556 «Sad» süresindäki sejde hakda. Bu süräniň niresinde sejde ediler?

Başy » KURANDAKY SEJDE AÝATLARY KITABY » 556 «Sad» süresindäki sejde hakda. Bu süräniň niresinde sejde ediler?

      عنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِي الله عَنْهَمَا قَالَ: "ص". لَيسَتْ مِنْ عَزَائِمِ السُّجُودِ ، وَقَدْ رَأَيتُ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يسْجُدُ فِيهَا.

 

Ibn Apbas (r.a) şeýle diýipdir: «Sad» süresindäki sejde edilýän ýer sejde edilmegi kesginlik bilen emr edilen ýerleriň biri däldir. Ýöne men Allahyň Resulynyň (s.a.w) bu süräni okan mahaly sejde edendigini gördüm»1.

 

1Ibn Apbasyň (r.a) adyndan tilawet sejdesi bilen bagly beýan edilen başga bir hadysda: «Hezreti Pygamber (s.a.w.) «Nejm» süresini okanda sejde etdi we onuň ýanyndaky musulmanlar, müşrükler, ynsanlar hem jynlar göreldesine eýerdiler» diýlipdir.

Nesaýynyň öz kitabynda Ibn Apbasyň (r.a.) «Sad» süresindäki tilawet sejdesi bilen bagly bir rowaýaty beýan edip, onda şeýle diýilýär: «Ibn Apbas (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly «Sad» süresinde sejde etdi we: «Dawut toba hökmünde sejde edipdi, bizhem şükür etdigimiz hökmünde sejde ederis»diýdi».

Buharynyň kitabynda «Sad» süresiniň tefsirinden söz açylýan rowaýatda şeýle diýilýär: «Müjähit: «Sad» süresinde näme sebäpli sejde edýärsiň?» diýip, Ibn Apbasdan sorapdyr. Ol hem: «Nuhuň neberelerinden bolan Dawudy, Süleýmany we olara eýeren pygamberleri Allahü tagalanyň pygamberlik bermek bilen we jebir-jepalara garşy çydamlylyk bermek bilen hidäýete ýetirendigini, Pygamberimize-de şolaryň Hudaýyna tabyn bolup, şolar ýaly jebir-jepalara sabyr eýlemegi buýrandygyny habar berýän aýaty-kerimeleri («Engam» süresiniň 84-90-njy aýatlary) okamadyňmy?» diýip jogap beripdir».

 Nesaýynyň ýokardaky rowaýatyndan çen tutup, «Sad» süresindäki sejdäniň hezreti Dawut alaýhyssalam üçin toba sejdesi, Allahyň Resuly (s.a.w.) üçinhem şükür sejdesi bolmagynyň sebäbine düşünmek üçin, bu süredäki sejde aýatynyň, ýagny: وَحُسْنَ مَآَبٍ= «We husne meäbin» («Sad» süresiniň 25-nji aýatyndan) sözlerinden öň gelýän aýaty-kerimeleriň birnäçesiniň gysgaça mazmunyny gözden geçirmek gerek bolar.

Allahyň Resuly (s.a.w.) Mekgede yslam dinine çagyrmaga başlanda,müşrükler tarapyndan onuň jadygöý, kezzap atlandyrylyp, inkär etmek bilen garşylanandygy we jebir-jepalara yzygiderli sezewar edilendigi mälimdir. Ine, şol kynçylykly döwürlerde Allahü tagala öz söýgüli Pygamberine teselli bermek we erkini taplamak üçin,öňki gelip-geçen pygamberleriňhem nuh, ad, semud, lut kowumlary ýaly nadan we zalym kowumlar tarapyndan kezzaplykda aýyplanandyklaryny we şol sebäpli ol kowumlaryň ýeke-ýekeden azaba duçar edilip, Ýeriň ýüzünden süpürilip taşlanandygyny habar berip, sabyr we çydamlylyk etmegi maslahat berýärdi.

Bu maslahat bermeklik dowam etdirilip: اصْبِرْ عَلَى مَا يَقُولُونَ وَاذْكُرْ عَبْدَنَا دَاوُودَ ذَا الْأَيْدِ إِنَّهُ أَوَّابٌ= «Ysbir alä mä ýekuwluwne wezkür abdenä Däwuwde zel-eýdi. Innehuwww ewwäbün» (golaý manysy: «Olaryň aýdanlaryna sabyr et. Gulumyz Dawudy – şol güýçli adamy ýadyňa sal. Ol toba edip, ähli dert-belalardan bize ýönelerdi» («Sad» süresiniň 17-nji aýaty) aýaty-kerimesinden başlap hem Dawut alaýhyssalamyň ömür ýoly hakdaky gürrüňe geçilip, iň soňunda: وَظَنَّ دَاوُودُ أَنَّمَا فَتَنَّاهُ فَاسْتَغْفَرَ رَبَّهُ وَخَرَّ رَاكِعًا وَأَنَابَ= «We zanne Däwuwdü ennemä fetennähü festagfere Rabbehuw we harra raakigan we enäbe» (golaý manysy: «Dawut biziň özüni synanymyzy bildi we Rebbinden bagyşlamagyny diläp, egilip sejde etdi, toba edip, Allaha ýöneldi» («Sad» süresiniň 24-nji aýatyndan) diýen mukaddes sözler arkaly onuň bir ýalňyşlyk sebäpli istigfar bilen sejdä gidip, Allahü tagala mynajat edendigi bildirilýär. Munuň yzýanyndan:فَغَفَرْنَا لَهُ ذَلِكَ وَإِنَّ لَهُ عِنْدَنَا لَزُلْفَى وَحُسْنَ مَآَبٍ= «Fe-gafarnä lehuw zälike. We inne lehuw yndenä le-zülfä we husne meäbin» (golaý manysy: «Soňra bu hereketi sebäpli ony bagyşladyk. Onuň ýanymyzda beýik bir ornunyň we gözel bir geljeginiň bardygy şübhesizdir». («Sad» süresiniň 25-nji aýaty) diýlip habar berilýär. Muny-da oňa uly bir soltanlyk we adalatlylyk berlip, ogly Süleýmanyň sowgat edilendigine degişli aýatlar has berkidýärler.

Hezreti Dawudyň toba we istigfar bilen sejde edip, Allahü tagala ýüzlenendigi üçin,Pygamberimiz (s.a.w) onuň sejdesine «Toba sejdesi» diýipdir.

Allahyň Resuly (s.a.w.) bolsa Dawut alaýhyssalamyň bagyşlanmagy we Allahü tagala tarapyndan özüne beýik derejeler wada edileni sebäpli sejde edendigi üçin, öz sejdesini «Şükür sejdesi» atlandyrypdyr. Şol sebäpli hanefiler «Sad» süresiniň 24-nji aýatyndan soňra däl-de, 25-nji aýatyndan soňrasejde edýärler.

«Sad» süresinde sejde bardygy hakda hanefi we şapygyymamlary hiç hili şübhelenmeýärler. Sufýan Söwriniň, Abdullah ibn Mübäregiň, Ahmet ibn Hanbalyň we Yshagyň mezhepleri hem şunuň ýalydyr. Jedel diňe bu sejdäniň azaimi-sujuddan, ýagny parz sejdelerdendigi ýa-da däldigi barada gidipdir. Ymam Şapygy bilen onuň mezhebine eýerenler: «Sad» süresindäki sejde wajyp däldir. Onuň bir şükür sejdesi bolmagy hem mümkindir. Namazyň daşynda mustahap hökmünde sejde ediler. Namazda bolsa bu sejde haramdyr» diýipdirler. Ymam Ebu Hanife bilen onuň mezhebine eýerýänlere görä, bu sejde parz edilen sejdelerdendir we wajypdyr. Ymam Mälik we Ahmet ibn Hanbaldan bolsa iki hili pikir gelip ýetip, pikirleriň biri boýunça olar şapygylar bilen, beýlekisi boýunça-da hanefiler bilen pikirdeş bolup çykýarlar.

Ymam Şapygy Ibn Apbasyň şu hadysdaky: «Sad» süresindäki sejde edilýän ýer sejde edilmegi kesginlik bilen emr edilen ýerleriň biri däldir» diýen sözleri öz pikirine esas edip alýar. Ymam Ebu Hanife bilen onuň mezhebine eýerýänler bolsa Ibn Apbasyň bir özüniň düşünjesini aňladýan bu rowaýata görä amal etmän, Buharynyň kitabynda «Sad» süresiniň tefsirini beýan edip, Kuranyň aýatlarynaesaslanýan we Allahyň Resulynyň (s.a.w) özüni alyp barşyny görkezýän rowaýaty saýlap alypdyrlar. Nesaýynyň öz kitabynda beýan eden rowaýaty-da hanefiler üçin ikinji bir delildir. Bu rowaýatda «Sad» süresindäki sejdäniň «toba sejdesi»hökmünde ýatlanmagy,ol sejdäniň parz edilen sejde bolmagyny asla aradan aýyrmaz. Hatda Ibn Apbasyň gürrüň beren bu hadysy hanefilere üçünji bir delil bolup hem hyzmat edip biler. Çünki onda-da Allahyň Resulynyň (s.a.w) sejde edendigi gürrüň berilýär.

Hadysy-şerifdäki «azaim» sözi «azime» sözüniň köplügidir. «Azime» aslynda bir zada köňlüňi baglamak manysyny berip, soňra Allahü tagalanyň emr eden parzlary babatda ulanylmaga başlanypdyr.