530 Kunut dogasynyň okalýan wagty we namazdaky ýeri

Başy » WITIR NAMAZY KITABY » 530 Kunut dogasynyň okalýan wagty we namazdaky ýeri

     عَنْ أَنَسٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّهُ سُئِلَ أَقَنَتَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ فى الصُّبْحِ ؟ قَالَ: نَعَمْ فَقِيلَ: أَوَ قَنَتَ قَبْلَ الرُّكُوعِ ؟ قَالَ: قَنَتَ بَعْدَ الرُّكُوعِ يَسِيراً.

 

Enes (ibn Mälikden) (r.a): «Allahyň Resuly (s.a.w.) ertir namazynda kunut1 dogasyny okadymy?» diýip soradylar2. Ol hem: «Hawa» diýdi. Ýene ondan: «Kunut dogasyny rukuwdan öňürti okadymy?» diýip soradylar. Ol hem: «Az wagtlap onu rukuwyň yzyndan hem3 okady» diýip jogap berdi.

 

1 Bu hadysy Müslim bilen Ebu Dawut hem öz kitaplarynda beýan edipdirler.

Ibn Esiriň «Nigäh» atly kitabynda aýdylyşyna görä, «kunut» sözüniň köp manysy bar:

1. Dindar, ýagny Allaha tabyn, boýun egýän adam.

2. Pespällik (huşuw) . Namazda kunut pespällik manysyny aňladýar.

3. Doga. Biziň bilýän kunut dogamyz ýaly.

4. Namaz okaýan kişi.

5. Ybadat.

6. Namazda kyýam.

7. Diňe kyýamda durup namaz okamak. Şeýle hem «kunut» sözi «pespälli, gullar, soltanlar, kyýamda köp aýat okaýan kişi»manylaryny hem aňladyp bilýär.

8. Dymmak.

Bu hadysy-şerifdäki «kunudyň» doga manysyny aňladýandygy ikinji soragdan we jogapdan aňlanylýar.

2 Bu ýerde Enese (r.a) sorag bilen ýüz tutan adamyň kimdigi mälim edilmese-de, bu hadysyň «SahyhyMüslimdäki» nusgasyna görä, rawy Muhammet ibn Siriniň: «Enesden soradym» diýmegine bakylsa, sorag beren onuň özibolup çykýar.

Muhammet ibn Siriniň ýolundan gelip ýeten bu hadysda kunut dogasynyň rukuwdan soňra okalandygy aýdylsa-da, mundan soňra geljek 531-nji hadysda onuň rukuwdan öňürti okalyp, diňe bir aý töweregi wagtlap rukuwdan soňra okalandygynyň beýan edilmegi bu ýerdäki: «Az wagtlap» jümlesiniň özboluşly düşündirişiniň wezipesini ýerine ýetiripdir.

Ymam Şapyga görä, kunut dogasy, şu hadysy-şerifde aýdylyşy ýaly, rukuwdan soň, ymam Mälige görä bolsa, yzdaky 531-nji hadysda beýan edilişi ýaly, rukuwdan öňürti okalar. Ertir namazynda-da, witir namazynda-da kunut dogasynyň rukuwdan öňhem, soňhem okalandygyna degişli bu iki rowaýatyň (ýagny 530-njy we 531-nji rowaýatlaryň) ikisiniňhem ygtybarlydygy üçin, ýokardaky taraplar bularyň haýsy hem bolsa birini delil tutunyp, diňe öz garaýyşlarynyň dogrudygyny hem aýdyp bilmeýärler. (445-nji hadysyň düşündirişlerine-de seret). Ertir namazynda kunut dogasyny okamak babatda aýdylanda bolsa, ol barada bu hadysda agzalyp, 531-nji hadysda agzalmaýar. 445-nji hadysyň düşündirişinde beýan edilişine görä, bu, ymam Şapygynyň we ymam Mäligiň düşünjesi boýunça, sünnetdir. Mysal üçin, ymam Şapygy dört çaryýarlaryň dördüsiniňhem ertir namazynda kunut dogasyny okandyklaryny gürrüň beripdir. Ebu Hanife bilen Abdullah ibn Mübärege görä bolsa, ertir namazynda kunut dogasyny okamak sünnet däldir. Ymam Yshak ibn Rahuýabolsaduşman gorkusy, mergi keseliniň ýaýramagy ýaly, musulmanlaryň hemmesini ynjalykdan gaçyrjak bela-beterler ýüze çykanda, ymamlaryň ertir namazynda kunut dogasyny terk etmezlikleriniň sünnetdigi hakdaky pikiri öňe sürýär. Witir namazynyň soňky rekagatynda-da kunut dogasyny okamak sünnetdir. Ýöne ymam Şapyga we ymam Mäligiň belli sözlerine görä, diňe remezan aýynyň ikinji ýarymynda sünnetdir. Kufeli ymamlara, ymam Ahmede, Sufýan Söwrä, Abdullah ibn Mübärege we Yshak ibn Rahuýa görä, ýylyň hemme gijelerinde witir kunuty bardyr. Ebu Hanifä görä, bu wajypdyrhem. Şapygy mezhebiniň ymamlaryndan Ebu Abdullah Zebidi, Ebu Welit Nisabury, Ebu Fazl ibn Abdan we Mansur ibn Myhran ýaly alymlarhem witir kunutyny tutuş ýylyň dowamynda okamagyňsünnetdigini aýdypdyrlar. Hezreti Omaryň, hezreti Alynyň we Hüseýin ibn Alynyň (Allah olardan razy bolsun!) witir namazynda kunut dogasyny okandyklary hakda Ebu Şeýbäniň «Musannef», Beýhakynyň «Sünen», Ebu Leýlanyň «Müsned» atly kitaplarynda köpsanly rowaýatlar bar. Dört çaryýarlaryň hemmesiniňhem witir namazynda kunut dogasyny okandyklaryny Darakutny, şonuň ýaly-da, Beýhaky «Sünen» atly kitabynda beýan etselerhem, olaryň rowaýatlaryny kemli hasaplapdyrlar. Remezan aýynyň ikinji ýarymynda kunut dogasyny okamak barada-da rowaýat kän. Tirmiziniň takyklamagyna görä, hezreti Aly (r.a) diňe remezan aýynyň ikinji ýarymynda kunut dogasyny okap, ony hem rukuwdan soňa goýar eken. Ymam Şapygy bilen Ahmet ibn Hanbalyňhem bu mesele babatdaky pikirleri şunuň ýalydyr.

Ertir namazynda kunut dogasyny okaýan ymama uýan kişi oňa eýerermi ýa-da eýermezmi? Ymam Ebu Hanifä görä, eýermez. Ymam Şapygy bilen ymam Ebu Ýusuba görä, eýerer. Ymam Mälige görä, kunut dogasyny okaýan kişi ellerini galdyrmaz. Ymam Şapyga görä bolsa, el galdyrmak mustahapdyr.