58 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) kysra ýollan haty

Başy » YLYM KITABY » 58 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) kysra ýollan haty

     عن عَبْدَ اللَّهِ بْنَ عَبَّاسٍ رضي الله عنهما: أَخْبَرَهُ أَنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ بَعَثَ بِكِتَابِهِ رَجُلا ، وَأَمَرَهُ أَنْ يَدْفَعَهُ إِلَى عَظِيمِ الْبَحْرَيْنِ ، فَدَفَعَهُ عَظِيمُ الْبَحْرَيْنِ إِلَى كِسْرَى ، فَلَمَّا قَرَأَهُ مَزَّقَهُ ، قَالَ: فَدَعَا عَلَيْهِمْ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ أَنْ يُمَزَّقُوا كُلَّ مُمَزَّقٍ.

 

         Abdullah ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir adama1 bir hat berip, ony Bahreýniň emirine gowşurmagy emr etdi. Bahreýniň emiri ol haty kysra2 eltip berdi. Kysra haty okanyndan soňra ýyrtdy».3

         Rowaýatçy Muhammet ibn Şyhap Zühri: «Çakym çak bolsa, muny Sagyt ibn Museýýepden eşiden bolsam gerek. Onuň aýtmagyna görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) kysra hem-de onuň kowumy babatda: «Bölek-bölek bolsunlar» diýip doga edipdir» diýip, bu rowaýatyň üstüni ýetiripdir4.

 

1Mukaddes haty Bahreýne alyp giden adam ilkinji muhajirlerden Abdullah ibn Huzafa Sühemidi (r.a.). Bahreýniň emirine Münzir ibn Sawa, kysra-da Hysrow Perwiz diýýärdiler.

2Kysra – bu gadymy eýran hökümdarlaryndan Nowşirwan Adylyň lakamy bolup, şondan soňky hökümdarlar-da şeýle atlandyrylypdyr.

3Bu maglumat Ibn Apbasyň rowaýatynda bolman, ony Zühri Sagyt ibn Museýýepden ýazyp alypdyr.

4Ýemen hökümdary Seýf ibn Ziýezen hebeşilere garşy durmakda Hysrow Perwiziň atasy Nowşirwandan kömek sorapdy. Onuň iberen kömekçi goşuny-da soňra Ýemende galyp, ýurdy basyp alypdy. Pygamber alaýhyssalamyň zamanynda Eýranyň Ýemendäki amyly Bazan diýen biridi. Ibn Sagdyň gürrüň bermegine görä, Hysrow Perwiz Pygamberiň mukaddes hatyny ýyrtanyndan soňra Bazana: «Hijazdaky şu adamyň ( ýagny,Allahyň Resulynyň) ýanyna iki sany daýaw adamy ýolla. Maňa ondan habar getirsinler» diýip hat ýazypdyr. Olhem iki adamyň üsti bilen Allahyň Resulyna ( s.a.w.) bir hat ýollapdyr. Bazanyň hatyny buiki adam Muhammet alaýhyssalama eltip berenlerinde, ol ýylgyrypdyr we gorkudan ýaňa sandyrap duran bu iki ilçini yslam ýoluna girmäge çagyryp: «Hojaýynyňyza hat ýazyp duýduryň: meniň Rebbim onuň Rebbi bolan kysrany bu gijäniň ýedinji sagadynda öldürjekdir» diýipdir. Hysrow Perwiz dogrudan hem şol gije ogly Şirweýh tarapyndan öldürilipdir.

Zühriniň gürrüň berýän rowaýaty bolsa biraz başgaçarakdyr. Onuň aýtmagyna görä, Hysrow Perwiz Bazana: «Eşidişime görä, kuraýyşdan biri pygamberlige dalaş edýärmiş. Özüň onuň ýanyna git. Bu dawasyndan ýüz öwürmese, kellesini kesip, maňa ýolla» diýip ýazypdyr. Bazan Hysrowyň hatyny Muhammet alaýhyssalama iberipdir. Pygamberimiz (s.a.w.) jogabynda: «Beýik we gudratly Hak Jenabymyz Hezretleri kysrany pylan aýyň pylan gününde öldürjekdigine maňa wada etdi» diýip ýazanmyş.