225 Allahyň Resuly (s.a.w) teýemmüm almagy öwredýär

Başy » TEÝEMMÜM KITABY » 225 Allahyň Resuly (s.a.w) teýemmüm almagy öwredýär

     عن عَبْدِ الرَّحْمَنِ بْنِ أَبْزَى رحمه الله تعالى قال: جَاءَ رَجُلٌ إِلَى عُمَرَ بْنِ الْخَطَّابِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ فَقَالَ: إِنِّي أَجْنَبْتُ فَلَمْ أُصِبْ الْمَاءَ ، فَقَالَ عَمَّارُ بْنُ يَاسِرٍ لِعُمَرَ بْنِ الْخَطَّابِ: أَمَا تَذْكُرُ أَنَّا كُنَّا فِي سَفَرٍ أَنَا وَأَنْتَ ، فَأَمَّا أَنْتَ فَلَمْ تُصَلِّ ، وَأَمَّا أَنَا فَتَمَعَّكْتُ فَصلَّيتُ ، فَذَكَرْتُ ذَلِكَ لِلنَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، فَقَالَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ : (إِنَّمَا كَانَ يَكْفِيكَ هَكَذَا). فَضَرَبَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ بِكَفَّيْهِ الأَرْضَ ، وَنَفَخَ فِيهِمَا ، ثُمَّ مَسَحَ بِهِمَا وَجْهَهُ وَكَفَّيْهِ.

 

         Abdyrahman ibn Abza (Allahü tagala oňa rehim eýlesin!) şeýle diýipdir: „Bir gezek bir adam Omar ibn Hattabyň (r.a.) ýanyna gelip: „«Men jübütleşdim, suw hem tapmadym. Indi näme edeýin?» diýip sorady. Ammar ibn Ýasir onuň aýdanyny eşitdi we Omar ibn Hattaba (r.a.)ýüzlenipşeýle diýdi1: «Ýadyňa düşýärmi? Bir gezek ikimiz sapara çykypdyk2. Sen namaz okamadyň3. Men bolsa ýerde togalananymdan soňra namazymy okadym4. Bu eden işimi soňra Allahyň Resulyna (s.a.w.) gürrüň beremde, ol: «Sen şeýle etseň hem ýeterlik bolar» diýip, ellerini ýere urupdy we ellerine ýokaşan topragy üfläninden soň,5 iki owujy bilen ýüzüne we iki eline mesh edipdi».6

 

1Kyssanyň düşnükli bolmagy üçin, Buharyda ýatlanyp geçilen we Zebidi tarapyndan taşlanan käbir düşündirişlere ünsüňizi çekýäris.

Sahabalaryň, başga bir söze görä-de tabygynlaryň biri bolan Abdyrahman ibn EbzaHuzaýynyň gürrüň bermegine görä, biri Omaryň (r.a.) ýanyna gelip: «Men jübütleşdim, suw hem tapmadym. Indi näme edeýin?» diýip soranmyş. Musulmanlaryň emiri hezretleri soňralar «Süneni Ebu Dawut» kitabyna girizilen birrowaýata salgylanyp: «Özüm-ä suw tapýançam, namaz okamazdym» diýenmiş. Ammar hem (r.a.) bu hadysdaky wakany oňa ýatladanmyş.

2Müslimiň toplan rowaýatynda: «Ikimiz hem täretsizdik» diýlip artdyrylýar.

3Omar (r.a.) ýa namazyň wagty çykýança suw taparyn umydy bilen namaz okamadyk bolmaly, ýa-da teýemmümiň diňe kiçi hapany aýryp, uly hapany aýyrmaýandygyna ynanan bolmaly. Ikinji çaklama has ynandyryjydyr. Hatda meşhur bolany-da şoldur. Abdullah ibn Mesgudyň (r.a.) garaýşynyň hem şonuň ýalydygy, Ebu Musa Eşgary ikisiniň arasynda ýüze çykan jedeliň Buharydaky beýanyndan görünýär. Bu jedelde Ebu Musa Eşgary hezretleri hezreti Ammaryň bu rowaýatyny delil tutunýar. Ibn Mesgut hezretleri-de: «Görmeýärmiň? Omar bu söz bilen ylalaşmandyr» diýip jogap beripdir. Şondan soňra Ebu Musa: «Ammaryň sözüni bir gapdala taşla, sen bu aýata näme diýjek?» diýip, teýemmüm aýatyny aýdyp berip, oňa garşy çykypdyr. Ibn Mesgut hezretleri-de näme diýjegini bilmän: «Bu adamlara şonuň ýaly bir rugsat berilse, nirede bolsalar hem suwy sowuk görüp, teýemmüme ýapyşjaklar» diýipdir. Ibn Mesgudyň bu garaýşyndan ýüz öwrendiginiň aýdylýandygy «Şarihi-Buhary Aýny» kitabynda bellenilip geçilýär.

Hezreti Omaryň (r.a.) Ammaryň (r.a.) sözüni diňläninden soňra hem öz pikirinde galmagynda nähili many bardy? Bir gezek ol täret aýatyndaky («Maide» süresiniň 6-njy aýaty) beýik sözlere bakyp, jübütleşmekden soňra has gowy edip ýuwunmagyň talap edilýändigi üçin, onuň toprak bilen däl-de, suw bilen amala aşyrylyp biljekdigi barada netije çykarypdyr.

4Ammar (r.a.) şol wagt öz ýanyndan deňeşdirme ýoluny ulanyp, topragyň suwuň ýerine geçýäni üçin, az hapada diňe täret agzalaryňy, kän hapada bolsa tutuş bedeniňi topraga bulamagyň dogry geljekdigi barada netije çykarypdyr.

5Bu üfleme sogap ýa-da sünnetdir. Ol ele, bedene yza berip biljek gum dänelerini we toprak bilen garyşan başga bir keseki zatlary aýyrmaga, ýa bolmasa, ele has köp toprak ýapyşsa, ony azaltmaga hyzmat edipdir. Başga bir rowaýatda «üflemek» sözüniň ýerine «silkmek» sözi ulanylypdyr. Eliňi silkmek hem ýokardaky sebäpler bilen baglanyşyklydyr.

6Teýemmümiň alamatlary hakynda ygtybarly kitaplarda we sünnet kitaplarynda beýan edilýän hadysy-şeriflerde çaprazlyklar örän köp. Käbirlerinde topraga eliňi bir gezek, käbirlerinde bolsa iki gezek urulmalydygy aýdylýar. Şonuň ýaly-da, ilki bilen ýüzüňe ýa-da ellere mesh edilmelidigi barada, elleriň niresine çenli mesh edilmelidigi hakyndaky rowaýatlar hem biri-birlerinden tapawutlanýarlar. Ebu Hanife, Mälik, Şapygy we olaryň sahabalary hem-de Leýs ibn Sagt ýüz üçin eliňi topraga bir gezek, eller üçin hem ýene bir gezek urmagy ýeterlik hasaplapdyrlar.