56 Ýapragyny dökmeýän hurma agajyny Allahyň Resulynyň (s.a.w.) kämil musulmana meňzetmegi
عَنْ ابْنِ عُمَرَ رضي الله عنه قَالَ: قَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (إِنَّ مِنْ الشَّجَرِ شَجَرَةً لا يَسْقُطُ وَرَقُهَا ، وَإِنَّهَا مَثَلُ الْمُسْلِمِ ، فَحَدِّثُونِي مَا هِيَ ). فَوَقَعَ النَّاسُ فِي شَجَرِ الْبَوَادِي قَالَ عَبْدُ اللَّهِ: وَوَقَعَ فِي نَفْسِي أَنَّهَا النَّخْلَةُ ، فَاسْتَحْيَيْتُ ، ثُمَّ قَالُوا: حَدِّثْنَا مَا هِيَ يَا رَسُولَ اللَّهِ ؟ قَالَ: (هِيَ النَّخْلَةُ).
Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Agaçlaryň arasynda ýapragy düşmeýän bir görnüşi bar. Ol agaç kämil musulmana meňzeýär. Ol haýsy agaç? Aýdyň!» diýdi».
Bu ýerde oturanlar sährada bitýän agaçlary sanamaga başladylar. Onuň hurma agajydygy ýadyma düşse-de, aýtmaga utandym. Şondan soňra: «Ýa Allahyň Resuly, bize aýt, ol haýsy agaç?» diýip soradylar.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Hurma agajydyr» diýip jogap berdi1.
1Bu jümlede göçme many hem bolup, ol hurma agajynyň her bir zadynyň bir iş üçin peýdalydygyny we şonuň üçin hem onuň mydama peýda berip durýandygyny hem aňladýar.