakdygyny çaklaýardym. Ertir namazymy okap bolup, geýnip, guşandym. Soňra Medinä baryp, Hafsanyň ýanyna girdim. Görsem, ol aglap otyr. Ondan: «Allahyň Resuly (s.a.w.) siziň (ýagny,nikaly aýallarynyň) talagyňyzy berdimi?» diýip soradym. Ol: «Bilmeýärin» diýdi. Şondan soňra Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyna bardym we aýak üstünden: «Ýa Allahyň Resuly: «Aýallaryň talagyny berdiňmi?» diýdim. Ol: «Ýok» diýdi. Şondan soňra men: «Allahü Ekber» diýip seslendim».

 

1Hezreti Omaryň (r.a.) gorkmagy (beýleki rowaýatlarda beýan edilişine görä) şol döwürlerde gassanylaryň Medine şäherine hüjüm etmäge taýýarlanýandyklarynyň adamlaryň dilinden düşmezligi bilen baglanyşyklydy. Ensary arkadaşy howsala bilen gapyny kakanda, ol: «Gassanylar duýdansyz döküläýdimikä?» diýip pikir edipdir.

2Bu ýerde gürrüňi edilýän we hezreti Omary (r.a.) şeýle derejede alada goýan möhüm waka Pygamberimiz Muhammet Mustapa hezretleriniň musulmanlaryň eneleri hezretleri (ýagny,öz nikaly aýallary) bilen bir aýyň dowamynda görüşmezlige kasam etmegi we sahabalaryň muny talak berdigimikä diýip çak etmekleridi. Hezreti Omar öz gyzy, musulmanlaryň enesi Hafsanyň (r.a.) üsti bilen işiň aslyna belet bolany üçin: «Men umuman şeýle bir işiň boljagyny çak edýärdim» diýipdir. Inşalla, yzda belli boljagyna görä, muňa musulmanlaryň eneleriniň baýlyk üçin Allahyň Resuly (s.a.w.) hezretlerini ynjytmaklary sebäp bolupdy hem-de kasamyň möhleti gutaranda:يَا أَيُّهَا النَّبِيُّ قُلْ لِأَزْوَاجِكَ إِنْ كُنْتُنَّ تُرِدْنَ الْحَيَاةَ الدُّنْيَا وَزِينَتَهَا فَتَعَالَيْنَ أُمَتِّعْكُنَّ وَأُسَرِّحْكُنَّ سَرَاحًا جَمِيلًا وَإِنْ كُنْتُنَّ تُرِدْنَ اللَّهَ وَرَسُولَهُ وَالدَّارَ الْآَخِرَةَ فَإِنَّ اللَّهَ أَعَدَّ لِلْمُحْسِنَاتِ مِنْكُنَّ أَجْرًا عَظِيمًا= «Ýäää-eýýühennebiýýü kul li-ezwäjike in küntünne türidnel-haýäteddünýä we ziýnetehä fe-tagaaleýne ümettygkünne we üserryhkünne seraahan jemiýlen. We in küntünne türidnellahe we Resuwlehuw weddärel-ähyrete fe-innellahe agadde lil-muhsinäti minkünne ejren azyýmen»(golaý manysy: «Eý, Allahyň Resuly, aýallaryňa aýt: «Eger siz şu dünýäniň ýaşaýşyny we dünýäniň gymmatlyklaryny talap edýän bolsaňyz, geliň, size biraz pul we haryt bereýin hem-de talagyňyzy berip, gowulyk bilen aýrylyşaýyn. Eger Allahy, Resulyny, ahyrýeti küýseýän bolsaňyz, bilip goýuň, siziň haýyrly iş edenleriňize Allahü tagalanyň uly sowgat taýýarlajakdygy şübhesizdir».«Ahzab» süresiniň 28-29-njy aýatlary) diýen aýaty-kerimeler inipdi. Bu aýatlarda Pygamberimiziň (s.a.w.) aýallarynyň ýa Allahü tagalany, Onuň Resulyny, o dünýäleriniň abatlygyny, ýa-da bu dünýädäki ýaşaýyşy, gymmatlyklary we Resuldan aýra düşmegi, ýagny,bularyň ikisinden birini saýlamalydyklary aýdylýardy. Şonda olaryň hemmesi birinjisini saýlap alypdy (Allahü tagala olaryň hemmesinden razy bolsun!). Bu babatdaky jikme-jiklikler bilen rowaýatyň jedelli taraplarynyň beýany hadys kitaplarynda we tefsirde bardyr.