70 Imana ýetmek ylmy bol ýagmyr ýalydyr

Başy » YLYM KITABY » 70 Imana ýetmek ylmy bol ýagmyr ýalydyr

     عَنْ أَبِي مُوسَى رضي الله عنه ، عَنْ النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قَالَ:( مَثَلُ مَا بَعَثَنِي اللَّهُ بِهِ مِنْ الْهُدَى وَالْعِلْمِ ، كَمَثَلِ الْغَيْثِ الْكَثِيرِ أَصَابَ أَرْضًا ، فَكَانَ مِنْهَا نَقِيَّةٌ قَبِلَتِ الْمَاءَ فَأَنْبَتَتِ الْكَلا وَالْعُشْبَ الْكَثِيرَ ، وَكَانَتْ مِنْهَا أَجَادِبُ أَمْسَكَتِ الْمَاءَ ، فَنَفَعَ اللَّهُ بِهَا النَّاسَ ، فَشَرِبُوا وَسَقَوْا وَزَرَعُوا ، وَأَصَابَتْ مِنْهَا طَائِفَةً أُخْرَى ، إِنَّمَا هِيَ قِيعَانٌ لا تُمْسِكُ مَاءً وَلا تُنْبِتُ كَلا ، فَذَلِكَ مَثَلُ مَنْ فَقُهَ فِي دِينِ اللَّهِ ، وَنَفَعَهُ مَا بَعَثَنِي اللَّهُ بِهِ فَعَلِمَ وَعَلَّمَ ، وَمَثَلُ مَنْ لَمْ يَرْفَعْ بِذَلِكَ رَأْسًا ، وَلَمْ يَقْبَلْ هُدَى اللَّهِ الَّذِي أُرْسِلْتُ بِهِ).

 

       Ebu Musa Eşgary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Allahü tagalanyň meniň arada durmagym bilen gönderen emriwe bilimi bol ýagmyra meňzär. Bu ýagmyr käte şeýle bir ýere ýagar welin, ol ýeriň topragynyň bir bölegi ony özüne siňdirip, mal iýer ýaly ot ýetişdirer. Ol ýeriň topragynyň ýene bir bölegi-de gaty bolup, üstünde suw ýygnanar we Allahü tagala halky ondan peýdalanar ýaly eder. Şondan adamlaryň özleri hem içerler, mallaryny hem suwa ýakarlar, ekinlerini-de suwararlar.

Bu ýagmyr başga bir ýapaşak ýere ýagar welin, ne onuň üstünde suw ýygnanar, ne ol ýerde ot gögerer.

Allahü tagalanyň dinine akyl ýetirip, Onuň meniň arada durmagym bilen gönderen iman gazanmak ylmyndan peýdalanýan we ony öwrenip, beýlekilere-de öwredýän adamlar başda agzan iki hili topragymyza, muny eşiden wagty tekepbirlik edip, hatda başyny hem galdyrmaýan, Allahü tagalanyň gönderen bu ylmyny kabul etmeýän adamlar bolsa iň soňunda gürrüňi edilen topraga meňzeýändir» diýdi».