555 «Nejm» süresindäki sejde. Kurany-Kerimdäki sejde aýatlary. Sejde aýatlarynyň sany we orunlary barada ymamlaryň jedelleri. «Azäimi-süjuwd» diýilýän sejdeler babatdaky pikirler
عَنْ عَبْدِ الله بْنِ مَسْعُودٍ رَضِي الله عَنْهُ قالَ: قَرَأَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ النَّجْمَ بِمَكَّةَ ، فَسَجَدَ فِيها وَسَجَدَ مَنْ مَعَهُ غَيرَ شَيخٍ ، أَخَذَ كَفًّا مِنْ حَصى أَوْ تُرَابٍ فَرَفَعَهُ إلى جَبْهَتِهِ ، وَقَالَ: يكْفِينِي هذا ، فَرَأَيتُهُ بَعْدَ ذلِكَ قُتِلَ كَافِرًا.
Abdullah ibn Mesgut (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Mekgede wagty «We’n-Nejm» süresini okap, bu süräniň ahyrynda sejde etdi1. Ýanynda bolan imanly kişileriň we müşrükleriň hem bary sejde etdi. Diňe bir garry adam sejde etmän, bir owuç çagyl ýa-da toprak alyp, maňlaýyna degirdi-de: «Şu edenim meniň üçin ýeterlik bolar» diýdi. Ine, şol kişiniňsoňra Bedir söweşinde kapyr hökmünde öldürilendigini gördüm».
1 Kurany-Kerimiň on dört ýa-da on bäş ýerinde,ony okaýan kişiniňhem, diňleýän kişiniňhem sejde etmegi gerekdir. Biziň ulanýan Kurany-Kerim kitaplarymyzda olaryň diňe on dördüsi ýörite aňladylypdyr. Kurany-Kerim okalanda sejde edilýän ýerler aşakdakylardyr:
1) «A’raf» süresiniň ahyrynda;
2) «Ra’d» süresiniň 15-nji aýatyndan soňra;
3) «Nahl» süresiniň 50-nji aýatyndan soňra;
4) «Isra» süresiniň 109-njy aýatyndan soňra;
5) «Merýem» süresiniň 58-nji aýatyndan soňra;
6) «Haj» süresiniň 18-nji aýatyndan soňra;
7) «Haj» süresiniň 77-nji aýatyndan soňra;
8) «Fürkan» süresiniň 60-njy aýatyndan soňra;
9) Hanefi mezhebine görä, «Neml» süresiniň 25-nji aýatyndan, ymam Mälige we ymam Şapyga görä, 26-njy aýatyndan soňra;
10) «Sejde» süresiniň 15-nji aýatyndan soňra;
11) Ymam Mälige we ymam Ebu Hanifä görä, «Sad» süresiniň 24-nji aýatyndan soňra. şapygy mezhebiniň alymlaryna görä, bu ýerde sejde ýokdur. Ymam Mälikden gelip ýeten başga bir söze görä, bu sejde 25-nji aýatdan soňradyr;
12) Ymam Mälige we ymam Şapygynyň başky sözüne görä, «Fussilet» süresiniň 37-nji aýatyndan soň, hanefi mezhebiniň alymlaryna, ymam Ahmede we ymam Şapygynyň soňky sözüne görä bolsa, şol süräniň 38-nji aýatyndan soňra;
13) «Nejm» süresiniň 62-nji aýatyndan soňra;
14) «Inşikak» süresiniň 21-nji aýatyndan soňra. Mäliki mezhebinden Ibn Habybyň pikirine görä, bu süräniň ahyrynda;
15) «Alak» süresiniň ahyrynda.
Bu on bäş sejde ymam Mäligiň mezhebine eýerýän medinelileriň pikirine laýyk gelýär. Hezreti Omar bilen Ibn Omaryňhem (Allah ikisindenhem razy bolsun!), müjtehit ymamlardan Leýs ibn Sagt bilen Yshak ibn Rahuýanyňhem, ymam Ahmetden gelip ýeten rowaýata görä, Ibn Münziriňhem, şapygy mezhebiniň alymlaryndan Merwezi bilen Ibn Şüreýhiňhem pikirleri şunuň ýaly bolupdyr. Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä, on dört ýerde sejde edilmeli. Olar «Haj» süresindäki ikinji sejdäni terk edýärler. Ymam Şapygynyň soňky sözüne görä hem sejdeleriň sany on dört bolup, olar «Sad» süresinde sejde bardygy bilen ylalaşmandyrlar. Ebu Söwr hem sejdeleriň sanynyň on dörtdügini aýdyp, ol beýlekilerden tapawutlylykda «Nejm» süresindäki sejdäni terk edipdir. Ata Horasanynyň pikirine görä bolsa,sejdeler on üç sany bolup, ol «Haj» süresindäki ikinji sejdäni we «Inşikak» süresindäki sejdäni ykrar etmändir.
Mesrugagörä, «Haj» süresindäki ikinji sejdäni, «Sad» we «Inşikak» sürelerindäki sejdeleri terk edeni sebäpli, sejdeleriň sany on ikidir. Bu sejdeleriň sany ymam Şapygynyň başky sözüne görä we ymam Mäligiň pikirine görä, «Nejm», «Inşikak» we «Alak» sürelerindäki sejdeler terk edilen ýagdaýynda,on bir bolýar. Hasan Basrynyň, Ibn Müseýýebiň, Ibn Jubaýryň, Ikrimäniň, Müjähidiň, Ata ibn Ebu Rebahyň we Tawusyň pikirleri hem şunuň ýaly bolupdyr. Ibn Apbas bilen Ibn Omaryň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) pikirleriniňhem şunuň ýaly bolandygy rowaýat edilipdir. Käbirleriniň pikirine görä, bu sejdeleriň sany ondur. Aýny nejimli gojalaryň Kuran okalanda sejde edilmeli ýerleri anyklamak üçin Mekge bilen Medinä adam gönderendiklerini we şol adamyň bu iki mukaddes şäheriň alymlarynyň on sejde edilmelidigi barada bir pikire gelendikleriniň habaryny getirendigini Ibn Ebu Şeýbäniň rowaýatyna salgylanmak bilen beýan etse-de, mekgeli we medineli alymlaryň atlaryny-da, bu sejdeleriň Kuranyň haýsy aýatlaryndan soňraedilmelidigini hem belli etmändir. Şonuň ýaly-da, Ibn Ebu Şeýbäniň Ibn Mesgudyň (r.a) adyndan beýan eden rowaýatyna görä, «azaaimi-süjuwd», ýagny terk edilmejek sejdeler bäş sanydyr. Ibn Ebu Şeýbäniň hezreti Alynyň (kerremallahu wejheh) adyndan beýan eden rowaýatyna görä bolsa, şolar ýaly sejdeleriň sany dörtdür. Abd ibn Umaýryň mezhebine görä hem bu sejdeleriň sany dört bolup, diňe sejde edilýän ýerler tapawutlydyr. Ibn Ebu Şeýbäniň Sagyt ibn Jubaýryň adyndan beýan eden rowaýatynda bolsa bu sejdeleriň sanynyň üçdügi aýdylýar.
Hanefi mezhebiniň alymlaryna görä, tiläwet sejdeleri Kuran okamak, diňlemek we tabyn bolmak bilen baglanyşyklylykda ýerine ýetirilýär. Şonuň üçinhem Kuran okaýanyň sejde edişi ýaly, ony diňleýän-de bu sejdäni ýerine ýetirer. Jemagatyň arasynda bolup, näme okalýanyny eşitmeýän kişi hem ymama uýup, sejde eder. Diňlemek niýeti ýokka Kuran okalanyny eşiden adam hakda şapygy mezhebiniň alymlarynyň arasynda üç hili garaýyş bar:
1) Ymam Şapygynyň ygtybarly bir sözüne görä, Kuran okalýanyny tötänleýin eşiden kişiniň sejde etmegi mustahapdyr, sünneti-müýekkede däldir;
2) Bu adamyň diňlemegi niýet eden adamdan tapawudy ýokdur;
3) Ymam Gazaly ýaly käbir alymlaryň pikirine görä, ol adam üçin tiläwet sejdesi sünnet däldir.
Tiläwet sejdesiniň hökümi babatda aýdylanda bolsa, ymam Ebu Hanifä görä, bu sejde Kuran okaýan we ony diňleýän (diňlemegi niýet etse-de, etmese-de) üçin wajypdyr. Ibn Ebu Şeýbäniň «Musannef» atly kitabynda Ibn Omaryň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda: «Sejde aýatyny eşideniň paýy bu sejdedir» diýilmegi, Buharynyň şu mesele bilen baglanyşyklylykda hezreti Osmanyň (r.a) adyndan beýan eden rowaýatynda: «Hakykatdanhem bu sejde tiläwet aýatyny eşideniň paýydyr» diýen sözleriň bolmagy hanefi mezhebiniň alymlaryna delil bolup hyzmat edişi ýaly, Kurany-Kerimiň:فَمَا لَهُمْ لَا يُؤْمِنُونَ وَإِذَا قُرِئَ عَلَيْهِمُ الْقُرْآَنُ لَا يَسْجُدُونَ= «Femä lehüm lä ýü’minuwne we izä kury-e aleýhimül-Kuränü lä ýesjüduwne» (golaý manysy: «Şeýle bolsa, olar näme üçin iman getirmeýärler? Olar üçin Kuran okalanda,näme üçin sejde etmeýärler?»(«Inşikak» süresiniň 20-21-nji aýatlary)), şonuň ýaly-da:فَاسْجُدُوا لِلَّهِ وَاعْبُدُوا= «Fesjüduw lillähi wegbüduw» (golaý manysy: «Allaha sejde etmek arkaly ybadat ediň» («Nejm» süresiniň 62-nji aýaty)) we:كَلَّا لَا تُطِعْهُ وَاسْجُدْ وَاقْتَرِبْ= «Lä tutyghü wesjüd wekterib»(golaý manysy: «Sejde edip, Allaha ýakynlaş!»(«Alak» süresiniň 19-njy aýaty)) aýaty-kerimeleri hem olaryň daýanýan delillerindendir. Soňky iki aýatdaberilýän emrden sejde etmegiň wajypdygy görünýär. Bu ýerde mysal getirilen birinji aýatda-daKurany eşidip, sejde etmeýänler Allah tarapyndan ýazgarylypdyr. Ýazgarylmagyň bolsa diňe wajyby terk edýänlere degişlidigini aýdýarlar. Hatda Ybraýym ibn Ýezit Nahaýy: «Adam namaz okap durka-da sejde aýatyny eşitse, derrew sejde etmelidir» diýer eken. Şagbynyň aýtmagyna görä, Abdullah ibn Mesgudyň düşünjesine eýerenler namaz okap durkalarhem, namazyň daşynda-da sejde aýatyny eşiden batlaryna sejde eder ekenler.
Ymam Şapyga görä, tiläwet sejdesi sünneti-müýekkededir. Aýdan bir sözlerine görä, ymam Mälik hem, ymam Ahmet hem, Yshak hem, Ewzaýy hem, Leýs ibn Sagt hem, Dawut Zahyry hem onuň sünnetdigi bilen ylalaşypdyrlar. Hezreti Omaryň, Selman ibn Apbasyň, Ymran ibn Hüseýiniň (Allah olardan razy bolsun!) hem pikirleri şonuň ýaly bolupdyr. Mäliki mezhebiniň alymlarynyň arasynda tiläwet sejdesiniň sünnetdigi ýa-da mendupdygy barada jedel ýüze çykypdyr. Bu ymamlaryň tiläwet sejdesiniň wajyp däldigi bilen ylalaşmaklaryna biraz soňra beýan ediljek 557-nji hadys sebäp bolupdyr. Buharynyň kitabynda hezreti Omaryň (r.a) adyndan beýan edilip, «Tejride» girmedik bir hadys hem olaryň delilleriniň biridir.