529 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) düýäniň üstünde okan witir namazy. Haýwanyň üstünde okalan namazyň hökümi

Başy » WITIR NAMAZY KITABY » 529 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) düýäniň üstünde okan witir namazy. Haýwanyň üstünde okalan namazyň hökümi

    وَعَنْهُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُمَا قَالَ: إنَّ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ كَانَ يُوتِرُ عَلَى الْبَعِيرِ.

 

  Abdullah ibn Omaryň (r.a): «Allahyň Resuly (s.a.w.) düýäniň üstünde oturan ýerinde-de witir namazyny okardy»1 diýendigi rowaýat edilipdir.

 

1 Sagyt ibn Ýesäriň ýolundan gelen bu hadys Buharynyň kitabynda has jikme-jik beýan edilýär. Ol ýerde Sagyt şeýle diýýär: «Abdullah ibn Omar (r.a) bilen birlikde Mekgeýi-Mükerremäniň ýoly bilen gije sapar edýärdik. Ol: «Ertir namazynyň wagty ýakynladymyka?» diýip aladaly seslenende,men düýämden düşüp, witir namazyny okap bolanymdan soň,onuň yzyndan ýetdim. Ol: «Nirede bolduň?» diýip sorady. Men: «Ertir namazynyň wagty girermikä diýip gorkdum-da, ýere düşüp, witir namazyny okadym»diýenimde, ol: «Allahyň Resuly (s.a.w.) seniň üçin gözel bir nusga dälmi?» diýip sorady. Men: «Wallahy,gözel bir nusgadyr» diýenimden soň, ol: «Allahyň Resuly (s.a.w.) düýäniň üstünde oturan ýerinde-de witir namazyny okardy» diýdi».

Bu hadys Aly bilen Ibn Apbasyň (Allah olardan razy bolsun!) atlaryndanhem beýan edilipdir.

Buharynyň ýene Ibn Omaryň (r.a) adyndan we Nafynyň ýolundan beýan edip, Zebidi tarapyndan, näbelli bir sebäbe görä, terk edilen hadysybolsa has giňişdir. Bu ikinji hadysda Ibn Omar (r.a): «Allahyň Resuly (s.a.w.) saparda wagtynda ulagynyň, ýagny münýän düýesiniň üstünde oturan ýerinde, düýesiniň haýsy tarapa öwrülenine üns bermän, namaz okardy. Parz namazlardan beýleki gije namazlaryny üm bilen okardy. Witir namazyny-da düýesiniň üstünde oturan ýerinde okardy» diýipdir.

Bu hadys, şonuň ýaly-da, onuň öň ýanynda beýan edilen hadys Dahhagyň: «Mysapyr witir namazyny okamaga borçly däldir» diýen sözüni ýalana çykaryp, saparda-da witir namazyny okamagyň şerigat kanunlarynyň biridigini subut edýärler.

Şeýle hem sapar wagtynda ulagyň üstünde we ulag haýsy tarapa öwrülse-de, oňa üns bermän, nepil namazyny okamaga rugsat berilýär. Diňe parz namazyny gysgaltmaga rugsat berilmeýän (ýagny gysga aralyga edilen) saparda ulagyň üstünde nepil namazyny okamaga rugsat berilýändigi ýa-da berilmeýändigi barada jedel ýüze çykypdyr. Käbirleri gysga aralyga edilen saparda-da, uzak aralyga edilen saparda-da beýle etmäge rugsat berilýändigini aýdýarlar. Ymam Mälik bolsa namazyň gysgaldylmagyna rugsat berilmeýän saparda ulagyň üstünde namaz okalmajakdygyny aýdypdyr. Kuduwrynyň aýtmagyna görä, şäheriň daşynda bolan kişi ulagynyň üstünde oturan ýerinde nepil namazyny okap biler. Ýöne Ebu Hanifäniň we Ebu Ýusubyň adyndan gürrüň berlişine görä, diňe mysapyryň ulagyň üstünde nepil namazyny okamagyna rugsat berlipdir. Şeýle bolsa-da, has ygtybarly bir söze görä, mysapyr bolsa-da, bolmasa-da, şäheriň daşyna ulagly çykan kişi ulagynyň üstünde nepil namazyny okap biler. Hanefileriň jedeli diňe şäherden näçe uzaklykda muňa rugsat berilýändigi baradadyr. Käbir alymlaryň pikirine görä, bu rugsat şäherden iki ýa-da üç parsah uzaklaşan adam üçindir.

Şonuň ýaly-da, «Parz namazlaryndan başga ...» diýlip, ýörite nygtalmagyna görä, bir zerurlyk bolmazdan, parz namazlary ulagyň üstünde okamak dogry däldir. Degerli bahanasy (üzüri) bar kişi beýle edip biler. Meselem, bir adam saparda wagty ýagyş ýagyp, namaz okap bolaýjak gury ýer galmadyk ýagdaýynda, ol münüp oturan haýwanynyň üstünde kybla garşy bakyp, üm bilen namaz okar. Ol haýwanyny gymyldatman durzup bilse, kybla tarap bakyp namaz okar, oňa güýji ýetmese-de, namazda kybla bakmak onuň üçin şert bolmagyny bes eder. Ýöne bu sejdeedende ýüzi batjak derejede ýer batga bolanda şeýledir. Beýle oňaýsyzlyk ýok mahalynda, batga-da bolsa, ýerde namaz okar. Garakçylaryň üstüňe dökülmek gorkusy-da, hassalyk-da, haýwandan gorkmak hem, haýwandan düşeninden soňra ýene oňa mündürjek adamy bolmadykgoja kişiniň kuwwatsyzlygy-da parz namazyny ulagyň üstünde okamak üçin ýerlikli bahanadyr (üzürdir). «Muhyt» kitabynda açyklanmagyna görä, şunuň ýaly ýagdaýlarda ulagyň üstünde namaz okalar we üzür aradan aýrylanyndan soň, ony gaýtadan okamak hem gerek bolmaz. Sünnet namazlary hem nepil hökmündedir. Diňe ymam Ebu Hanifä görä, ertir namazynyň sünnetini okamak üçin ýere düşmelidir. Sebäbi bir rowaýata görä, Ebu Hanife ony wajyp hasaplaýar we oturyp okamak bolmajakdygyny aýdýar. Ymam Şapygy bilen ymam Ahmede görä-de, ertir namazynyň sünneti wajyp bolmasa-da, witirden has müýekketbir sünnetdir.

Bu iki hadysy-şerif witir namazynyň wajypdygy bilen ylalaşmaýanlaryň salgylanýan delillerindendir. Bulara görä, witir wajyp bolmany üçin,ulagyň üstünde okalypdyr we sapar wagtynda parz namazlarynyň terk edilmeýşi ýaly, munuňam terk edilmändiginden görnüşine görä, beýleki sünnet namazlaryndan has müýekketdir. Ata ibn Ebu Rebah bilen Hasan Basrynyň, Salym ibn Abdullahyň, Nafynyň, Mälik bilen Şapygynyň, Ahmet ibn Hanbal bilen Yshak ibn Rahuýanyňhem düşünjeleri şonuň ýaly bolup, olaryň hemmesi-de saparda ulagyň üstünde witir namazynyň okalyp bilinjekdigini aýdypdyrlar. Diňe ymam Mälik beýle etmäge parz namazyny gysga okamak bolýan sapar mahalynda rugsat beripdir. Ymam Ewzaýy bilen ymam Şapygy bolsa saparyň gysgasy bilen uzagynyň arasynda parh goýmandyrlar. Zahyrylardan Ibn Hazm sapar mahalynda dik durup hem, oturyp hem, şonuň ýaly-da,üzürli halda-da, üzürsiz halda-da ulagyň üstünde witir namazynyň okalyp bilinjekdigini aýdypdyr.

Muhammet ibn Sirine, Ybraýym Nahaýa, Ebu Hanifä, Ebu Ýusup bilen Muhammet ibn Hasana görä, witir namazy, edil parz namazy ýaly, diňe ýeriň üstünde okalyp bilner. Ibn Ebu Şeýbäniň «Musannef» atly kitabynda we Tahawynyň kitabynda bu hadysyň rawysy Abdullah ibn Omar bilen onuň hormatly kakasy Omar ibn Hattabyň (Allah ikisinden hemrazy bolsun!) düýeden aşak inip, ýerde witir namazyny okandyklary barada rowaýat bar. Ymam Söwri bolsa: «Parz bilen witiri ýerde oka. Witir namazyny ulagyň üstünde okasaňhem zyýanyýokdur» diýipdir. Bu jedel witir namazynyň wajypdygy ýa-da däldigi hakdaky höküme esaslanýar. Witir namazynyň wajypdygy bilen ylalaşmaýanlar Ibn Omaryň (r.a) witir namazyny ýerde okandygyna degişli rowaýaty öz pikirlerine garşygelýändelil hasap etmeýärler. Olaryň pikirine görä, Ibn Omaryň (r.a) bu hereketi has gowy bolanyny saýlap alandygyny görkezýärmiş. Çünki witir namazyny-da, beýleki nepil namazlary-da ýerde okamagyň has gowudygy hakda jedel ýok.