2 Wahynyň inişiniň aýratynlyklary we görnüşleri

Başy » WAHY KITABY » 2 Wahynyň inişiniň aýratynlyklary we görnüşleri

 

 عَنْ عَائِشَةَ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهَا: أَنَّ الْحَارِثَ بْنَ هِشَامٍ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ سَأَلَ رَسُـولَ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ فَقَالَ: يَا رَسُولَ اللَّهِ، كَيْفَ يَأْتِيكَ الْوَحْيُ؟ فَقَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى اللَّهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: ( أَحْيَانًا يَأْتِينِي مِثْلَ صَلْصَلَةِ الْجَرَسِ، وَهُوَ أَشَدُّهُ عَلَيَّ، فَيَفْصِمُ عَنِّي وَقَدْ وَعَيْتُ عَنْهُ مَا قَالَ، وَأَحْيَانًا يَتَمَثَّلُ لِي الْمَلَكُ رَجُلا فَيُكَلِّمُنِي فَأَعِي مَا يَقُولُ ).

 

       Hezreti Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Harys ibn Hyşam Allahyň Resulyndan (s.a.w.): «Ýa Allahyň Resuly, saňa wahy nädip gelýär?» diýip sorady. Allahyň Resuly (s.a.w.) aýtdy: «Käte maňa buýrugyň sözleri jaňjagazyň sesi ýaly bolup eşidilýär. Kabul etmegim iň agyr düşýän buýruk hemşudur. Onuň galdyrýan täsirindenörän kynlyk bilen aýňalýaryn. Perişdäniň maňa aýdanlaryny gowy edip ýat tutýaryn. Käte Perişde maňa bir adamyň sypatynda görünýär. Ol meniň bilen söhbet edýär. Men hem onuň aýdanlaryny ýat bekleýärin».Hezreti Äşe (r.a.) sözüni dowam edip: «Allahyň Resulyny (s.a.w.) şatlama sowukly bir gün özüne wahy gelen pursaty synlapdym. Şeýle sowuk gündügine garamazdan, şol pursat onuň çekgelerinden şapyr-şapyr der akýardy»diýipdir1.

 

1Wahynyň (Allahü tagalanyň Emriniň) nähili zatdygy dogry ýola düşenleriň kämilleriniň başy bolan beýik pygamberlerden başga adamlara mälim däl. Başga kişileriň ony düşündirjek bolmagy körüň reňkler hakda gürrüň etmegi ýaly bir zatdyr. Diňe wahynyň inen zamanynda onuň şaýady bolanlardan galan käbir şaýatnamalar hakda gürrüň edilip bilner. Şol şaýatnamalara görä, wahynyň birnäçe görnüşiniň bardygyny aňlamakbolýar.

            Onuňbirinji görnüşioraşan düýşdür. Şu hadysyň yzyndan gelýän hadysy-şerifde musulmanlaryň enesi Äşäniň (r.a.) (şübhesiz iki dünýäniň öwgülisi sallallahu aleýhi we sellemden öwrenip) habar bermegine görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gören düýşleriniň hemmesi säher aýdyňlygy ýaly aýdyň we äşgär ýagdaýda amala aşar eken. Hatda Ibn Yshagyň beýan eden rowaýatyndan aňlanyşyna görä, wahy inişiniň 3-nji hadysda beýan edilen wakasy-da şol günden öňki gijede, edil oýalykda ýaly, düýşde bolup geçipdir. Wahynyň uky äleminde inip biljegini aňlan hormatly sahabalar Allahyň Resuly (s.a.w.) ukuda wagty nähili ýagdaýy başyndan geçirse-de, tä özi oýanýança, ony oýarmazdylar (226-njy hadysy-şeribe serediň). Oýalykda näme inen bolsa, onuň ozal düýşde-de bir gezek inendigini tassyklaýanlar-da bar.

            Ikinji görnüş. Allahü tagala tarapyndan wekil bolup gelen Perişde Muhammet alaýhyssalama görünmän, Ylahy wahyny onuň mukaddes kalbyna salýar. «Şu sözi Jebraýyl alaýhyssalamyň kalbyma salandygy şübhesizdir: hiç bir adam ryskyny doly alýança ölmez. Şeýle bolsa, Allahü tagaladan arkaýyn boluň-da, ryskyňyzy gözel, kanuny, adamkärçilige laýyk ýollardan gözläň» hadysy mukaddes wahynyň şu görnüşinden habar berýär.

            Üçünji görnüş. Şu hadysy-şerifde beýan edilişine görä, bu görnüş ýüze çykanda,Perişde bir adamyň sypatynda aşak inip, özüne, ýagny Muhammet alaýhyssalama söz bilen ýüzlenýär, ol hem onuň ähli aýdanlaryny bolşy-bolşy ýaly we nogsansyz kabul edip, ymmatyna ýetirýär. Jebraýyl alaýhyssalam köplenç ýagdaýlarda daş keşbi örän gelşiklibolan Dihýe ibn HalifeKelbiniň keşbine girerdi. Başga keşbe giren halatlary hem bolupdyr. Mysal üçin, iman, yslam we haýyr işler barada soralýan zatlary emr edip, ymmata tälim bermek üçin onuň bir çarwa arabyň keşbinde gelendigi barada Buhary bilen Müslimiň kitaplarynda gürrüň berilýär. «Jebraýylyň hadysy»ady bilen tanalýan hadys, ine, şunuň ýalydyr.

            Dördünji görnüş. Ýene bu hadysy-şerifde giňişleýin düşündirilişine görä, Perişde Pygambere (s.a.w.) jaňyň jyňňyrdysyna meňzeş bir gorkunç ses bilen hem ýüzlener eken. Bu ses Perişdäniň ýa öz sesi, ýa-da ganatlarynyň sesidir. Bu sesiň gelmegi kesilýänçä, Pygamberimiziň (s.a.w.) mukaddes kalby Allahü tagalanyň beýik nury, beýik gudraty, sözüniň haýbaty bilen lerzana gelip, inderilen beýik sözüň köp düşünjelerine ýol tapmaryn öýdüp howpurgasa-da, özüne geleninden soň, sözlenen beýik söz örän aýdyňlyk bilen kalbyna ornardy. Hem ýowuz, hem-de dowamly goşulyşyp gidýän sesiň jaňjagazyň sesine meňzeş bolmagy-da (dogrusynydiňe Allahü tagala bilýär) bu gizlin syra esaslanýar. Ibn Apbasyň (r.a.): «Allahyň Resuly (s.a.w.) özüne inderilen wahy sebäpli köp azapçekerdi»(5-nji hadysy-şeribe seret) diýen sözlerinden hem aňlanyşyna görä, wahynyň haýsy görnüşi inse-de, gudratlyAllahü tagalanyň sözüne isle araçysyz, isle-de araçyly düşünmek, Pygamber alaýhyssalam üçin gorkunç we ýowuz bolupdyr. Ýöne wahynyň bu görnüşi iň ýowuzy eken. Munuň-da sebäbi (dogrusynydiňe Allahü tagala bilýär) Pygamber alaýhyssalamyň wahy gelen pursatynda adamçylyk tebigatyndan duýdansyz çykyp, perişde halyna geçmegi bilen baglanyşykly bolsa gerek. Mysal üçin, Ebu Hüreýre(r.a.) tarapyndan habar berlen: «Allahü tagala asmanda bir hökümi we ylahy yşaraty habar bermek islän wagty,perişdeler gudratly Ýaradanyň bir gaýa urlan demir zynjyryň sesi ýaly bolup gelen belent sesine tabynlygyň ýokary derejesi bilen öň ganatlaryny kakyp, huşlaryny ýitirip, sejde edýärler. Ýürekleri gorkudan saplanandan soňra: «Rebbimiz näme buýurdy?» diýip biri-birlerinden soraýarlar. Soňra hem biri-birine: «Rebbimiz hakykaty buýurdy. Belentden belent Sypata eýe bolanŞoldur» diýýärler»diýenwe Ibn Mesgutdan (r.a.) ýazylyp alnan: «Allahü tagala öz emri bolan bir wahy buýurmak islände, Ondan gorkusyna asmany titreme gaplap alýar. Asmanyň ýaşaýjylary muny duýan batlaryna özlerinden gidip, sejde etmäge başlaýarlar. Ilki bolup Jebraýyl alaýhyssalam özüne gelýär we Ylahy buýrugy alyp, onuň gönderilen ýerine gidýär. Isle asmanda bolsun, isle-de ýerde: habar berjek ýerine barýança,asmanyň bir gatyndan beýleki bir gatyna geçende, o taýdaky perişdeler ondan: «Rebbimiz näme buýurdy?» diýip soraýarlar. Ol hem: «Hakykaty buýurdy. Belent Sypatyň eýesi Şoldur» diýip jogap berýär. Perişdeler hem onuň beren jogabynygaýtalaýarlar»diýen manyny berýänhadysy-şeriflerde düşündirilişine görä, perişdeleriň-de wahyýa (emre) düşünüşleri şu görnüşe degişlidir. Şeýdip, adam sypatyna giren perişdäniň Pygamber alaýhyssalamyň kalbyna guýan zadynyň gyzgynlygy şeýle bir derejä baryp ýetip, iň sowuk günde-de ol gaty derlär eken. Şol wagt onuň münüp oturan düýesi-de, çydap bilmän, ýere çökerdi. Mysal üçin, Arafat dagynda Allahyň Resuly (s.a.w.) düýäniň üstünde oturan mahaly «Maide» süresi inende hem, hut şonuň ýaly ýagdaý ýüze çykypdyr. Agram salan ýüküň agyrlygy sebäpli,düýäniň aýaklary tasdan döwlen eken. Bir gezek hem şeýle görnüşli wahy inende, Allahyň Resulynyň (s.a.w.)mübärek dyzlary wahy kätipleriniň biri bolan Zeýt ibn Sabyt Ensarynyň (r. a.) dyzlarynyň üstünde eken. Zeýdiň dyzynyň üstüne şeýle bir agyrlyk çöküpdir welin, ol öz aýaklary döwler öýdüpdir. Zeýt ibn Sabyt şeýle diýýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) hezretlerine gelen wahyny ýazardym. Wahy inende alaýhyssalatu wessalam hezretlerini bir gussa gaplap alýardy. Onuň ýüzi diňe endamyndan, ýüz-gözünden dür däneleri ýaly der damjalary döküleninden soňraaçylardy. Ol maňa aýdyp bererdi, menhem ýazardym. Işimi tamamlaýançam,wahynyň agyrlygyndan ýaňa şeýle bir kynçylyk çekerdim welin, aýaklarym gyrlar öýderdim we: «Soňra ýöräp bir bilermikäm» diýip gaýga giderdim. «Maide» süresi inende-de süräniň agyrlygyndan ýaňa biziň (ýagny wahy kätipleriniň) bileklerimiziň gyrylmagynaaz galdy».

            Ebu Hüreýre (r.a.): «Wahy inip, onuň gelmegi tamamlanýança, hiç birimiz başymyzy galdyryp, Pygamber alaýhyssalamyň ýüzüne bakmazdyk. Wahy inip başlan badyna onuň göwresi sandyr-sandyr ederdi. Wahy inen wagty ony gam-gussa gaplap alardy, ýüzüne külüň reňki urardy, gözlerini ýumardy we hor çekýän ýaly edip, agyr-agyr dem alardy»diýýär.

            Zeýt ibn Sabyt ýene şeýle diýýär: «Ýowuz bir süre inen mahaly Allahyň Resulyny (s.a.w.) gaplap alýan gam we ýowuzlyk inen süräniň ýowuzlygy ýalydy, mylaýym süre inen mahaly bolsa onuň ýagdaýy şoňa görä bolýardy».

            Wahynyň täsiri Allahyň Resulynyň (s.a.w.) diňe bir mübärek ruhunda we bedeninde däl, eýsem,daş töwereginde-de görünýärdi. Mysal üçin, Ahmet ibn Hanbal, Hakim, Tirmizi, Nesaýy ýaly hadysçy alymlar hezreti Omaryň (r.a.) adyndan bir hadysy beýan edip, onda: «Wahy inen mahaly Allahyň Resulynyň (s.a.w.) töwereginde balary keteginiň töweregindäki ýaly bir ses eşidilerdi»diýilýär.

            Bäşinji görnüş. Käte Jebraýyl alaýhyssalam Allahyň Resulynyň (s.a.w.) gözüne öz hakyky keşbinde we her biri gögüň ýüzüni tutup, daş-töweregi gaplap duran alty ýüz sany ganaty bilen görnüp, Ylahy Islege degişli zat näme bolsa, şony emr edipdir. Şeýle ýagdaý iki gezek ýüze çykypdyr. Bisetiň, ýagny Muhammet alaýhyssalamyň pygamberlik edip başlamagynyň ilkinji döwründe, has anygy –wahy inmeginiň arasy kesileninden soň, Hyra dagynda Allahyň Resuly (s.a.w.) Jebraýyl alaýhyssalamy birinji gezek görüpdir. Muhammet alaýhyssalam bu gorkunç keşbi doly synlap-synlaman, onuň täsiri sebäpli özünden gidipdir. Ikinji gezek Jebraýyl alaýhyssalam şeýle görnüşde Magraç gijesinde arşyň sag tarapyndaky agajyň (Sidretül Münteha) ýanynda Pygamberimize görnüpdir. Bu gezek onuň öňki gezekdäki ýaly gorkandygy hakda hiç hili maglumat ýok.

            Altynjy görnüş. Muhammet alaýhyssalam Magraç gijesinde asmanlaryň ýokarky gatynda bolanda, bäş wagt namazyň parzdygy perişde arada durmazdan, gös-göni onuň özüne emr edilipdir. Beýik Ýaradanyň Sözüni araçysyz diňlemek hormatyna Musa alaýhyssalatu wessalam hezretleri hem mynasyp bolupdyr. Wahynyň bu görnüşini synlan ýok.

            Ýedinji görnüş.Bu Muhammet alaýhyssalamyň Allahü tagala bilen ýüzbe-ýüz we aralarynda hiç bir perde bolmazdan gürleşmegidir. Bu ýagdaýy gysgaça diňe şeýle düşündirip bolar. Has dogrusynyň hakykatdan hem nähilidigini düşündirip bolmaz.        

            Sekizinji görnüş. Düýşde Beýik Ýaradanyň Jemalyny görüp, Onuň wahy bilen ýüzlenmegine mynasyp bolmak şu görnüşi hasyl edýär.