526 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gije namazy

Başy » WITIR NAMAZY KITABY » 526 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gije namazy

     عَنْ عائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا: أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ   وَسَلَّمَ ، كَانَ يُصَلِّى إحْدَى عَشْرَةَ رَكْعَةً ، كَانَتْ تِلْكَ صَلاَتَهُ ، تَعْنِي بِاللَّيْلِ ، فَيَسْجُدُ السَّجدَةَ مِنْ ذَلِكَ قَدْرَ مَا يَقْرَأُ أَحَدُكُمْ خَمْسِينَ آيَةً قَبْلَ أَنْ يَرْفَعَ رَأْسَهُ ، وَيَرْكَعُ رَكْعَتَيْنِ قَبْلَ صَلاَةِ الْفَجْرِ ، ثُمَّ يَضْطَجِعُ عَلَى شِقِّهِ الأَيْمَنِ ، حَتَّى يَأْتِيهُ الـمُؤَذَّنُ لِلصَّلاَةِ.

 

 (Musulmanlaryň enesi hezreti Äşäniň (r.a) adyndan Urwa ibn Zubaýr şeýle rowaýat edipdir: «Musulmanlaryň enesi maňa şeýle habar berdi)1: «Allahyň Resuly (s.a.w.) on bir rekagat namaz okardy2. Namazy (musulmanlaryň enesi gije namazyny göz öňünde tutýar), ine, şeýledi. Ol namazlarda biriňiziň elli aýat okap biljek wagtyňyza çenli başyny galdyrman sejde ederdi we ahyrynda ertir namazynyň öňünden iki rekagat namaz okap, sag ýanyna gyşarardy-da, azançy namaza çagyrmak üçin gelýänçä,bu bolşuny üýtgetmezdi»3.

 

1 Hadysyň şu ýere çenli bolan bölegi Buharynyň kitabyndaky metine görä terjime edildi. Zebidiniň «Tejridindäki»jümle has gysgadyr.

2 Buhary ýa bu hadysa, ýa-da ygtybarly hadys bolan 591-nji hadysdaky: «Allahyň Resuly (s.a.w.) ne remezan aýynda, ne-de başga zamanda gijesine on bir rekagatdan artyk namaz okamazdy» diýen sözlere bakyp, witir namazynyň iň köp bolanda on bir rekagat bolup biljekdigi bilen ylalaşypdyr. Şol sebäpli, onuň pikirine görä, arasynda salam bermezden, täk bir yhram (başlangyç) tekbiri bilen bilkastlaýyn has köp, meselem, on üç rekagat namaz okanyň ähli rekagatlary, her iki rekagatda salam berip, gije namazyny okanyňhem altynjy yhram tekbiri bilen okan iki rekagat namazy biderek (batyl) bolar. Unudyp ýa-da bilmän şeýle eden bolsa, onda okan namazy witirhem, tehejjüt hem däl-de, umuman nepil namazy bolar. Ýöne ýokarda ýatlanylyp geçilen 141-nji hadysda we şu ýerdäki terjimä esas bolup hyzmat eden hadysyň «SüneniEbu Dawut» kitabynda we Tahawynyň kitabynda ygtybarly hökmünde beýan edilen nusgasynda on bir diýmegiň ýerine on üç diýlipdir. Şapygy mezhebiniň alymlarynyň köpüsi on üç rekagat namaz hökmünde gürrüňi edilen namazyň ilkinji iki rekagatynyň ýassy namazynyň sünnetidigini aýtsalarhem, Newewi bilen Sübki witir namazyny on bir rekagat bilen çäklendirmeýärler. Newewi on üç rekagatdan söz açylýan rowaýatyňhem ygtybarlydygyna bakyp, şapygy mezhebiniň alymlarynyň esasy köplüginiň pikirini esassyz hasaplaýar. Sübki hem: «On üç rekagat edip okamakda zyýan görmeýärin. Ýöne Allahyň Resulynyň (s.a.w) köplenç ýagdaýda on bir rekagat edipokandygyna görä, on bir rekagat edipokamagy saýlap alýaryn» diýipdir. Hakykatdanhem «SahyhyMüslim» kitabynda hezreti Äşäniň (r.a) adyndan beýan edilen weon üç rekagatly namazdan söz açylýan rowaýatlar derňelip görülse, olaryň diňe birinde: «Allahyň Resuly (s.a.w.) gijelerine on üç rekagat namaz okap, diňe ahyrky rekagatda teşehhüde oturyp, bulardan bäş rekagat bilen witirini ýerine ýetirerdi» diýlip, bu on üç rekagatyň hemmesi birlikde gije namazy atlandyrylyp, olaryň bäş rekagatynyň witir namazy hökmünde okalandygy aýdylýar. Başga bir hadysda-da hezreti Äşe (r.a):«Ertir namazynyň iki rekagat sünneti bilen birlikde on üç rekagat namaz okardy» diýýär. Ebu Dawut bilen Nesaýynyň öz kitaplaryna girizen hadysynda-da ol: «On üç rekagat namaz okardy, ýagny ilkibaşda sekiz rekagat okap, soňra bir rekagat witir namazyny okardy. Soňra oturan ýerinde iki rekagat namaz okap, oturyp okan bu iki rekagatynda rukuwa barmak islände,aýak üstüne galyp, rukuw ederdi. Soňra ertir namazynyň azany bilen kamatynyň aralygynda iki rekagat namaz okardy» diýýär. Hezreti Äşe (r.a) başga ýoldan gelen iki rowaýatynda bu sözleri aýtman: «Dik durup, dokuz rekagat namaz okap, olary witir hökmünde ýerine ýetirerdi» diýipdir. Onuň adyndan beýan edilen başga bir hadysda: «Remezan aýynda-da, başga wagtlarda-da on üç rekagat namaz okardy. Ertir namazynyň iki rekagat sünneti hem şolaryň arasyndady»;şonuň ýaly-da,Ebu Dawudyň kitabyndaky hadysda: «On rekagat bilen bir rekagat witir namazyny okardywe soňra ertir namazynyň iki rekagatyny ýerine ýetirerdi. On üç rekagat, ine, şulardyr» diýilýär. Bu hadyslar hem hezreti Äşä (r.a) degişlidir.

On üç we on bir rekagat namaz hakda aýdylanlar şulardyr. Allahyň Resulynyň (s.a.w) has az mukdarda okan gije namazlary babatda aýdylanda bolsa, «SüneniEbu Dawut» kitabynda ýene musulmanlaryň enesi Äşäniň (r.a) adyndan beýan edilen hadysda: «Gije on üç rekagat namaz okardy. Soň-soňlar bu namazy on bir rekagat edip okamaga başlap, soňra ondanhem iki rekagaty kemip ugrady. Ahyrynda, ýagny mübärek we päk ruhuny Allaha tabşyrmagynyň öň ýanlarynda gije namazyny mydama dokuz rekagat edip okardy. Gije namazynyň ahyry witirdi» diýlişi ýaly, ýene şol kitapdaky we Nesaýynyň «Sünen» atly kitabyndaky bir rowaýata görä, hezreti Äşe (r.a) Allahyň Resulynyň (s.a.w) gije namazyndan söz açyp, Sagt ibn Hyşama: «Witir namazyny sekiz rekagat bilen birlikde okap, diňe sekizinji we dokuzynjy rekagatlarda oturardy hem-de diňe dokuzynjy rekagatda salam bererdi. Soňra oturan ýerinde iki rekagat namaz okardy. Ine, on bir rekagat! Oglum, soňra ol ýaşy gaýdyşyp, mübärek göwresi agralanyndan soň, ýedi rekagatly witir namazyny okap, diňe altynjy we ýedinji rekagatlarda oturmaga hem-de diňe ýedinji rekagatda salam bermäge, ondan soňra hem oturan ýerinde iki rekagat namaz okamaga başlady. Ine, oglum, bu hem dokuz rekagat boldy» diýýär. Tirmiziniň kitabynda musulmanlaryň enesi ÜmmiSelemäniň (r.a) adyndan: «On üç rekagatly witir namazyny okardy. Ýaşy gaýdyp, güýçden gaçanyndan soň, ýedi rekagatly edip okamaga başlady» hadysy beýan edilipdir.

Bäş rekagatly namaz hakda-da Tirmiziniň kitabynda hezreti Äşäniň (r.a) adyndan beýan edilen bir hadys bolup, onda: «Allahyň Resulynyň (s.a.w) gije namazy on üç rekagatdy. Olaryň bäş rekagatyny witir namazy hökmünde okardy we diňe bäşinji rekagatda oturardy. Azançy azan aýdanyndan soňhem gysgajyk edip iki rekagat namaz okardy» diýlipdir. Nesaýy hem bu hadysy şu görnüşde, ýöne başga bir ýoldan beýan edipdir. Nesaýynyň kitabynda musulmanlaryň enesi ÜmmiSelemäniň (r.a) adyndan ýerleşdirilen hadysda-da: «Allahyň Resuly (s.a.w.) käte bäş we käte ýedi rekagat witir namazyny okap, rekagatlaryň arasyny salam bilenhem, kelam bilen hem bölmezdi» diýlip, Tirmiziniň kitabynda-da şeýle manydaky bir hadys bar.

Allahyň Resulynyň (s.a.w) bir we üç rekagat bilen witir namazyny okandygy hakda-da känsanly rowaýatlar bar. Olaryň käbiri ýokarda mysal getirilipdi. Diňe Nesaýynyň hezreti Äşäniň (r.a) adyndan beýan eden rowaýatynda witir namazynyň başky iki rekagatyndan soňrasalam berilmändigi habar berilýär. Eger üç rekagatly witir namazynyň ikinji rekagatyndan soňraAllahyň Resulynyň (s.a.w) teşehhüde oturandygy beýan edilen bolaýanlygynda, bu hanefi mezhebiniň alymlary üçin güýçli bir delil boljakdy. Tefsirçi Aýny witir namazy yzyna goşulan gije namazlarynyň hemmesini hezreti Äşäniň (r.a) witir atlandyrandygyny, ýöne bu namazlaryň diňe üç rekagatynyňwitir namazy bolup, öňündäkileriň nepil namazlarynyň hilindendigini aýtmak bilen,öz uýýan mezhebiniň dogrudygyna yşarat edýär.

3 Müslimiň kitabynda bu rowaýat: «Azançy ertir namazynyň azanyny aýdyp dymanyndansoň,Allahyň Resuly (s.a.w.) mübärek nazaryna daň atandygy äşgär görnensoň, habar bermek üçin azançy hem geleninden soň, ýerinden turup, gysgajyk iki rekagat namaz okap, soňra azançy kamaty habar bermek üçin gelýänçä, mübärek sag ýanynyň üstüne gyşaryp ýatardy» görnüşinde berlipdir. Hadysyň bu nusgasyndan azançynyň iki gezek, ýagny azan aýdyp bolanyndan soňranamaz wagtynyň girendigini, şonuň ýaly-da, kamat getirmezden ozal namaza başlamagyň wagtynyň bolandygyny habar bermek üçin gelendigini we Allahyň Resulynyň (s.a.w) onuň şu gelişleriniň aralygynda gysgajyk iki rekagat namaz okap, sag ýanyna gyşaryp ýatandygyny aňlamak bolýar. Munuň şeýledigini tassyklaýan köpsanly rowaýatlara görä, ertir namazynyň sünnetini gysga edip okamak hem sünnetdir.

Ertir namazynyň sünnetinden soň sag ýanyňa gyşarmagy käbir alymlar mendup hasaplapdyrlar. Ymam Mälik bu pikir bilen ylalaşmandyr. Sebäbi onuň döwründe Medinäniň halky munuň bilen amal etmändir. Hanefi mezhebiniň alymlary hem bu babatda onuň bilen bir hörpden gopupdyrlar. Sag ýanyňa gyşaryp ýatmagy mendup hasaplamaýanlar Allahyň Resulynyň (s.a.w) bu hereketini gijäniň ukusyzlygyndan we ybadatyň agyrlygyndan ýaňa tapdan gaçan göwresine biraz dynç bermek islän bolmagynyň mümkindigi bilen düşündirmekçi bolýarlar. Köpsanly rowaýatlarda witir namazyndan soňra okalandygy aýdylýan iki rekagat namazlaryň hemmesi ertir namazynyň sünnetidir. Diňe Nesaýynyň kitabynda Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen iki sany hadysda witir namazyndan soňra we ertir namazynyň sünnetinden öňürti aýratyn bir iki rekagat namazyň okalandygy aýdylýar.