6 «Allahyň Resuly (s.a.w.) adamlaryň iň jomardydy...»

Başy » WAHY KITABY » 6 «Allahyň Resuly (s.a.w.) adamlaryň iň jomardydy...»

 

       عَنْ ابْنِ عَبَّاسٍ قَالَ: كَانَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ أَجْوَدَ النَّاسِ، وَكَانَ أَجْوَدُ مَا يَكُونُ فِي رَمَضَانَ حِينَ يَلْقَاهُ جِبْرِيلُ، وَكَانَ يَلْقَاهُ فِي كُلِّ لَيْلَةٍ مِنْ رَمَضَانَ فَيُدَارِسُهُ الْقُرْآنَ، فَلَرَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ أَجْوَدُ بِالْخَيْرِ مِنْ الرِّيحِ الْمُرْسَلَةِ .

 

         Ýene Ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) halkyň iň jomardydy. Remezan aýy bolsa onuň iň kän jomartlyk edýän aýydy. Bu aý Jebraýyl alaýhyssalamyň onuň bilen has köp duşuşýan aýydy. Jebraýyl alaýhyssalam Remezanyň her gijesinde bu Mukaddes Adama (Zaty-Şeriflerine) duşup, oňa Kurany-Kerimi öwrederdi we maslahatlaşardy. Ine, şu sebäpli Allahyň Resuly (s.a.w.) haýyr iş etmekde garşylyga duçar bolmaýan mübärek ýelden-de has jomartdy»1.

 

1Ibn Apbas hezretleriniň Pygamberiň jomartlygyny we sahylygyny öwsüp duran ýele deňemegi, birinjiden, jomartlykda we haýyr işleri etmekde ýelden has çalt hereket edendigini aýtjak bolmagy bilen, ikinjiden hem, ýeliň ýagmyrly bulutlary toplap, Ylahy rehmediň teşne topragy gandyrmagynyň serişdesidigini nygtajak bolmagy bilen, üçünjiden bolsa güýçli ýel togtaýança, ýuwaş öwüsýän ýelden has köp ýol geçip, onuň köp ýerlere öz peýdasyny ýetirýändigini nygtajak bolmagy bilen baglanyşyklydyr.