67 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Ibn Apbas barada eden dogasy

Başy » YLYM KITABY » 67 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Ibn Apbas barada eden dogasy

   عَنْ ابْنِ عَبَّاسٍ رضي الله عنهما قَالَ: ضَمَّنِي رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ وَقَالَ: (اللَّهُمَّ عَلِّمْهُ الْكِتَابَ).

 

         Abdullah ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) meni gujaklap: «Ýa Allahü tagala, muňa Kurany düşündirýän ylmy öwret!» diýip doga etdi»1.

 

1Pygamberimiziň (s.a.w.) bu mübärek dogasynyň kabul bolmagynyň nyşany Gün kibi äşgär bolup, Ibn Apbas (r.a.) hezretleri soňra «Ymmatynyň alymy», «Kuranyň terjimeçisi», «Tefsirçileriň soltany» ýaly hormatly lakamlar bilen sahabalaryň we tabygynlaryň arasynda meşhurlyk gazanypdyr. Bu Muhammet alaýhyssalamyň ajaýyp mugjyzalarynyň biridir.