74 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Hoşlaşyk Hajynda hajy ýerine ýetirmegiň düzgünleri barada aýdanlary

Başy » YLYM KITABY » 74 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Hoşlaşyk Hajynda hajy ýerine ýetirmegiň düzgünleri barada aýdanlary

    عَنْ عَبْدِ الله بْنِ عَمْرٍو بْنِ العَاصِ رَضِي الله عَنْهُمَا: أَنَّ النَّبِي صلى الله عليه وسلم وَقَفَ في حِجَّةِ الْوَدَاعِ بَمِني للنَّاسِ يَسْأَلُونَهُ، فَجَاءَهُ رَجُلٌ فَقَالَ: لَمْ أَشْعُرْ فَحَلَقْتُ قَبْلَ أَنْ أَذْبَحَ، فَقَالَ: (اذْبَحْ وَلاَ حَرَجَ) ، فَجَاء آخَرُ فَقَالَ: لَمْ أَشْعُرْ فَنَحرْتُ قَبْلَ أَنْ أَرْمِي، قالَ: (ارْمِ وَلاَ حَرَجَ) ، فَمَا سُئِلَ النَّبِي صلى الله عليه وسلم عَنْ شَيءٍ قُدِّمَ وَلاَ أُخِّرَ إلاَّ قَالَ: (افْعَلْ وَلاَ حَرَجَ).

 

         Abdullah ibn Amr ibn As (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) adamlaryň bilmeýän zatlaryny ondan sorap, öwrenmekleri üçin Hoşlaşyk Hajynda Mina dagynda aýak çekdi. Onuň ýanyna biri gelip: «Bilmän, gurban kesmänkäm saçymy syraýypdyryn» diýdi. Allahyň Resuly: «Gurbanyňy kes, günäsi ýok» diýdi. Başga biri gelip: «Bilmän, şeýtana daş zyňmankam, gurban kesdim» diýdi. Allahyň Resuly: «Daşlaber, günäsi ýok» diýdi. Ol gün Allahyň Resulyndan (s.a.w.) şeýtany daşlamak, damak çalmak, saç syrmak, Käbäniň daşyndan aýlanmak ýaly baýram gününiň amallaryndan wagtyndan öň edilen ýa-da wagtyndan soňa goýlan zatlar hakynda näme soralsa-da, onuň: «Ediber, günäsi ýok» diýip jogap bermedik gezegi bolmady»1.

 

1Haj etmegiň usuly (şeýtany daşlamak, damak çalmak, saçyňy syrmak, Käbäniň daşyndan aýlanmak) bellidir. Bularyň şol tertipde ýerine ýetirilmegi sünnetmidir ýa-da wajypmydyr? Ymam Şapygy bilen Ymam Ahmet ibn Hanbal we has öňki ymamlardan Ata, Tawus, Müjähit olaryň tertibiniň sünnetdigi bilen ylalaşyp, bu amallaryň haýsysy öz wagtyndan öň ýerine ýetirilse-de, şol sebäpli öz wagtyndan soňa goýlan amallaryň keffaraty (günäňi ýuwmak) üçin gan dökmegiň (damak çalmagyň) hökman däldigini aýdypdyrlar. Beýle diýmek bilen olar şu hadysa we Pygamberimiziň (s.a.w.) şoňa meňzeş beýleki hadyslaryna esaslanýarlar. Ymam Ebu Hanife bilen Ymam Mälik hem-de olardan öň ýaşap geçen ymamlardan Sagyt ibn Jübeýr, Hasan Basry, Ybrahym Nahaýy, Katada ýaly alymlar tertibiň wajypdygy we tertibi bozanlaryň malyň damagyny çalmak arkaly günälerini ýuwmaly boljakdyklary bilen ylalaşýarlar. Iki tarapyň hem delilleriniň jikme-jik beýany fykyh kitaplaryndadyr.