224 Biriniň salamyny almak üçin Allahyň Resulynyň (s.a.w) eden teýemmümi

Başy » TEÝEMMÜM KITABY » 224 Biriniň salamyny almak üçin Allahyň Resulynyň (s.a.w) eden teýemmümi

     عن أَبِي جُهَيْمِ بْنِ الْحَارِثِ بْنِ الصِّمَّةِ الأَنْصَارِيِّ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قال:أَقْبَلَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ مِنْ نَحْوِ بِئْرِ جَمَلٍ ، فَلَقِيَهُ رَجُلٌ فَسَلَّمَ عَلَيْهِ ، فَلَمْ يَرُدَّ عَلَيْهِ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ حَتَّى أَقْبَلَ عَلَى الْجِدَارِ ، فَمَسَحَ بِوَجْهِهِ وَيَدَيْهِ ثُمَّ رَدَّ عَلَيْهِ السَّلامَ.

 

         Ebu Jüheým ibn Harys ibn Symma Ensary (r.a.)1 şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resuly (s.a.w.) Biri-Jemel2 tarapyndan gelýärdi. Bir kişi3 onuň öňünden çykyp, salam berdi. Allahyň Resuly (s.a.w.) şol ýerdäki bir diwara tarap ýönelip we şol diwara ellerini degrip ýüzüne we ellerine mesh edýänçä4 bukişiniň salamyny almady5. Diňe şondan soňra onuň salamyny aldy»6.

 

1Ebu Jüheým ibn Harys ibn Symma Hazreji neçjarydyr. Oňa Ebu Jüheým hem, Ebul-Jüheým hem diýilýär. Onuň kakasy belli sahabalaryň biridir.

2Biri-Jemel nurly Medinäniň golaýyndaky bir ýeriň adydyr.

3Allahyň Resulyna (s.a.w.) duşan adam şu hadysy beýan edeniň özüdir, ýagny,Ebu Jüheýmdir (r.a.). Mysal üçin, ymam Şapygynyň beýan eden rowaýatynda bu gowy edilip düşündirilipdir. Bu ýerde rowaýatçynyň öz adyny görkezmezligi (dogrusyny Allahü tagala bilýändir) bimahal wagtda salam berendigi sebäpli utanandygy bilen baglanyşyklydyr.

4Bu ýerde teýemmümiň gürrüňi edilýär. Darakutny bilen başga bir rowaýatçynyň rowaýatynda bolsa: «Ýüzi bilen ellerine mesh etdi» diýlipdir.

5Şapygynyň rowaýatynda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) täreti bozulan wagty,şol ýerden geçip barýan adamyň oňa salam berendigi aýdylýar. Tabaranynyň we «Sünen» atly kitabynda Ebu Dawudyň beýan eden rowaýatlarynda-da şeýle diýilýär. Hatda Tabaranynyň rowaýatynda teýemmüm edeninden soňra Pygamberimiziň (s.a.w.): «Maňa seniň salamyňy aldyrmadyk zat täretimiň bolmanlygydyr» diýen sözler hem bar. Bezzaryň beýan eden ygtybarly rowaýatynda bolsa,bu waka başgaça beýan edilýär. Bu rowaýatda Pygamberimiziň täreti bozulan wagty şol kişiniň salamyny alyp, bu ýerden daşlaşanyndan soňra hem oňa ýüzlenip: «Seniň salamyňy: «Pygambere salam berdim welin, salamymy hem almady» diýmezligiň üçin aldym. Meni başga bir gezek şu ýagdaýda görseň, salam berme. Salam beräýseň hem, salamyňy alman»diýendigi aýdylýar. Hernäme-de bolsa, şular ýaly waka köp gezek gaýtalanana meňzeýär. Şunuň ýaly başga bir topar rowaýatdan çen tutup hem beýle wakanyň ikiden köp gezek ýüze çykandygyny çak edip bolýar.

6«Salam» söziAllahü tagalanyň atlarynyň biri bolany üçin, salama jogap bermeli bolsa-da, ol mübärek ady täretsiz tutmazlyk gowy görülýär. Muny şeýtmegi dogry hasaplaýanlaryň bar bolşy ýaly, Allahü tagalanyň adyny täretsiz gaýtalamagyň öňler aýyp hasaplanmandygyny aýdýanlar-da bardyr. Olaryň pikirine görä, beýle etmek täret aýaty ineninden soňra gadagan edilipdir. Olar Äşäniň (r.a.): «Alaýhyssalatu wessalam jenabymyz islendik wagtda Allahyň adyny gaýtalardy» diýen hadysyny öz sözlerine delil tutunýarlar.