65 Hurma agajynyň kämil musulmana meňzeşdigi hakdaky hadysyň bir nusgasy
عن ابن عُمَرَ رضي الله عنهما قال: كُنَّا عِنْدَ النَّبِيِّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ فَأُتِيَ بِجُمَّارٍ ، فَقَالَ: ( إِنَّ مِنْ الشَّجَرِ شَجَرَةً مَثَلُهَا كَمَثَلِ الْمُسْلِمِ ) فَأَرَدْتُ أَنْ أَقُولَ : هِيَ النَّخْلَةُ ، فَإِذَا أَنَا أَصْغَرُ الْقَوْمِ ، فَسَكَتُّ ، فَقَالَ النَّبِيُّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: ( هِيَ النَّخْلَةُ ).
Abdullah ibn Omar (r.a.) öňde geçen 56-njy hadysy-şeribi aşakdaky ýaly edip hem gürrüň beripdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyndadyk. Hurma agajynyň depesinde bolýan bir püri1 alyp geldiler.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Agaçlaryň arasynda ýapragy düşmeýän bir görnüşi bar. Ol agaç kämil musulmana meňzeýär. Ol haýsy agaç? Aýdyň!» diýdi».
Bu ýerde oturanlar sährada bitýän agaçlary sanamaga başladylar. Onuň hurma agajydygy ýadyma düşse-de, aýtmaga utandym. Ýaşymyň ol ýerdäkileriň hemmesiniňkiden kiçi bolmagy hem meni dymmaga mejbur eden zatlaryň biridi. Allahyň Resulyahyry (s.a.w.): «Ol hurma agajydyr» diýip seslendi».
1Bu söz arap dilindäki «jemmär» sözüniň terjimesidir. Ol sözlükde «el-jemmär» we «el-jämuwr» görnüşinde berlip, hurma agajynyň depesindäki püri aňladýar. Ol ak we süýji bolup, tagamy süýdüňkä ýakyndyr.