557 «Nejm» süresi hakda

Başy » KURANDAKY SEJDE AÝATLARY KITABY » 557 «Nejm» süresi hakda

عَنْ زَيدِ بْنِ ثَابِتٍ رَضِي الله عَنْهُ : أنَّهُ قَرَأَ على النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: وَالنَّجْمِ. فَلَمْ يسْجُدْ فِيهَا .

 

Zeýt ibn Sabyt (r.a) şeýle diýipdir: «Bir gezek Allahyň Resulynyň (s.a.w) huzurynda «We’n-Nejm» süresini okadym. Ol bu süräniň soňunda sejde etmedi1».

 

1 Mälikiler «We’n-Nejm» süresiniň ahyrynda sejde etmegiň mustahap däldigini şu hadys bilen, şeýle hem Ata ibn Ýesäriň Ubaý ibn Kagbyň (r.a) adyndan beýan eden: «Mufassalda sejde ýokdur» hadysy bilen delillendirýärler. Ibn Apbasyň (r.a) adyndanhem şunuň ýaly bir hadys rowaýat edilýär. Ol göýä: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Medinä göçüp baranyndan soň, mufassalyň hiç bir süresinde sejde eden däldir» diýenmiş. Mufassalyň haýsy sürelerden ybaratdygy barada 404-nji hadysyň düşündirişinde aýdylypdy. Ata ibn Ebu Rebahyň, Hasan Basrynyň, Sagyt ibn Jubaýryň, Ikrimäniň, Tawusyň we Ebu Söwrüň mezhepleriniňhem şunuň ýalydygyny tefsirçi Aýny belläp geçýär. Şonuň ýaly-da, Zeýt ibn Sabydyň, Ubaý ibn Kagbyň, Ibn Apbasyň (Allah olardan razy bolsun!) pikirleri-de şunuň ýaly eken. Ymam Şapygynyň başky pikiri-de şundan tapawutlanmandyr. Ol ymam Mäligiň: «Kuranda on sany sejde bolup, hiç birisi mufassaldan däldir» diýen sözlerini beýan edeninden soňra: «Ubaý ibn Kagp hem, Zeýt ibn Sabyt hem hiç kimiň habary-da bolmadyk örän beýik mertebäniň eýeleridir. Zeýt Allahyň Resulynyň (s.a.w) nurly dünýä göç eden ýyly oňa Kuran okap beren bolsa, Ubaý hem Pygamberimize (s.a.w) iki gezek Kuran okap beripdir. Ibn Apbas bolsa Ubaýdanhem köp zat bilipdir. Bular, inşaallah, bilimleriniň köptaraplaýynlygy babatda şübhe edilmejek adamlardyr. Hususan-da,Medinäniň alymlarynyň bize duşanlary bu pikir bilen ylalaşýardylar. Allahyň Resuly (s.a.w.) hem Ubaý ibn Kagba ýüzlenip: «Saňa Kuran okatmagymy Allahü tagala maňa emr etdi» diýipdir. Şu mertebedäki adam Kurandaky sejdeleri bilmän bilermi?» diýýär. Ýöne Beýhaky «Muhtasary Büweýti» kitabyndaky rowaýata, şonuň ýaly-da, Müzeniniň, Rabywe Ibn Ebu Jarudyň beýan eden rowaýatlaryna esaslanyp, soňky aýdan sözünde ymam Şapygynyň mufassaldaky sejdeleriň tassyk edilendigini we gutarnykly sejdeler hökmünde häsiýetlendirendigini aýdýar. Hanefi mezhebiniň alymlary bolsa Ibn Mesgudyň we Ibn Apbasyň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) rowaýatlaryna (555-nji we 556-njy hadyslar) esaslanyp, bu sejdäniň wajypdygyny öňe sürýärler we bu hadysda beýan edilişine görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w) bu süre okalanda sejde etmändigini ýa onuň täretsiz bolmagy, ýa-da Kuranyň kerahet wagtynda okalmagy ýaly bir üzür sebäpli sejdäniň soňa goýulmagy bilen baglanyşykly bolmagynyň mümkindigi bilen düşündirýärler.