558 «Ize’s-Sema’un şekkat» süresindäki sejde hakda

Başy » KURANDAKY SEJDE AÝATLARY KITABY » 558 «Ize’s-Sema’un şekkat» süresindäki sejde hakda

     عَنْ أَبِى سَلَمَةَ رَحِمَهُ الله تَعَالَى قَالَ: رَأَيْتُ أَبَا هُرَيْرَةَ رَضِي الله عَنْهُ قَرَأَ: إِذَا السَّمَاءُ انْشَقَّتْ. فَسَجَدَ بِهَا ، فَقُلْتُ : يَا أَبَا هُرَيْرَةَ ، أَلَمْ أَرَكَ تَسْجُدُ ؟ قَالَ لَوْ لَمْ أَرَ النَّبِيَّ صلى الله عليه وسلم يَسْجُدُ لَمْ أَسْجُدْ.

 

Ebu Seleme şeýle diýipdir : « Bir gezekEbu Hüreýräniň (r.a.) bir namazda1 «Ize’s-Sema’un şekkat» süresini okap sejde edendigini görüp, ondan: «Eý, Ebu Hüreýre, bu sejdäniň sebäbi nämedir?» diýip soradym2. Ol hem: «Allahyň Resulynyň (s.a.w) bu sürede sejde edenini görmedik bolsam, sejde etmezdim» diýdi».

 

1 Hadysyň bu nusgasynyň metininde «bir namazda» diýen söz düzümi ýok. Onuň metine goşulmagyna Ebu Rafynyň ýolundan rowaýat edilen şol bir waka  baradaky habarda: «Ebu Hüreýräniň yzynda durup, ýassy namazyny okadym. Ol «Ize’s-Sema’un şekkat» süresini okady»diýilmegi sebäp boldy.

Bir rowaýata görä, umuman parz namazlarda, başga bir rowaýata görä bolsa,diňe içiňden okalýan namazlarda ymamyň sejde aýatyny okamagyny mekruwh hasaplan ymam Mäligiň garşydaşlary üçin, Ebu Rafynyň rowaýatyndaky bu sözler güýçli bir delildir. Nepil namazlarynda sejde aýatyny okamagyň bolýandygy barada alymlaryň arasynda jedel ýok diýen ýalydyr.

2 Rawy Ebu Seleme ibn Abdyrahman ibn Awfynyň bu soragy bermegine, mundan öňki hadysyň düşündirişlerinde belläp geçişimiz ýaly, Ubaý ibn Kagp bilen Ibn Apbasyň mufassalda sejde ýokdugy hakdaky mewsul ýa-da mürsel hadyslary sebäp bolupdyr. Ýöne Ebu Hüreýräniň ygtybarly rowaýatynyň güýji olaryň rowaýatlarynyňkydan has ýokarydyr.

Mälim bolşy ýaly, Ebu Hüreýre (r.a) hijriniň ýedinji ýylynda iman getirýär. Yslam dinine şeýle giç girmegine garamazdan, Allahyň Resulynyň (s.a.w) bu sürede sejde edendigini habar bermegi Medinä göçüp baranyndan soňraPygamberimiziň (s.a.w) mufassalyň hiç bir süresinde sejde etmändigi baradaky rowaýaty güýçden gaçyrýar. Sebäbi kabul edilen düzgüne görä, bir zadyň edilendigi baradaky habar şol zadyň edilmändigi baradaky habardan üstündir, ýagny oňa garşy delildir. Şol sebäpli hem hanefiler, şapygylar, hanbalylar we mälikilerden Abdylwahhap bu sürede sejde bardygy bilen ylalaşypdyrlar. Ymam Şapygynyňhem başky sözünden ýüz öwrendigini mundan öňki hadysyň düşündirişinde aýdyp geçipdik.