55 Täretini kemter alanlary Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýazgarmagy
عَنْ عَبْدِ اللَّهِ بْنِ عَمْرٍو رضي الله عنه قَالَ: تَخَلَّفَ عَنَّا النَّبِيُّ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ فِي سَفْرَةٍ سَافَرْنَاهَا ، فَأَدْرَكَنَا - وَقَدْ أَرْهَقَتْنَا الصَّلاةُ - وَنَحْنُ نَتَوَضَّأُ، فَجَعَلْنَا نَمْسَحُ عَلَى أَرْجُلِنَا ، فَنَادَى بِأَعْلَى صَوْتِهِ: ( وَيْلٌ لِلاعْقَابِ مِنْ النَّارِ ). مَرَّتَيْنِ أَوْ ثَلاثًا.
Abdullah ibn Amr ibn As (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek sapara çykanymyzda, Allahyň Resuly (s.a.w.) bizden yza galyp, soňra hem yzymyzdan ýetipdi. Şol wagt namaz wagty girip, biz täret alyp otyrdyk. Biz aýaklarymyzy mesh eden ýaly edip, az suw bilen ýuwmaga başladyk. Allahyň Resuly (s.a.w.) bu ýagdaýy görüp, iň gaty sesi bilen iki ýa-da üç gezek1: «Jähennemde ýanjak ökjeleriň halyna gynanýaryn!» diýip seslendi»2.
1«Iki ýa-da üç gezek» diýip şübhelenen Abdullah ibn Amrdyr.
2Müslimiň ilkinji bolup beýan eden rowaýatlarynyň birinde aýdylyşyna görä, bu Mekgeden Medinä dönmek üçin edilen sapardy. Wagty gelen namaz hem ikindi namazydy. Käbirleri düşelge ýerine baryp-barman, howlukmaçlyk bilen täret almaga başlapdyrlar. Aralarynda ökjeleri yslanmadygy ýokmuş. Müslim öz rowaýatynda Pygamberiň (s.a.w.) bu duýduryşyndan soňra: «Täreti kemçiliksiz alyň» diýip beren nesihatyny hem getirýär.