71 Ylmyň aradan aýrylmagy kyýamatyň bir alamatydyr

Başy » YLYM KITABY » 71 Ylmyň aradan aýrylmagy kyýamatyň bir alamatydyr

    عَنْ أَنَسِ رضي الله عنه قَالَ: قَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (إِنَّ مِنْ أَشْرَاطِ السَّاعَةِ أَنْ يُرْفَعَ الْعِلْمُ وَيَثْبُتَ الْجَهْلُ ، وَيُشْرَبَ الْخَمْرُ ، وَيَظْهَرَ الزِّنَا).

         Enes ibn Mälik (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Ylmyň aradan aýrylmagy, nadanlygyň giňden ýaýramagy1, şerabyň köp içilmegi, zyna işleriň köpelmegi kyýamatyň alamatlaryndandyr» diýdi».

1Ylmyň ýatdan çykarylmagynyň,nadanlygyň kök urmagynyň kyýamatdan nyşandygy sebäpli, ylmyň meselelerinden baş çykarýan islendik adamyň bilýän zadyny aýtmagy zerurdyr. Ymam Buhary meşhur Rabyga ibn Ebu Abdyrahmanyň: «Özünde islendik bir ylym bolan adamyň özüni zaýalamagy (ýagny,ylmyna kast etmegi) gowy däldir» diýen sözüni gürrüň bermek bilen bir hatarda, Ebu Zer Gyfarynyň (r.a.) hem öz ýeňsesini görkezibräk: «Meni öldürmek üçin gylyjy şu ýere goýsaňyz, men hem Allahyň Resulyndan (s.a.w.) eşiden bir sözümi meni öldürýänçäňiz yglan edip biljegimi bilsem, ony yglan ederin» diýen sözlerini hem öz düşündirişinde beýan edýär. Omar ibn Abdyleziziň (r.a.) Pygamberimiziň (s.a.w.) öň ýazga geçirilmedik hadyslaryny ýazga geçirmegi we bir ýere jemlemegi emr etmegi hem ylmyň unudylmagyndan gorkmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de, Buharynyň gürrüň bermegine görä, öň ady tutulan Ebu Bekr hezretleri Hazmä şeýle mazmunly hat ýollapdyr: «Diňle, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hadyslaryndan bilýänleriňi ýazyp al. Sebäbi men ylmyň ýitip gitmeginden we alymlaryň göçüp gitmeginden gorkýaryn. Ýazgy edilende Allahyň Resulynyň (s.a.w.)sözünden başgasy kabul edilmesin. Şonuň ýaly-da, alymlara aýdyň: ylmy äşgär etsinler, ýagny,gizläp saklamasynlar, hemme kişä habar bersinler. Şonuň ýaly-da, alymlar belli bir ýerlerde oturyp, sapak bersinler. Goý, bilmeýänler öwrensinler. Sebäbi ylym gizlin bir zada öwrülýänçä, ýok bolmaz».