223 Öňki pygamberleriň hiç birine berilmedik zatlaryň Muhammet alaýhyssalama berlişi hakda

Başy » TEÝEMMÜM KITABY » 223 Öňki pygamberleriň hiç birine berilmedik zatlaryň Muhammet alaýhyssalama berlişi hakda

عن جَابِرُ بْنُ عَبْدِ اللَّهِ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ: أَنَّ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ قَالَ: أُعْطِيتُ خَمْسًا لَمْ يُعْطَهُنَّ أَحَدٌ قَبْلِي: نُصِرْتُ بِالرُّعْبِ مَسِيرَةَ شَهْرٍ ، وَجُعِلَتْ لِي الأَرْضُ مَسْجِدًا وَطَهُورًا ، فَأَيُّمَا رَجُلٍ مِنْ أُمَّتِي أَدْرَكَتْهُ الصَّلاةُ فَلْيُصَلِّ ، وَأُحِلَّتْ لِي الْمَغَانِمُ وَلَمْ تَحِلَّ لأَحَدٍ قَبْلِي، وَأُعْطِيتُ الشَّفَاعَةَ ، وَكَانَ النَّبِيُّ يُبْعَثُ إِلَى قَوْمِهِ خَاصَّةً وَبُعِثْتُ إِلَى النَّاسِ عَامَّةً.

 

         Jabyr ibn Abdullah Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Maňa menden ozal hiç bir kişä berilmedik bäş sany ukyp berildi, ýagny,bir aýlyk ýoldan duşmanlary gorkuzyp bilmegim üçin ýardam berildi. Meniň üçin Ýer ýüzi metjit edildi we täret kylmaga sebäp edildi. Şonuň üçin hem ymmatymdan islendik kişi namaz wagtynyň niredekä girendigine garamazdan, namazyny okabersin. Menden öň hiç bir kişä halal edilmedik harby olja maňa halal edildi1. Maňa şepagat etmek hukugy berildi2. Şeýle-de, adatça, pygamber öz kowumyna iberilýän bolsa, men bütin adamzada iberildim»3.

 

1Öň ýaşap geçen ymmatlaryň käbirleriniň jihat etmäge rugsatlary ýokdy. Rugsady bolanlary-da,olja almak hakyna eýe däldiler.

2Bu ýerde gürrüň adamlary gorkynyň penjesinden gutarmak arkaly rahatlandyrýan, ähli işleri düzgüne salýan we deňi-taýy bolmadyk uly şepagat hakynda gidýär. Onuň kyýamat gününde ýüze çykjakdygy äşgärdir. Ondan başga ýene bir has güýçli şepagata mynasyp bolmak isleýänler-de bar. Dowzahy adamlaryň arasynda ýüreklerinde imanyň zerre ýalysy bolanlaryň jähennemden gutulmagyna, jenneti adamlaryň derejesiniň ýokary göterilmegine, dowzahyň azabyna höküm edilen bir topar adamlaryň dowzaha girmezligine, birnäçe adamlaryň hem jennete hasabatsyz girmeklerine şepagat etmek şonuň ýaly şepagatyň hilindendir.

3Muhammediň (s.a.w.) beýik aýratynlyklary diňe bu bäş aýratynlyk bilen çäklenmeýär. Mysal üçin, Ebu Hüreýräniň Müslimiň kitabynda getirilýän bir rowaýatynda onuň alty zat bilen beýleki pygamberlerden tapawutlandyrylandygy aýdylmak bilen,şu hadysdaky şepagat etmek hukugy agzalmazdan, beýleki dört aýratynlyk hakda gürrüň edilip, oňa ýene sözleriň jeminiň (cevamiü’l-kelim) berlendigi we pygamberlik zynjyryny öz mukaddesligi bilen möhürländigi aýdylýar.

Ýene Müslimiň Huzaýfanyň adyndan getirýän bir hadysynda ýokarda agzalan aýratynlyklaryň arasynda: «Şeýle hem biziň namaz saplarymyz perişdeleriň hataryna kybap edilendir» diýilýär.

Nesaýydaky rowaýatda bolsa: «Şeýle hem maňa Arşy-Rahmanyň astyndaky bir hazynadan «Bakara» süresiniň soňundaky şu hormatly aýat berildi. Onuň ýaly aýat menden ozal hiç kime berilmeýşi ýaly, menden soňra hem hiç bir kişä beriljek däldir»diýlipdir. Bu öňki ýaşap geçen ymmatlaryň duçar bolan agyr jezalarynyň bu ymmat üçin ýeňilleşdirilendiginiň we ýalňyşylandygy we ýatdan çykarylandygy üçin berilýän jezalaryň Allahyň rehmeti bilen ýatyrylandygynyň alamatydyr.

Şonuň ýaly-da, Ahmet ibn Hanbalyň «Müsned» atly kitabynda beýan eden rowaýatynda: «Maňa ýeriň açarlary berildi, Ahmet diýip at dakyldy, ymmatym hem ymmatlaryň iň haýyrlysy edildi» diýilýär. Pygamberiň beýik wadasy şu güne çenli amala aşyp gelýär. Wadanyň iň soňunda doly amala aşjakdygyna-da şübhämiz ýok. «Ahmet» diýen mukaddes at bu dünýäde we o dünýäde, ýerde we asmanda iň bir bagtly kişiniň hemme kişä mälimdigini we hemme kişiniň öwgüsine mynasypdygyny alamatlandyrýar.

Bezzaryň «Müsned» atly kitabynda beýan eden bir rowaýatynda bolsa şeýle sözler bar: «Öň eden we indiki etjek günälerim Allahü tagala tarapyndan geçilendir. Maňa Köwser berlendir. Bu eýäňiziň (şöhratly pygamberiňiziň) kyýamat gününde öwgi baýragynyň eýesidigine, Adam ata bolsun, ondan bärki pygamberler bolsun, tapawudy ýok, hemmesiniň şol öwginiň astyndadygyna hiç şübhe etmäň». Ýene Bezzaryň şol kitabyndaky rowaýatlaryň birinde: «Meniň şeýtanym kapyrdy. Ýöne Allahü tagala oňa garşy göreşde maňa ýardam berdi-de, ol musulman boldy (ýa-da men onuň şerinden salamatda galýaryn)» diýilýär. Pygamberimiziň (s.a.w.) günäsi bar bolaýanda-da, ol günä uly günä däldir. Ýogsam,şerigatyň eýesi bolan adamyň günä edip biljekdigi kellämize-de gelenok. Ondan öňki pygamberler uly bolmadyk günäleri edendikleri üçin ýazgarylmaga duçar bolan bolsalar hem, şöhratly Pygamberimiz (s.a.w.) her hili ýazgarylmalardan azat edilendir.

Köwser jennetdäki bir howzy aňladyşy ýaly, köp sanly haýyr manysyny-da berýär.

Ine, şu hadysyň tekstindäki we oňa edilen şu belliklerde agzalyp geçilen aýratynlyklaryň sany on alta ýetdi. Ýöne diňe bular bilen çäklenmek hem dogry bolmaz. Mysal üçin, Ebu Sagyt Nişapury «Şerefül Mustafa» diýip at goýan kitabynda Muhammet pygamberiň (s.a.w.) beýik pygamberlerde bolmadyk aýratynlyklarynyň sanyny altmyşa ýetirýär. Bu hadysda bäş, beýlekisinde alty, başga birinde dört ýa-da üç aýratynlygyň agzalmagy olaryň sanyny çäklendirmäge sebäp bolup bilmez.