64Allahkime ýagşylyk etmek islese, oňa dini düşünje berer

Başy » YLYM KITABY » 64Allahkime ýagşylyk etmek islese, oňa dini düşünje berer

    عن مُعَاوِيَةَ رضي الله عنه قال: سَمِعْتُ النَّبِيَّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَقُولُ: (مَنْ يُرِدْ اللَّهُ بِهِ خَيْرًا يُفَقِّهْهُ فِي الدِّينِ ، وَإِنَّمَا أَنَا قَاسِمٌ وَاللَّهُ يُعْطِي ، وَلَنْ تَزَالَ هَذِهِ الامَّةُ قَائِمَةً عَلَى أَمْرِ اللَّهِ ، لا يَضُرُّهُمْ مَنْ خَالَفَهُمْ ، حَتَّى يَأْتِيَ أَمْرُ اللَّهِ).

 

         Mugawyýa (r.a.) okan hutbalarynyň birinde şeýle diýipdir: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.):«Allahü tagala kime gowulyk islese, oňa din babatda uly bir düşünje berer. Men beriji däl-de, diňe paýlaýjy. Berýän bolsa Eziz we Gudratly Allahü tagaladyr1. Şeýle hem bu ymmat (ýagny,Allahü tagalanyň gowulyk islän adamlary) Allahü tagalanyň emrine tabyn bolany üçin, Allahü tagalanyň emri we kazasy hasyl bolup, kyýamat gopýança, mydama sabyt-gadam bolar (ýagny,sagdyn ädim urar) we özlerine duşmançylyk edenlerden oňa zyýan ýetmez»diýendigini eşitdim»2.

 

1Bu sözleriň mübärek manysyny şeýleräk düşündirse bolar: «Maňa emr edilen dini ylmy habar berenimde,käbirlerine aýdyp, beýlekilerden gizlemäm bolmaz. Hak tarapyndan maňa näme bildirilen bolsa, ony hemme kişä bolşy ýaly habar berýärin. Men diňe paýlaýjy. Berýän habarlarym hemmelere gyradeň bolmak bilen birlikde, bu habarlara dürli derejede düşünilýär. Çünki,düşünjäni Allahü tagala berýär. Onuň peşgeşi gullaryna dürli derejede baryp gowuşýar. Munuň şeýledigi meniň habarymdan soňra äşgär bolýar. Her kim paýyny menden alsa-da, ony beren Allahü tagaladyr, men däldirin».

2Pygamberimiziň (s.a.w.) bu mübärek sözi Muhammet ymmatynyň kyýamat gününe çenli paýdar boljakdygyna bir yşarat bolmak bilen, bu aýdylanyň: «Ymmatymdan mydama hak ýolunda ýeňiji we ýardamçy bolan, duşmanlaryndan zyýan çekmejek bir taýpanyň nesli hiç haçan tükenjek däldir» diýen hadysy-şeribiň manysyna hem meňzeşligi bar.