527 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) witir namazyny okaýşy hakda

Başy » WITIR NAMAZY KITABY » 527 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) witir namazyny okaýşy hakda

   وَعَنْهَا رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا قَالَتْ: كُلَّ اللَّيْلِ أَوْتَر رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ، وَانْتَهَى وِتْرُهُ إِلَى السَّحَرِ.

 

  Musulmanlaryň enesi hezreti Äşe (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) witir namazyny gijäniň islendik wagtynda1 okardy. Gijäniň ahyrynda okan witir namazynybolsa säher wagtyna çenli dowam ederdi»2.

 

1 Bu hadysyň arapça metinindäki «kullelleýli» jümlesi şu ýerde terjime edilişi ýaly: «Gijäniň islendik wagtynda» diýen manyny berip bilşi ýaly, «her gije» manysyna hem eýe bolup bilýär. Allahyň Resulynyň (s.a.w) witir namazyny okan wagtyna degişli habara bu manylaryň ikisini birlikde bereňde-de,hakykatdan daş düşülmez. Ol parahatçylykly günlerde-de, saparda-da, sag wagtynda hem, näsag wagtynda hem witir namazyny okamagy terk etmeýşi ýaly, ýassy namazyndan soňra tä daň atýança gijäniň dürli wagtlarynda-da witir namazyny okapdyr. Ýöne bu ýerdäki jümläniň kömegi bilen hezreti Äşäniň (r.a) terjimedäki manyny aňlatmak isländigini hadysyň Müslimiň kitabyndaky nusgasy hem görkezýär. «SüneniEbu Dawut» kitabynda Mesrukyň adyndan beýan edilen rowaýatda hezreti Äşäniň aýdýan sözlerindenhem şol many gelip çykyp, diňe şol ýerde Allahyň Resulynyň (s.a.w) jennete göç etmeziniň öň ýanlarynda witir namazyny säher wagtyna ýakynlaşdyryp okamagy endik edinendigi has açyk bildirilýär.

2 Bu hadysy-şerifden witir namazynyň ýassy namazyndan soňra gijäniň islendik böleginde okalyp bilinjekdigi aňlanylýar. Allahyň Resulynyň (s.a.w) witir namazyny gijäniň başynda we ortasynda okamagy,şeýle etmäge rugsat berilýändigini görkezmek isländigi bilen baglanyşykly bolup, ony gijäniň soňuna çenli yza çekmeginiň-de, belli bir wagtda ukudan oýanjakdyklaryna ynamybolan adamlarşeýle etseler,has gowy boljakdygyny maslahat bermek üçin bolmagynyň mümkindigi kelläňe gelýär.«SahyhyMüslim» kitabynda Jabyryň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda Allahyň Resuly(s.a.w): «Gijäniň ahyrynda ukudan oýanyp bilmezmikäm diýip gorkan kişi witir namazyny gijäniň başynda okasyn. Gijäniň ahyrynda ukudan oýanyp biljekdigine ynamy bar kişi hem ony gijäniňahyrynda okasyn. Sebäbi gijäniňahyryndaky namaz şaýatlydyr»diýýär. Bu ýerdäki «şaýatlydyr» sözüni rawy Ebu Mawyýa: «Okalan wagtynda rehmet perişdeleri häzir bolar» diýip düşündiripdir. Hezreti Äşäniň (r.a) adyndanhem şunuň ýaly manyly bir hadysyň gelip ýetendigini tefsirçi Aýny habar berýär.

Bir rahatsyzlygy bolan kişi witir namazyny gijäniň başyndahem okap biler.Eger ol birden gijäniň ýarynda oýanaýsa, witir namazyny şol wagtokamagynyň hem zyýany ýok.. Ýöne, her näme-de bolsa, Allahyň Resuly (s.a.w.) ömrüniň ahyrynda witir namazyny säher wagtynyň öň ýanynda okamagy gowy görüpdir. Ymam Mäligiň pikirine görä, witir namazyny sähere golaý yza çekmek mustahapdyr. Irki musulmanlaryň bularyň ikisini hem edendiklerine degişli rowaýatlar bar. Mysal üçin, Ebu Bekr, Osman, Ebu Hüreýre we Rafyibn Hüdeýs (Allah olardan razy bolsun!) hezretleri witir namazyny gijäniň başynda okanlaryň arasynda ýatlanylýar. Omar ibn Hattap, Aly ibn Ebutalyp, Ibn Mesgut, Ebu Derda, Ibn Apbas, Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun!) hezretleri-de witir namazyny gijäniň ahyrynda okamagy gowy görüpdirler. Buharynyň düşündirişleriniň arasynda beýan edilmegine görä, Ebu Hüreýre (r.a): «Allahyň Resuly (s.a.w.) witir namazyny uklamazymdan öňürti okamagymy maslahat berdi» diýipdir. Pygamberimiz (s.a.w) Ebu Hüreýrä (r.a) bu maslahaty bermek bilen,belki, ukynyň üstün çykmagyndan häzir bolmalydygyny ýatlatmak isländir. Ýogsam gije ukudan oýanmaga güýji ýetýän kişiniň witir namazyny gijäniň ahyrynda okamagynyň has sogaplydygy şübhesizdir.

Şeýlelik bilen witir namazy parz bolmasa-da, yhlas bilen okalmaly namazlaryň biridir. Allahyň Resulynyň (s.a.w) gijelerine witir namazyny okamagy üçin hezreti Äşäni (r.a) ukudan oýarandygy 312-nji hadysda beýan edilipdi. Diýmek, witir namazyny okamak erkek adamlara-da, zenanlara-da degişli bolşy ýaly, Allahü tagalanyň: «Maşgalaňa namaz okamagy emr et...» («Tahaa» süresiniň 132-nji aýaty) diýmegine laýyklykda,oýa bolanlaryň ukudakylary oýarmagyny zerur edýän derejede müýekket bir ybadatdyr.