77 Süýtdeş doganyňa öýlenmek bolmaz
عَنْ عُقْبَةَ بْنِ الحَارِثِ رَضِي الله عَنْهُ أَنَّهُ تَزَوَّجَ ابْنَةً لأَبِي إهَابِ بْنِ عَزِيزٍ فَأَتَتْهُ امْرَأَةٌ فَقَالَتْ: إِنِّي قَدْ أَرْضَعْتُ عُقْبَةَ وَالَّتِي تَزَوَّجَ بِهَا. فَقَالَ لَهَا عُقْبَةُ : ما أَعْلَمُ أَنَّكِ أَرْضَعْتِنِي وَلاَ أَخْبَرْتِني . فَرَكِبَ إلَى رَسُولِ الله صلى الله عليه وسلم بِالْمَدِينَةِ فَسَأَلهُ ، فَقَالَ رَسُولُ الله صلى الله عليه وسلم: (كَيف وَقدْ قِيلَ ). فَفَارَقَهَا عُقْبَةُ وَنَكَحَتْ زَوْجاً غَيرَهُ ).
Ukba ibn Harysyň (r.a.) habar bermegine görä, ol Yhap ibn Eziziň gyzyna öýlenipdir. Şol wagt onuň ýanyna bir aýal gelip: «Seni-de, gelin edinen gyzyňy-da men emdiripdim» diýýär. Ukba oňa: «Ne seniň meni emdireniňden habarym bar, ne-de ozal muny maňa aýdanyňdan» diýip jogap beripdir we atlanyp, Medinä — Allahyň Resulynyň (s.a.w.) huzuryna gidip, ondan şerigatyň bu mesele baradaky hökümini sorapdyr. Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Bir gezek şeýle diýleninden soň, oňa nädip ýanaşyp bilersiň?» diýmegi bilen, Ukba ol gyz bilen aýrylyşypdyr. Bu gyz soňra başga birine durmuşa çykypdyr.