61 Hoşlaşyk Hajynda (Hajjetül-Weda’) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beren käbir nesihatlary

Başy » YLYM KITABY » 61 Hoşlaşyk Hajynda (Hajjetül-Weda’) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beren käbir nesihatlary

 

      عَنْ أَبِي بَكْرَةَ رضي الله عنه: ذَكَرَ النَّبِيَّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ قَعَدَ عَلَى بَعِيرِهِ ، وَأَمْسَكَ إِنْسَانٌ بِخِطَامِهِ - أَوْ بِزِمَامِهِ - قَالَ: ( أَيُّ يَوْمٍ هَذَا). فَسَكَتْنَا حَتَّى ظَنَنَّا أَنَّهُ سَيُسَمِّيهِ سِوَى اسْمِهِ ، قَالَ: ( أَلَيْسَ يَوْمَ النَّحْرِ). قُلْنَا: بَلَى ، قَالَ: ( فَأَيُّ شَهْرٍ هَذَا ). فَسَكَتْنَا حَتَّى ظَنَنَّا أَنَّهُ سَيُسَمِّيهِ بِغَيْرِ اسْمِهِ ، فَقَالَ: ( أَلَيْسَ بِذِي الْحِجَّةِ). قُلْنَا: بَلَى ، قَالَ : فَإِنَّ دِمَاءَكُمْ ، وَأَمْوَالَكُمْ ، وَأَعْرَاضَكُمْ ، بَيْنَكُمْ حَرَامٌ ، كَحُرْمَةِ يَوْمِكُمْ ، هَذَا فِي شَهْرِكُمْ هَذَا ، فِي بَلَدِكُمْ هَذَا، لِيُبَلِّغ الشَّاهِدُ الْغَائِبَ ، فَإِنَّ الشَّاهِدَ عَسَى أَنْ يُبَلِّغَ مَنْ هُوَ أَوْعَى لَهُ مِنْهُ).

 

         Ebu Bekre (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) özüniň hoşlaşyk hajynda düýäniň üstünde otyrdy. Bir adam hem düýäniň owsaryndan tutup barýardy.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Bu gün haýsy gün?» diýip sorady. Biz sesimizi çykarmadyk hem-de ol bu günüň öňki adyny başga at bilen çalyşjakmyka öýtdük. Ol: «Gurban güni dälmi?» diýdi. «Hawa» diýdik. Soňra ol: «Bu aý haýsy aý?» diýip sorady. Ýene sesimizi çykarmadyk we aýyň öňki adyny başga bir at bilen çalyşjak bolýandyr diýip pikir etdik. Ol: «Zülhijje dälmi?» diýdi. «Hawa» diýdik. Soňra ol: «Bu haýsy şäher?» diýip sorady. Ýene dymdyk we şäheriň öňki adyny başgasy bilen çalyşjakmyka öýtdük. Ol: «Mekge dälmi?» diýdi. «Hawa» diýdik. Mundan soňra ol: «Bu şäherde, bu aýda bu günüň hormaty üçin,birek-biregiň ganyny dökmek, baýlygyna el urmak, namysyna degmek haramdyr. Barlaryňyz ýoklaryňyza muny habar bersin. Häzir bu ýerde bar adamyň aýdanymy oňahas gowy düşünjek adama habar beräýmegi hem bolup biljek zat»diýdi».