528 Gije namazlarynyň soňy witir bolmalydyr

Başy » WITIR NAMAZY KITABY » 528 Gije namazlarynyň soňy witir bolmalydyr

عَنِ ابْنِ عُمُرَ رَضِيَ الله عَنْهُمَا قَالَ: قَالَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (اجْعَلُوا آخِرَ صَلاَتِكُمْ بِاللَّيْلِ وَتْراً ).

 

Abdullah ibn Omar (r.a) Allahyň Resulynyň (s.a.w): «Şeýle ediň, ýagny,gijesine okaýan namazyňyzyň ahyry witir bolsun»1diýendigini rowaýat edipdir.

 

1 Bu hadysy-şerif 295-nji hadysyň bir bölegidir. Mundan witir namazyny soňa goýmagyň mustahapdygy aňlanylýar. Beýle etmegiň hikmeti-de (dogrusyny bir Allah biler) gije wagty okalan namazlaryň birinjisiniňhem, iň soňkusynyňhemtäk rekagatly bolmagydyr. Gijäniň ilkinji namazy, ýagny parz bolan agşam namazy täk rekagatly bolansoň, gije tagatynyň ahyrynyň-da başyna meňzemegi üçin täk rekagat bilen tamamlanmagy has ýerliklidir. Gije düşmegi bilen birlikde täk rekagatly bir namaz bilen ybadata başlamakda nähili ylahy syr bar bolsa, gije ybadatyny täk rekagatly namaz bilen tamamlamakda hem şonuň ýaly syr bardyr. Amallaryň ilkinjisiniň we iň soňkusynyň aralykdakylardan has ähmiýetlidigi:  وَأَقِمِ الصَّلَاةَ طَرَفَيِ النَّهَارِ وَزُلَفًا مِنَ اللَّيْلِ=«We akymyssaläte tarafeýinnehäri we zülefen minelleýli» (golaý manysy: «Gündiziň iki ujunda, gijäniňhem ilkinji sagatlarynda namaz oka...» ( «Hud» süresiniň 114-nji aýatyndan)) aýaty-kerimesinden we Jabyryň (r.a) adyndan biraz mundan öň beýan edilen hadysdaky: «Gijäniň ahyry şaýatlydyr» diýen sözlerden hem görünýär. Ýöne witir namazyndan soňratehejjüde galkan kişi: «Bir gijäniň içinde iki witir bolmaz» diýen gadagan etmä laýyklykda, witir namazyny gaýtadan okamaz.

Hanefi mezhebiniň alymlary gürrüňini edýän bu hadysy-şeribimizden witir namazynyň wajypdygy hakda hem netije çykarmak isläpdirler. Mysal üçin, tefsirçi Aýny bu ýerdäki: «Şeýle ediň!» diýen emriň bu namazyň wajypdygynyaňlatman, onuň diňe bir çagyryşdygynyaýdýanlara garşy çykyp, Ebu Hanifäniň düşünjesini tassyklaýan ähli sözleri bir ýere jemläpdir. Ýöne onuň wajypdygy bilen ylalaşmaýanlar bu hadysda witir namazynyň, wajyp däldikleri jedelsiz bolan, gije namazlarynyň arasynda ýatlanmagyna ünsi çekip, başy wajyp bolmadyk bir namazyň ahyrynyň hem wajyp bolmajakdygy barada netije çykarýarlar. Şonuň ýaly-da, olar Büreýde ibn Husaýbyň (r.a) gürrüň beren hadysyndaky: «Kimde kim witir namazyny okamasa, bizden däldir» diýen sözlerden Aýnynyň witir namazynyň wajypdygy barada netije çykarmagy bilen ylalaşman, ol sözlere: «Sünnetimize amal edenlerden däldir» manysyny berýärler. Şoňa laýyklykda, witir namazynyň wajypdygy hakdaky höküm ýene durnukly bir hala gelmän, çaklama häsiýetli bolmagynda galýar.

Şu ýerde hormatly Ahmet Naimiň terjimesini we düşündirişlerini çapa taýýarlan Kämil Miras hem bellik hökmünde bu mesele barada öz garaýşyny beýan edipdir. Ol şeýle ýazýar: «Terjimeçi ýokarda: «Witir bir Allahyň hakydyr...» hadysynyň senedindäki Ebu Münip Ubaýdylla ibn Abdullah Atakynyň rawy hökmünde, Buharynyň pikirine görä, ygtybarly däldigini aýdypdy. Tefsirçi Aýny öz kitabynda Buharynyň bu pikirini Ebu Hatamyň inkär edendigini we Ebu Münibiň gowy hadysçydygy barada şaýatlyk sözlerini aýdandygyny onuň ogly Ibn Ebu Hatamyň adyndan beýan edipdir. Soňam Ibn Muýynyň: «Ebu Münip ygtybarlydyr» diýendigini Hakimiň sözleri arkaly mälim edýär. Buharynyň döwürdeşlerinden we iň atly hadysçylardan biri bolan Ebu Hatam bilen Ibn Muýynyň bu aýdanlary terjimeçiniň saýlap alan çeşmelerinden bolan «Tehzib» we «Hulesa» atly kitaplarda-da beýan edilipdir.

Şol sebäpli hem witir namazynyň wajypdygy hakdaky hökümi terjimeçiniň çaklama derejesinde goýmagy asla dogry däldir. Ol Aýnynyň iň möhüm delillerinden biri bolan hadysyny, ýagny Büreýde ibn Husaýbyň (r.a) ýap-ýaňy ýatlanylan hadysyny dolulygyna beýan hem etmändir. Bu hadysy-şeribiň Ebu Dawudyň kitabyndaky doly metini şeýledir: «Witir bir Allahyň hakydyr. Witir namazyny okamadyk bizden däldir. Witir bir Allahyň hakydyr. Witir namazyny okamadyk bizden däldir.Witir bir Allahyň hakydyr. Witir namazyny okamadyk bizden däldir». Ine, Hakimiň öz «Müstedrek» atly kitabynda ygtybarlydygy aýdylan bu hadysy-şerifdäki: «Witir bir Allahyň hakydyr» jümlesine tefsirçi Aýny: «Witir kesgitli bir wajypdyr» manysyny berýär. Bu hökümini hem: «Witir namazyny okamadyk bizden däldir» diýen ýowuz wada bilen delillendirýär. Hakykatdanhem şeýle görnüşde aňladylan ýowuz wadalar diňe parzyň ýa-da wajybyň terk edilmegi bilen baglanyşdyrylyp bilner. Hususanhem bu hökümiň we bu ýowuz wadanyň Allahyň Resulynyň (s.a.w) tarapyndan üç gezek gaýtalanmagy: «Witir namazyny okamadyk bizden däldir» jümlesine: «Sünnetimiz bilen amal etmeýänler bizden däldir» diýen ýaly many bermäge asla ýol goýmaýar. Aýny bu pikirini beýleki ynamdar rowaýatlar bilenhem berkidipdir.

Rawy hezreti Büreýdäniň Bedir söweşinden başlap, Allahyň ýolunda alnyp barlan ähli söweşlerde Allahyň Resulynyň (s.a.w) ýanyndan aýrylmadyk sahaba bolmagy bu hadysa aýratyn bir gymmat we ähmiýet berýär. Mundanhem başga, Ebu Dawut bilen Nesaýynyň-daöz kitaplarynda Ebu Eýýup Ensarynyň adyndan: «Witir namazy Allahyň her bir musulman üçin borç bolup duran hakydyr...» hadysyny beýan etmekleri hem Aýnynyň nukdaýnazaryna aýratyn bir güýç berýär.

Kazy Ebu Tyýp bilen Ebu Hamydyň: «Wajyp höküminde Ebu Hanife ýalňyzdyr. Ymamlaryň hiç biri onuň pikirine goşulmandyr» diýen sözleri Aýnynyhashem ynjalykdan gaçyrypdyr. Ol bulara jogap berip şeýle diýýär: «Ýokardaky hadyslara we mysal getirilen delillere esaslanyp, ymam Ebu Hanife bilen birlikde Abdullah ibn Mesgut, Huzaýfa, Ybraýym, Nahaýy, ymam Şapygynyň şyhy Ýusup ibn Halyt dagy hem witir namazynyň wajypdygyny ykrar edipdirler. Ibn Ebu Şeýbe hem Sagyt ibn MuseýýepbilenEbu Ubaýda ibn Abdullah ibn Mesgudyň şu düşünjä eýerendiklerini aýdypdyr. «Musannef» kitabyndaky bir ygtybarly rowaýatda Müjähidiňhem şu pikire eýerendigi beýan edilipdir».

Hadysda witir namazynyň wajyp bolmadyk gije namazlarynyň arasynda agzalmagyndan onuň wajyp däldigi hakda many çykaryljak bolunmagy hem geň galdyrýar. Olaryň bilelikde agzalmagy diňe bir wagtda okalýandyklary bilen baglanyşyklydyr. Belli bir wagt aralygynda ýerine ýetirilýän amallar barada olaryň ýerine ýetirilýän wagty esasynda nädip höküm çykaryp bolar?»