75 Ylmyň aradan aýrylyp, nadanlygyň ýaýrap, pitneleriň ýüze çykjakdygy hakda

Başy » YLYM KITABY » 75 Ylmyň aradan aýrylyp, nadanlygyň ýaýrap, pitneleriň ýüze çykjakdygy hakda

      عَنْ أَبِي هُرَيرَةَ رَضِي الله عَنْهُ عَنِ النَّبِي صلى الله عليه وسلم قَالَ: ( يُقْبَضُ الْعِلْمُ وَيظْهَرُ الجهْلُ وَالْفِتَنُ وَيكْثُرُ الْهَرْجُ ). قِيلَ: يا رَسُولَ الله وَمَا الْهَرْجُ ؟ قَالَ: هَكَذَا بِيدِهِ فَحَرَّفَهَا كَأَنَّهُ يرِيدُ الْقَتْلَ.

 

       Ebu Hüreýre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gezek: «Ylym aradan aýrylyp, nadanlyk we pitneler ýüze çykar hem-de bulaşyklyk (herj1) köpeler» diýdi. Ondan: «Ýa Allahyň Resuly, bulaşyklyk diýýäniň nähili zat?» diýip soradylar. Ol uly arzuwy puç bolan ýaly,elini aşaklygyna inderdi-de: «Ine, şunuň ýaly zat» diýdi».

 

1«Herj» sözüniň göni manysy çylşyrymlylyk we bulaşyklykdyr. Ony «öldürmek»diýip terjime etmek hem mümkin.