73 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ylym bilen baglanyşykly gören düýşi

Başy » YLYM KITABY » 73 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ylym bilen baglanyşykly gören düýşi

    عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِي الله عَنْهُمَا قَالَ: سَمِعْتُ رَسُولَ الله صلى الله عليه وسلم قال: ( بينَا أَنَا نَائِمٌ أُتِيتُ بِقَدَحِ لَبَنٍ ، فَشَرِبْتُ حتى إنِّي لأَرَي الرِّيَّ يخْرُجُ في أَظْفَارِي ، ثُمَّ أَعْطَيتُ فَضْلِي عُمَرَ بْنَ الخَطَّابِ ). قَالُوا: فَما أَوَّلْتَهُ يارَسُولَ الله ؟ قالَ: ( الْعِلْمَ ).

 

         Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Düýşümde maňa bir käse süýt getirip berdiler. Ony şobada içmäge başladym. Onuň berýän lezzetiniň bütin göwräme ýaýrap, dyrnaklarymdan syzylyp durandygyny häzir hem duýýaryn. Içip bolanymdan soň, artanyny Omar ibn Hattaba berdim» diýendigini eşitdim. Ondan: «Ýa Allahyň Resuly! Düýşüňi nähili ýorduň?» diýip soradylar. Ol: «Ony maňa berlen ylym hasapladym» diýip jogap berdi».