525 Witir namazynyň okalýan wagty we okalyş aýratynlygy

Başy » WITIR NAMAZY KITABY » 525 Witir namazynyň okalýan wagty we okalyş aýratynlygy

     عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِيَ الله عَنْهُمَا: أَنَّ رَجُلاً سَأَلَ رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ ، عَنْ صَلاَةِ اللَّيْلِ فَقَالَ رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ:( صَلاَةُ اللَّيْلِ مَثْنَى مَثْنَى ، فَإذَا خَشِيَ أَحَدُكُمُ الصُّبْحَ صَلَّى رَكْعَةً وَاحِدَةً تُوترُ لَهُ مَا قَدْ صَلَّى).

 

(Abdullah) Ibn Omar (r.a) şeýle diýipdir: «Biri1 Allahyň Resulyndan (s.a.w) gije okaljak nepil namazynyň näçe rekagat edilip okalmalydygyny sorady. Ol: «Gije okalýan nepil namazy iki-ikidendir2. Araňyzdan biri ertir namazynyň wagty girendir öýdüp şübhelense, şobada3bir täk rekagatly namaz okar4. Bu täk rekagat öňki okan rekagatlaryny täkleşdirer»diýdi»5.

 

1 Tabaranynyň «MugjemiSagyr» atly kitabynda bu sowaly beren adamyň Ibn Omaryň (r.a) özüdigi aýdylýanhem bolsa, ýokarda geçen 295-nji hadysda sowalyň,Allahyň Resuly (s.a.w.) hutba okap durka, başga bir adam tarapyndan berlendigi beýan edilýär. Şonuň ýaly-da, bu hadysyň Abdullah ibn Şakyk tarapyndan beýan edilen nusgasynda Ibn Omaryň (r.a): «Biri sorady. Menhem şol wagt Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen sorag bereniň aralygyndadym» diýip, ahyrynda-da: «Bir ýyl soňra men ýene şol ýerdekäm biri gelip, şol bir soragy berdi. Bu ikinji soranadamyň öňki adamdygyny ýa-da başga biridigini bilmeýärin» diýýär. Nesaýynyňhem şol bir ýoldan beýan eden rowaýatynda bu soragy bereniň çölde ýaşaýan çarwalaryň biridigi aňladylýar. Şeýle hem Muhammet ibn Nasr Merweziniň ýokarda ýatlanyp geçilen «Ahkämülwitir» atly kitabynda: «Çarwa araplaryň biri gelip sorady» diýilýär. Şu getirilen mysallardan bu soragy Ibn Omaryň(r.a) däl-de, başga biriniň berendigi aýdyň bolýar.

2 Iki-ikiden okamak diýmek her iki rekagatda bir salam bermegi aňladýar. Mysal üçin, Müslimiň kitabynda ýerleşdirilen rowaýatda rawy Ukba ibn Huraýs: «Ibn Omardan: «Iki-ikiden diýildigi näme bolýar?» diýip soradym. Olhem: «Her iki rekagatdan soňrasalam berersiň» diýip jogap berdi» diýýär. Gije we gündiz okalýan nepil namazlarynda iki rekagatda bir gezekmi ýa-da dört rekagatda bir gezek salam bermegiň has gowudygy hakda alymlaryň eden jedelleri hakda 295-nji hadysyň düşündirişlerinde gürrüň edilipdi. Umuman iki rekagatdan soňrasalam bermegi has gowy görenleriň delili Ibn Omaryň (r.a) adyndan beýan edilen şu hadysyň käbir nusgalarynda: «Gije we gündiz namazlary iki-ikidendir» diýen sözleriň bolmagydyr. Bu hadysy dört sany «Sünen» kitaplarynyň eýeleriniň (Ebu Dawut, Tirmizi, Nesaýy, Ibn Maje): «... we gündiz» goşmaçasy bilen beýan edişleri ýaly, ony Ybraýym Narbyöz kitabynda Ebu Hüreýräniň (r.a),hapyz Ebu Nugaým hem «Taryhy Yspyhan» atly kitabynda hezreti Äşäniň (r.a) adyndan şol sözler we şol goşmaça bilen aňladypdyrlar. Ýöne bu hadysy Ibn Omaryň (r.a) adyndan beýan eden hapyzlaryň bu goşmaçadan ýüz öwrendikleri üçin, hadysçy ymamlaryň pikirine görä, ol ygtybarsyz hasap edilýär. Hatda Nesaýy bu goşmaçanyň ýalňyşdygy barada hem netije çykarýar.

Ebu Hanifäniň gije okalýan nepil namazlarynda dört rekagatdan soňrabir gezek salam bermegi saýlap almagy «SüneniEbu Dawut» kitabynda hezreti Äşäniň (r.a) adyndan beýan edilen: «Allahyň Resuly (s.a.w.) ýassy namazyny jemagat bilen okardy, maşgalasynyň arasyna dolanyp, dört rekagat namaz okanyndan soňra-dadüşegine geçerdi» hadysy;Ahmet ibn Hanbalyň «Müsned» atly kitabynda Abdullah ibn Zubaýryň (r.a) adyndan ýerleşdirilen: «Allahyň Resuly (s.a.w.) ýassy namazyny okanda, onuň daşyndan ýene dört rekagat namazhemokap, bir rekagat bilen namazyň rekagatlaryny täkleşdirerdi we ondan soňky gije namazyny okamaga ýaramak üçin, uka giderdi» hadysy bilen bir hörpden gopýar. Ýöne sahabalaryň ikisiniňhem rowaýatlarynda Allahyň Resulynyň (s.a.w) bu dört rekagatyň arasyny salam bilen bölendigi ýa-da bölmändigi barada hiç zat aýdylmandygyndan başga-da, hezreti Äşäniň (r.a) bu ýerde gürrüňini edýän dört rekagat namazy bu hadysyň Müslimiň kitabynda Abdullah ibn Şakygyň ýolundan beýan edilen nusgasynda iki rekagat hökmünde ýatlanypdyr. Aslynda Allahyň Resulynyň (s.a.w) gije namazlarynda okan rekagatlarynyň sany hakda hezreti Äşeden(r.a) gelip ýeten rowaýatlarda dürli-dürli maglumatlar berlipdir. Munuň şeýle bolmagyna käte rawylaryň ýalňyşlyk goýbermekleri sebäp bolsa-da, hezreti Äşäniň (r.a) käte Allahyň Resulynyň (s.a.w) köplenç eden, käte seýrek eden, käte-de wagtyň giňligine ýa-da darlygyna görä eden hereketlerini habar bermegi we bu ýagdaýlary takyklamazlygy hem bu tapawutlaryň ýüze çykmagyna getiripdir.

Ebu Hanife bilen onuň mezhebine uýýanlaryň gündiz okalýan nepil namazlaryny dört rekagat edip okamagy saýlap almaklaryna Ibn Omaryň (r.a) hadysyndan çykarylan netijeleriň gapma-garşy bolmaklarynyň sebäp bolşy ýaly, Mugazabinti Abdullah bilen Amranyň bu babatdaky rowaýatlary hem olaryň nukdaýnazaryny tassyklaýarlar. «SahyhyMüslim» kitabynda ýerleşdirilen rowaýata görä, MugazaAllahyň Resulynyň (s.a.w) guşluk (duha) namazyny näçe rekagat edip okandygy baradaky sorag bilen hezreti Äşä (r.a) ýüzlenipdir. Ol hem: «Dört rekagat edip okardy. Ondan soňra isledigiçe rekagaty üstüne goşardy» diýip jogap beripdir. «MüsnediEbu Ýagla» kitabynda hem Mugazanyň bu hadysy ýerleşdirilip, onuň ahyrynda: «Namazlaryň aralaryny hiç bir söz bilen bölmezdi» diýen goşmaçanyň bolşy ýaly, hezreti Äşäniň (r.a): «Allahyň Resuly (s.a.w.) guşluk (duha) namazyny dört rekagat edip okardy, aralaryny hiç bir söz bilen bölmezdi» diýendigini Amranyňeşidendigi hem habar berilýär. Ýöne rowaýatlaryň ikisinde-de dört rekagatyň aralaryny Allahyň Resulynyň (s.a.w) salam bilen bölendigi ýa-da bölmändigi hakda anyk bir zat aýdylmaýar. Şonuň üçinhem salamy namazda söz sözlemegiň bir görnüşi hasaplaýmasaň, olar ynandyryjy bir delil bolup bilmezler.

Her näme-de bolsa, irki alymlaryň rekagatlaryň arasyny salam bilen bölmek ýa-da bölmezlik baradaky jedelleri beýdilmegine rugsat berilýändigi ýa-da berilmeýändigini anyklamagy maksat edinmekleri bilen baglanyşykly bolman, haýsyny edeniňde sogaby köp gazanyp boljakdygy hakdadyr. Ýogsam, Allahyň Resulynyň (s.a.w) nepil namazlaryny dört rekagat edip we aralaryny salam bilen bölmän okandygy hakdaky hadyslaryň arasynda ygtybarlylarynyň bolşy ýaly, onuň dört rekagatyň arasyny salam bilen bölendigi hakda gürrüň berýän hadyslaryňhem ygtybarlylary bar. Diňe Allahyň Resulynyň (s.a.w) nepil namazlaryny iki rekagatdan soňrasalam bermek arkaly okandygy hakdaky rowaýatlarhas köp ýoldan gelip ýetipdirler. Gije okalýan nepil namazynyň iki-ikiden okalmalydygy hakda Allahyň Resulynyň (s.a.w) beren jogaby sorag beren adam üçin bu namazy okamagyň aňsat düşmegini isländigi we iki rekagatdan az edilip okalan ýagdaýynda,nepil namazynyň ýerine düşmejekdiginiaňlatmakçy bolandygy bilen baglanyşyklydyr. Diňe witir namazynyň bir rekagat edilip okalyp bilinjekdigi we bilinmejekdigi biraz yzrakdaky düşündirişlerden belli bolar (295-nji hadysa we düşündirişlerine-de seret).

3 Mundan witir namazynyň wagtynyň daň atmagy bilen tamamlanýandygy hakda netije çykarypdyrlar. Ýöne Nafynyň Ibn Omaryň (r.a) adyndan beýan eden bir sözi witir namazynyň wagtyny has açyk beýan edýär. Ibn Omar (r.a) bir gezek Nafa: «Gije namazyny okamakçy bolan kişiniň soňky namazy witir bolsun. Sebäbi Allahyň Resuly (s.a.w.) şeýle etmegi emr ederdi. Ertir namazynyň wagty gireninden soň, gije-namazy-da, witir-de—hemmesi gider» diýipdir. Ebu Dawut bilen Nesaýynyň kitaplaryna girizilen bu rowaýat Ebu Awakanyň we beýlekileriň kitaplarynda sahyh (ygtybarly) rowaýat hökmünde beýan edilipdir. «SahyhyIbn Huzaýma» atly kitapda-da Ebu Sagyt Hudrynyň adyndan beýan edilen merfuw rowaýatda: «Kimde kim witir namazyny okamanka ertir namazynyň wagtynyň girendigini bilse, şondan soňraonuň üçin witir namazy ýokdur»diýlipdir. Ýöne «SüneniEbu Dawut» kitabynda ýene şol bir Ebu Sagydyň (r.a) adyndan beýan edilen: «Kimde kim witir namazyny okamagy unutsa, ýa-da ony okamanka uklap galsa, ony ýatlan wagty derrew okabersin»diýen merfuw hadysa bakylsa, bäş wagtyň parz namazlary ýaly, witir namazyny hem kaza etmeli boljak. Diýmek, mundan öňki rowaýatdaky kesgin höküm witir namazy bilkastlaýyn terk edilip, ondan soňra okalsa, gaýtadan okalan namazyň hasabyna geçmejekdigi bilen baglanyşyklydyr.

Käbirleri-de bu hadysdaky: «Ertir namazynyň wagty girendir öýdüp şübhelense» jümlesinden: «Witirden öňürti jübüt rekagatly namaz okamak bilen meşgul bolan kişi, namazynyň dowamy hökmünde täk bir rekagaty onuň üstüne goşsun» diýen manyny çykarypdyrlar. Bu many, witir namazy üçin niýetiň şert däldigine görä, dogry bolar. Irki alymlaryň bir topary-da,ertir namazynyň wagtynyň girmegi bilen witir namazynyň öz wagtynyň çykyp, zerurlyk ýüze çykandabolsa, bu wagtyňertir namazyna durulýança dowam etjekdigini aýdypdyr. Mäligiň, Şapygynyň, Ahmet ibn Hanbalyň pikirleriniňhem şunuň ýaly bolandygyny Kurtubybelläp geçýär. Ibn Mesgut, Ibn Apbas, Ubada ibn Samyt, Huzaýfaibn Ýeman, Ebu Derda we hezreti Äşe (Allah olardan razy bolsun!) dagy hem şeýle düşünjede bolanmyşlar. Ýöne bu pikir ymam Şapygynyň başky pikiridir. Tawus: «Beýle ýagdaýda witiri ertir namazyny okap bolanyndan soňra okar» diýipdir. Ebu Söwr, Ewzaýy, Hasan Basry, Leýs ibn Sagt: «Gün dogan bolsa-da, ýene witir namazyny okar» diýipdirler. Ýöne Hasan Basrynyň: «Gün doganyndan beýläk witir namazy okalmaz» diýenhem bir sözüniň bardygy rowaýat edilýär. Şagba, Mekhuwle we Sagyt ibn Jubaýragörä bolsa, ertir namazyndan soňra witir namazy okalmaz.

4 Bu hadysyň başga köp ýollardan gelen nusgalarynda: «Namaz okar» diýmegiň ýerine: «Namaz okasyn» diýlipdir. Müslimiň kitabyndaky nusgada-da şeýledir. Buharynyň kitabyndaky başga bir ýoldan gelen nusgada-da: «Gije okalýan nepil namazyndan çykmak isläňde, bir rekagat oka. Goý, ol öňki okanlaryňy täkleşdirsin» diýlip emr edilipdir. Mundan witir namazyndan soňrahiç hili namaz okalmajakdygy hakda netije çykarylypdyr. Mysal üçin, biraz yzda geljek 528-nji hadysda bu pikir has hem açyk aňladylypdyr. Şonuň ýaly-da, bu meseläniň iki tarapy barada alymlaryň arasynda jedel ýüzeçykypdyr. Birinjiden, witir namazyny okan adamyň şol oturan ýerinde iki rekagat namaz okamagynyň şerigata uýgundygy hakda sorag ýüze çykypdyr. Alymlaryň birnäçesi Müslimiň kitabynda hezreti Äşäniň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda Allahyň Resulynyň (s.a.w) witir namazyndan soň, oturan ýerinde iki rekagat namaz okandygy hakda aýdylanyndan çen tutup, beýle etmäge rugsat beripdirler we 528-nji hadysdaky emri daň atyp barýarka okalan witir namazyna degişli hasaplapdyrlar. Beýle etmäge rugsat bermedik alymlar bolsa Allahyň Resulynyň (s.a.w) okan bu iki rekagat namazynyň ertir namazynyň sünnetidigini aýdypdyrlar. Ikinjiden, witir namazyny okanyndan soňratehejjüt namazyny okamak islän kişi, ilki witiri okamak bilen çäklenip, soňra ondan aýratyn şekilde isläniçe nepil namazyny okamalydygy ýa-da ilki bilen iki rekagat namazyň yzyndan bir rekagathem okap, olary täkleşdireninden soň, isläniçe nepil namazyny okamalydygy hakda hem dürli pikirler orta atylypdyr. Beýle edilende, öňki okan witir namazy güýjüni ýitirip, ony täzeden okamaly boljakmy? Alymlaryň esasy köplügi witir namazyny öňürti okamagyň tarapdary bolup, tehejjüt namazynyň öňünden okalan witir namazynyň öz güýjüni ýitirmejekdigini aýdypdyrlar. Sebäbi beýle netijä gelinmedik ýagdaýynda, Nesaýynyň we Ibn Huzaýmanyň kitaplarynda Talk ibn Alynyň (r.a) adyndan beýan edilen: «Bir gijäniň içinde iki witir bolmaz» hadysy-şeribine garşy gidildigi bolardy. Witir hökmünde okalmadyk täk rekagat bilen nepil namazyny okamagyň bolýandygyny aýdanlar bolsa,witir namazyny olardan soňra okamagy ýerlikli hasaplasalar-da, täk rekagat bilen nepil namazyny okamagyň gadagandygy hakdaky umumy garaýşa görä, ýa bu hili nepil namazlaryndan öňürti witir namazy okalmadyk bolup çykar ýa-da bir gijäniň içinde iki gezek witir namazyny okamaly däldigi hakdaky höküme garşy gidildigi bolar.

Şonuň ýaly-da, bu hadysy-şerifde: «Bir täk rekagatly namaz okar» diýilmeginden witir namazynyň täk rekagatynyň öňünden salam bermek arkaly namazyň arasyny bölmegiň has gowudygy hakda netije çykarypdyrlar. Beýle edilmegine garşy bolan yrakly fykyhçy alymlar bolsa bu sözleriň namazyň arasyny bölmegi aňladýandygy bilen ylalaşmaýarlar. Ýöne Buharynyň kitabyndaky bu hadysyň yz ýanyndan Nafynyň adyndan bir hadys beýan edilip, onda: «Witirde täk rekagat bilen öňündäki iki rekagatyň aralygynda salam bererdi. Hatda arasynda käbir işleriň edilmegi barada hem buýruk bererdi»diýilýär. Başga bir rowaýatda Abdullah ibn Omar iki rekagat namaz okanyndan soň: «Oglanjyk, biziň münýän düýämizi häzir et» diýýär we şondan soňraýerinden turup, bir rekagat namaz okaýar. Şonuň ýaly-da, Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen 141-nji hadysda onuň öz daýzasy, musulmanlaryň enesi Meýmüwnäniň (r.a) öýünde myhman bolup galyşy we Allahyň Resulynyň (s.a.w)hemşol gije bu ýerde bolup, alty gezek iki rekagat-iki rekagatdan namaz okanyndan soň, ahyrynda bir rekagatda salam berendigi hakda aýdylýar. Bu hem witir namazynyň bir rekagatdan ybaratdygyna örän güýçli bir delildir. Ýöne täk rekagatly namazaAllahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan: «Egsik, kesik, jotda» ýaly bir many berýän «büteýraa» ady berlip, ony okamagyň gadagan edilendigine degişli bir sözhem Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a) adyndan beýan edilýär. Täk rekagat namazy witir hasap edenler, öz düşünjelerine laýyk gelýän köpsanly rowaýatlaryň bardygyna bakyp, büteýraa namazy hakdaky gadagançylygyň witirdenbaşga namazlara degişlidigi hakda höküm çykarypdyrlar.

5 Bäş wagtda okalýan parz namazlaryndan soňra gije okalýan täk rekagatly bir namazyň ady «witir» bolup, ony okamagyň sogabynyň örän uludygy hakda «Sahyh» we «Sünen» atlandyrylan köpsanly kitaplarda hadysy-şerifler beýan edilipdir. Mysal üçin, «SüneniEbu Dawut» bilen «SüneniTirmizi» atly kitaplarda Haryjaibn Huzafanyň (r.a) adyndan beýan edilen merfuw hadysda: «Allahü tagala siz üçin bu dünýäden we ol dünýäden has haýyrly bolan bir namaz bilen size ýardam beripdir. Bu witir namazydyr. Hak Jelle we AglaHezretleri bu namazy ýassy bilen daň atmagynyň aralygynda okamagy siz üçin kanunlaşdyrandyr»diýilse, Ebu Dawudyň we Nesaýynyň kitaplarynda Ebu Eýýup Ensarynyň (r.a) adyndan gelip ýeten bir hadys ýerleşdirilip, onda: «Witir namazy Allahyň her bir musulman üçin borç bolup duran hakydyr. Şundan beýläk witir namazyny bäş rekagatly edip okamak isleýän, goý, şeýle etsin, üç rekagatly edip okamak isleýän üç rekagatly edip okasyn, bir rekagatly edip okamak isleýän bir rekagatly edip okasyn»diýlipdir. Şonuň ýaly-da, Büreýde ibn Husaýbyň (r.a): «Witir bir Allahyň hakydyr. Witir namazyny okamadyk bizden däldir» diýen merfuw hadysyny Ebu Dawut özüniň «Sünen» atly kitabyna girizen bolsa-da, hadysyň rawylar zynjyryna (senedine) girýän rawy Ubaýdylla ibn Abdullah Ataky,Buharynyň we Nesaýynyň pikirine görä, onçakly ynamdar däldir.

Bu hadyslaryň we hususan hem Haryjanyň (r.a) gürrüň beren hadysynyň manysyna bakylsa, witir namazyny wajyp hasaplamaly bolar. Mysal üçin, Ebu Hanifäniň mezhebi şonuň ýalydyr. Haryjanyň bu hadysy: «Allahü tagala (bäş wagt namazlaryndan başga) artykmaç ýene bir namazy hem emr edipdir. Ine, ol witir namazydyr» görnüşde hem gelip ýetensoň,hanefileriň mezhepbaşysy bu namazyň wajypdygy barada höküm çykarypdyr.

Şapygy mezhebiniň alymlary bolsa Haryjanyň gürrüň beren hadysyndaky «ýardam» we «artykmaç» diýen sözlerdenhem, şonuň ýaly-da, Ebu Eýýup bilen Büreýdäniň (Allah olardan razy bolsun!) gürrüň beren hadyslaryndaky: «Witir bir Allahyň hakydyr» jümlesindenhem bu namazyň wajypdygy barada many çykarmaga:حَافِظُوا عَلَى الصَّلَوَاتِ وَالصَّلَاةِ الْوُسْطَى وَقُومُوا لِلَّهِ قَانِتِينَ   = «Haafizuw alessalewäti wessalätil-wüstä we kuwmuw lillähi kaanitiýne» (golaý manysy: «Parz bolan namazlary, aýratyn hem orta namazy şertleri bilen pugta tutup, dowamat okaň we doly tabynlyk görkezip, Allahyň huzurynda duruň»(«Bakara süresiniň 238-nji aýaty)) aýaty-kerimesiniň mümkinçilik bermeýändigini aýdýarlar. Olar bäş wagtdaky parz namazlaryndan başga witir hem parz edilen bolsa, onda parz namazlaryň sany alta ýetip, orta namaz diýen bir namazyň galmajagyna ünsi çekýärler. Sebäbi orta namazyň bolmagy üçin parz namazlaryň sanynyň täk bolmagy zerur. Şoňa laýyklykda, witir namazynyň Allahyň haky bolmagy şerigat hökümleriniň dilinde wajyp diýmek däldir. Witir namazynyň wajypdygy bilen ylalaşmaýanlar onuň wajypdygyny ret edýän beýleki hadyslara-da esaslanýarlar. Mysal üçin, Ebu Dawut, Tirmizi we Nesaýy öz kitaplarynda hezreti Alynyň (keremallahu wejheh) adyndan: «Witir namazy parz namazlary ýaly kesginlik bilen emr edilen bir namaz däldir. Ol şeýle bir namaz bolup, Allahyň Resuly (s.a.w.) ol hakda: «Allah witirdir, ýagny birdir, täkdir we witiri gowy görýändir. Şeýle bolansoň, eý, ähli-Kuransizhem witir namazyny okaň»diýdi» hadysyny beýan edipdirler. Ibn Omaryň, Ibn Mesgudyň we Ibn Apbasyň (Allah olardan razy bolsun!) adyndanhem şu manydaky rowaýatlar gürrüň berlipdir. Şonuň ýaly-da, «Muwatta» atly kitapda we Ebu Dawudyň, Nesaýynyň kitaplarynda ýerleşdirilen rowaýata görä, bir adam Şamda ensarylardan Bedir söweşine gatnaşan Ebu Muhammet künýesi bilen belli bolan biriniň: «Witir wajypdyr» diýendigini eşideninden soň, Ubada ibn Samytdan (r.a) bu mesele barada sorapdyr. Ol hem: «Ebu Muhammet ýalňyşypdyr. Allahyň Resulynyň (s.a.w): «Allahyň öz gullary üçin parz eden namazlary bäşdir. Kimde kim bulary ýerine ýetirip, haklaryna (başgaça aýdylanda parzlaryna) kembaha garaman, hiç birini terk etmese, Allahü tagala ony jennete girizer ýaly, Allahyň ýanynda bir ähdi bolar. Kimde kim bulary ýerine ýetirmese, Allahyň ýanynda hiç bir ähdi bolmaz. Allah islese, ony jezalandyrar, islese jennete salar»diýendigini eşitdim» diýipdir. Şu kitapdaky 43-nji we 57-nji hadyslarhem witir namazyny parz hasaplamaga garşy gelýärler (bu iki hadysa seret). Ýöne taraplaryň nukdaýnazarlary beýle bir gapma-garşylykly häsiýete hem eýe däldir. Ebu Hanife hezretleriniň wajyby parz bilen sünnetiň aralygyndaky bir hökümdir. Beýlekileriň pikirine görä bolsa wajyp bilen parz bir manyny aňladyp, witir namazy hem sünneti-müýekkede bolany üçin, taraplaryň bu babatdaky hökümleri biri-birine örän ýakynlaşýar.

Fykyhçy alymlaryň witir namazy baradaky jedelleri diňe bir onuň wajypdygy ýa-da däldigi bilen baglanyşykly meseläniň daşyna egrilmeýär. Allahyň Resulynyň (s.a.w) gijelerine okan nepil namazlary hakdaky rowaýatlaryň köp bolmagy sebäpli,olarda öz-özünden ýüze çykan gapma-garşylyklar fykyhçy alymlaryň arasynda jedelleriň ýüze çykmagyna getiripdir. Fykyhçy alymlaryň ünsüni başga hiç bir namazyň witir namazy ýaly özüne çekmeýşi ýaly, başga hiç bir mesele barada şeýle köp jedel edilmändir. Hadysçy ymamlaryň iň ulularynyň biri bolan Muhammet ibn Nasr Merwezi bu babatdaky rowaýatlary we jedelleri bir ýere jemlemek üçin «Kitäbi-ahkämi-witir» atly ýörite bir eserhem ýazypdyr. Ebu Musa Medini bilen Hatyp Bagdadynyňhem bu meselä degişli ýörite kitaplary bar. Witir namazy hakda jedel edilmegine sebäp bolan meseleler şulardyr:

1. Witir namazy wajypmy?

2. Ol näçe rekagat?

3. Niýet şertmidir?

4. Kyragatdawitire mahsus bir süre barmy?

5. Witir namazynyň öňünden bir şefg, ýagny jübüt rekagatly bir namaz okamak şertmi?

6. Wagtynyň ahyry haýsy zamandyr?

7. Sapar wagtynda ulagyň (münülýän haýwanyň) üstünde okalyp bilnermi?

8. Kaza edilermi?

9. Içinde kunut okalarmy?

10. Kunut hökmünde haýsy doga okalar?

11. Ähli rekagatlary aralarynda salam berilmän okalarmy ýa-da salam berlip okalarmy?

12. Witir namazyndan soňraiki rekagat sünnet namazy barmy?

13. Ahyrky kagdadan (oturyşdan) başga kagdasyýa-da kagdalarybarmy?

14. Wagtynyň başy haçan?

15. Nepil namazlarynyň iň gowusymydyr ýa-da umuman sünnet namazlary, ýa bolmasa, ertir namazynyň sünneti bolan iki rekagat ondan has haýyrlymy?

Bu jedelli meseleler barada bu ýerdäki hadyslaryň düşündirişlerinde, inşallah, gürrüň ederis.

            «Witir» sözüniň «täk» diýmegi aňladýandygyna we nepil namazyny täkleşdiren rekagatyň-da ahyrky rekagatdygyna görä, diňe soňky rekagaty witir atlandyrmagyň dogry boljagy barada höküm çykaranlar: «Witir namazy bir rekagatdyr we onuň öňünden näçe rekagat okalsa-da, hemmesi jübütdir» diýselerhem, hanefi mezhebiniň alymlaryna görä, witir namazy öň ýanyndaky jübüt rekagat bilen birlikde üç rekagatdyr we üç rekagatdan artyk bolmaz. Hanefi mezhebiniň alymlarynyň bu babatdaky iň güýçli delilleri Ibn Mesgudyň (r.a) adyndan gürrüň berlen: «Gije okalýan witir namazy üç rekagatdyr» hadysy bilen (295-nji hadysa seret) Ibn Omaryň (r.a) adyndan gürrüň berlen başga bir hadysdyr. Şol hadysda Ukba ibn Müslim witir namazyny nähili edip okamalydygy baradaky sorag bilen Ibn Omara ýüz tutýar. Ol hem: «Gündiz okalýan witir namazyny bilýärmiň?» diýip, soraga sorag bilen jogap berýär we Ukba: «Hawa, ol agşam namazydyr» diýeninden soňra: «Dogry» diýip seslenýär. Ol şeýle diýmek bilen agşam namazynyň üç rekagat bolşy ýaly, gije okalýan witir namazynyň-da üç rekagatdygyny aýtmak isläpdir. Allahyň Resulynyň (s.a.w) witir namazynda «Agla» bilen «Käfirun» we «Yhlas» bilen «Falak» hem «Insan» süreýi-şeriflerini okandygy hakda Ubaý ibn Kagbyň (r.a) adyndan bir rowaýat hem gelip ýetipdir. Nesaýynyň kitabynda bu mesele bilen baglylykda Abdyrahman ibn Ebzel Huzaýynyň adyndan beýan edilen rowaýata görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) namazyň ahyrynda gaty sesi bilen: «Sübhanel-melikil-kuddus» diýeninden soň, salam berer eken. Ýöne Ebu Hüreýräniň (r.a) adyndan gelip ýeten: «Witiri üç rekagat edip okamaň. Ýa bäş, ýa ýedi rekagat edip okaň. Witiri agşam namazyna meňzetmäň» rowaýaty-da bardyr. Witir namazyny agşam namazyna meňzetmezligiň hikmeti Allahyň parz eden emirlerini beýlekilerden tapawutlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Hanefi mezhebinden bolmadyk alymlar witir namazynyň üç rekagatdygy hakdaky hadyslar bilen witiri agşam namazyna meňzetmezlik baradaky hadyslary ylalaşdyrmak üçin, witiriň bir rekagathem, üç rekagathem, bäş rekagathem, ýedi rekagathem bolup biljekdigini aýdýarlar. Mysal üçin, witir namazynyň bir rekagatdygy barada Äşäniň, Ibn Omaryň, Jabyryň, Abdullah ibn Apbasyň, Fadl ibn Apbasyň; üç rekagatdygy barada Alynyň, Hüseýiniň, Äşäniň, Ibn Apbasyň, Ebu Eýýubyň, Ubaý ibn Kagbyň; bäş rekagatdygy barada Äşe bilen Ebu Eýýup Ensarynyň; ýedi rekagatdygy barada Ümmü Seleme bilen Äşäniň (Allah olardan razy bolsun!) atlaryndan rowaýatlaryň gelip ýetişi ýaly, onuň dokuz we on bir, hatda on üç rekagatdygy barada-da rowaýatlar bar. Ýöne ol üç rekagat edilip okalanda, agşam namazynyň parzyna meňzemezi ýaly, ikinji rekagatda kagdaoturmaly däldir we bir teşehhüt bilen salam berilmelidir. Ýöne witir namazynyň bir rekagatdygyny kabul eden mälikiler gürrüňini edýän hadysymyzdaky: «Öňki okan rekagatlaryny täkleşdirer» diýen sözleriň manysyna esaslanyp, witirden ozal jübüt rekagatly namaz okamagy şert hasaplaýarlar. Beýlekileri bolsa,ondan öňürti gelýän parz namazynyň rekagatlarynyň jübüt bolmagyna görä, täk rekagatdan öňürti bir jübüt rekagatly namazyň okalmagyny şert hasaplamaýarlar. Olar öňünden nepil hökmünde jübüt rekagatly namazyň okalmagynyň witiriň dogry bolmagynyň däl-de, kämil bolmagynyň şertidigini aýdýarlar. Mysal üçin, ýokarda Ebu Eýýup Ensarynyň (r.a) adyndan beýan edilen merfuw hadysda: «Şundan şeýläk witir namazyny bäş rekagatly edip okamak isleýän, goý, şeýle etsin, üç rekagatly edip okamak isleýän üç rekagatly edip okasyn, bir rekagatly edip okamak isleýän bir rekagatly edip okasyn» diýlipdir. Hezreti Osmanyň (r.a)hembir gijede tutuş Kurany bir rekagatda okap, şol gije başga nepil namazyny-da okamandygyny Muhammet ibn Mudar Merwezi ygtybarly rowaýatda Saýyp ibn Ýezidiň adyndan beýan edýär. Mugawyýa ibn Ebu Sufýanyň (r.a) diňe bir rekagatly witir namazyny okap, onuň beýle etmeginiň Ibn Apbas (r.a) tarapyndan makullanandygy-da Buharynyň «Kitäbül-menäkib» atly eserinde, Sagt ibn Ebu Wakgasyň (r.a)hemşonuň ýaly edendigi ýene Buharynyň «Kitäbül-magaziý» atly eserinde ýatlanylyp geçilýär. Tefsirçi Aýny öz kitabynda Sagdyň (r.a) bu namazyna Abdullah ibn Mesgudyň (r.a): «Allahyň Resulynyň (s.a.w) döwründe görmedik namazymyz bolan bu jotda namaz näme boldugy bolýar?» diýip, beýle etmegini ýazgarandygyny we inkär edendigini aýdýanhembolsa, «SüneniDarakutny» atly kitapda beýan edilişine görä, Kaýs ibn Ebu Hazylyň: «Bu nähili namaz?» diýip beren soragyna Sagt (r.a): «Allahyň Resulynyň (s.a.w) täk rekagat edip okandygyny gördüm» diýip jogap beripdir. Şonuň ýaly-da, Ibn Majäniň kitabyndaky rowaýata görä, Ibn Omar (r.a) bir adama bir rekagat witir namazyny okamagy maslahat berende, ol: «Men okan bu namazyma büteýraa (jotda) diýerler öýdüp gorkýaryn» diýipdir. Ibn Omar (r.a)hem: «Bu Allahyň we Allahyň Resulynyň sünnetidir» diýip seslenipdir.

Hapyz Yraky ýassy namazyndan soňrabir rekagatly edip witir namazyny okanlaryň arasynda dört çaryýarlar bilen Sagt ibn Ebu Wakgasyň, Mugaz ibn Jebeliň, Ubaý ibn Kagbyň, Ebu Musa Eşgarynyň, Ebu Derdanyň, Huzaýfaibn Ýemanyň, Ibn Mesgudyň, Ibn Apbasyň, Mugawyýanyň, Temim Däriniň, Ebu Eýýup Ensarynyň, Ebu Hüreýräniň, Fudalaibn Ubaýdyň, Abdullah ibn Zubaýryň we Mugaz Harys Parsynyň (Allah olardan razy bolsun!) atlaryny ýatlap geçýär. Şunuň bilen birlikde bu hadysdan soňra Buhary, gürrüňini edýän meselämiz bilen baglylykda, Kasym ibn Muhammediň: «Kämillik ýaşyna ýeten günümizden bäri mydama üç rekagatly witir namazynyň okalandygyny gördük. Ýöne hemmesini (ýagny bir, üç, bäş, ýedi rekagatly witir namazyny) hem okasa bolar. Olaryň haýsy birini okanyňda-da zyýany bolmaz diýip umyt edýärin» diýendigini rowaýat edýär (295-nji hadysyň düşündirişlerine-de seret).