559 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanasynda dyknyşyk ýagdaýda sejde edilişiniň aýratynlygy hakda

Başy » KURANDAKY SEJDE AÝATLARY KITABY » 559 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) zamanasynda dyknyşyk ýagdaýda sejde edilişiniň aýratynlygy hakda

    عنْ ابْنِ عُمَرَ رَضِي الله عَنْهُمَا قَالَ: كَانَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يقْرَأُ عَلَينَا السُّورَةَ فِيهَا السَّجْدَةُ ، فَيسْجُدُ ، وَنَسْجُدُ ، حَتَّى ما يجِدُ أَحَدُنَا مكانًا لِمَوْضِعِ جَبْهَتِهِ.

 

(Abdullah) ibn Omar (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) içinde sejde aýaty bolan süräni okap berende,sejde ederdi. Bizhem oňa eýerip, sejde ederdik1. Gyslyşyk bolany üçin,käbirimiz sejde etmek üçin maňlaýyny goýara ýerhem tapmazdyk2».

 

1 Buhary bu hadysy tiläwet sejdesi edilende, diňleýäniň okaýana tabyndygy hakdaky meseläni birýüzli etmek üçin bu ýerde ýerleşdiripdir. Mysal üçin, ol bu hadysy düşündirende,diňleýjiniň okaýana tabyn bolmalydygyna yşarat edýän rowaýatlara daýanmaga çalşypdyr. Şu mesele bilen baglylykda ol çagalyk ýaşyndaky Temim ibn Hazlamysejde aýatyny okanda, ony diňläp oturan Ibn Mesgudyň oňa ýüzlenip: «Hany, sejdä sen başla. Çünki bu sejdede ymamymyz sensiň» diýendigini rowaýat edýär. Temim ibn Hazlamynyň bu kyssasyny Sagyt ibn Mansur «Sünen» atly kitabynda mewsul rowaýat hökmünde beýan etse, Ibn Ebu Şeýbe hem «Musannef» atly kitabyna girizipdir. Beýhaky hem «Sünen» atly kitabynda Abdullah ibn Mesgut (r.a) bilen Süleým ibn Hanzalanyň arasynda bolup geçen şunuň ýaly wakany beýan edýän rowaýaty ýerleşdiripdir. Sagyt Mansuryň «Sünen» atly kitabynda Ebu Hüreýräniň (r.a) adyndan beýan edilen hadys has möhümdir. Burowaýatda Ebu Hüreýre (r.a) şeýle diýýär: «Biri Allahyň Resulynyň (s.a.w) huzurynda sejde aýatyny okady, ýöne sejde etmedi. Allahyň Resuly (s.a.w.) oňa ýüzlenip: «Okaýan sensiň. Sejde edenbolsaň, bizhem saňa uýup sejde ederdik»diýdi». Ýene Beýhakynyň kitabynda beýan edilişine görä, Ata ibn Ýesär şeýle diýýär: «Maňa şeýle bir habar gelip ýetdi. Biri Allahyň Resulynyň (s.a.w) huzurynda Kurandan bir sejde aýatyny okapdyr. Bu aýaty okan kişi sejde edipdir. Allahyň Resuly-da (s.a.w) oňa uýup, maňlaýyny ýere degripdir. Soňra başga biri hem şonuň ýaly bir aýaty okanyndan soň, sejde etmän, Allahyň Resulynyň (s.a.w) sejde etmegine garaşypdyr. Köp garaşmaly bolansoň,ol adam: «Ýa Allahyň Resuly, men sejde aýatyny okadym, sejde etmediň-le» diýipdir. Allahyň Resuly (s.a.w.) oňa: «Ymamymyz sensiň. Sejde eden bolsaň, bizhem seniň bilen birlikde sejde ederdik»diýip jogap beripdir». Tefsirçi Aýny şu ýerde möhüm bir duýduryş edýär. Ol: «Allahyň Resulynyň (s.a.w) we Ibn Mesgudyň diňleýänleriň sejdesini okaýanyň sejdesine bagly etmekleri: «Sen sejde et, bizhem sejde edeli» diýen many berip: «Sen sejde etmeseň, bizhem etmeris» diýmek däldir. Sebäbi sejde okaýan kişä degişli bolşy ýaly, diňleýän kişä-de degişlidir. Sejde aýatyny okaýan kişi sejde etmedik ýagdaýynda, bu borç ony diňleýäniň üstünden aýrylmaz. Bu hanefi mezhebiniň fykyhçy alymlaryň düşünjesidir. Mälikiler bolsa sejde aýatyny tötänden eşidene sejde etmek hökman bolman, ýörite diňläp oturan adama hökmandygyny aýdýarlar. Hanbalylar babatda aýdylanda bolsa, olar: «Okaýan sejde etmese, diňleýän sejde etmez» diýýärler».

2 Bu hadysyň başyndaky sözlemde: «Sejde ederdi» diýlendiginden çen tutup, Allahyň Resulynyň (s.a.w) zamanasynda şeýdip gyslyşylyp oturylmagynyň adat saýylyp bilinjek derejede kän gezek ýüze çykandygyny aýtmak mümkindir. Şonuň ýaly-da, Müslim öz kitabynda Ibn Omaryň (r.a) gürrüň beren bu hadysyny başga bir ýoldan: «Şeýle bolardy, ýagny Allahyň Resuly (s.a.w.) Kuran okap, mübärek huzurynda dyknyşyp oturan wagtymyzhem sejde etdirerdi. Şeýle bir dyknyşykdy welin, käbirlerimiz sejde edere ýerhem tapmazdy. Bu hem namazyň daşynda şeýle bolardy» görnüşinde rowaýat edipdir. Bu nusgadaky gürrüňiň äheňindenhem,gyslyşyp oturylan gezekleriň kän gezek ýüze çykandygy aňlanylýar. Bu hadysyň Müslimiň kitabyndaky nusgasyndan şeýdip dyknyşylyp edilen sejdäniň namazyň daşynda ýüze çykandygyny hem bilýäris. Tabaranynyň öz kitabynda beýan eden rowaýatyna görä, bu waka Mekgede Allahyň Resulynyň (s.a.w) «We’n-Nejm» süresini okan wagty (555-nji we 556-njy hadyslara seret) ýüze çykyp, şol rowaýatda: «Şeýle bir dyknyşykdy welin, adamlar biri-birleriniň arkalaryna sejde etdiler» diýen goşmaça-da bar. Diýmek, dyknyşyk bolanda biri-biriniň arkasyna-da tiläwet sejdesini eder ekenler. Beýle etmäge rugsat berilýändigi ýa-da berilmeýändigi babatda aýdylanda bolsa, Beýhakynyň öz kitabynda hezreti Omaryň (r.a) adyndan beýan eden ygtybarly bir hadysy beýle etmäge namazda hem rugsat berilýändigini görkezýär. Hezreti Omar (r.a): «Parz bolan namazda dyknyşyklyk sebäpli maňlaýyny ýere degrip sejde etmäge mümkinçilik tapmaýan kişi imanly gardaşynyň arkasyna sejde etsin» diýer eken. Şonuň üçinhem Sufýan Söwri, Şagby, kufeli fykyhçy alymlar, Ahmet ibn Hanbal, Yshak ibn Rahuýa we Ebu Söwr dagy munuň bilen ylalaşypdyrlr. Ibn Omaryň azat eden guly Nafy üm arkaly sejde etmek bilen çäklenilmelidigini aýdýar. Ata ibn Ebu Rebah bilen Zührä görä bolsa,sejde etmäge mümkinçilik tapmadyk adam garaşar we öňündäki ýerinden galkanyndan soň, özi sejde eder. Ymam Mälik bilen onuň mezhebine eýerýänleriň hemmesi-de şu pikirdedir. Olaryň pikiriçe, hatda imanly gardaşynyň arkasyna sejde eden kişi namazyny gaýtadan okar. Parz namazynda öz öňünde duranyň arkasyna sejde etmäge rugsat berýänlere görä, tiläwet sejdesinde beýle etmek bolýandygy hiç şübhesizdir. Çünki namazda sejde etmek parzdyr, tiläwet sejdesi bolsa parz däldir.