512 Beni Kuraýza sapary bilen baglylykda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) aýdany. Haýwanyň üstündäki adamyň gorkuly ýagdaýlarda üm bilen namaz okaýşy

Başy » GORKULY WAGTDA OKALÝAN NAMAZ KITABY » 512 Beni Kuraýza sapary bilen baglylykda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) aýdany. Haýwanyň üstündäki adamyň gorkuly ýagdaýlarda üm bilen namaz okaýşy

     وََعَنْهُ رَضِيَ اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: قَالَ النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ لَنَا لَـمَّا رَجَعَ مِنَ الأَحْزَابِ: ( لاَ يُصَلِّيَنَّ أَحَدٌ الْعَصْرَ إلاَّ فِي بَنِى قُرَيْظَةَ ). فَأَدْرَكَ بَعْضَهُمُ الْعَصْرُ فِي الطَّريقِ ، فَقَالَ بَعْضُهُمْ : لاَ نُصَلِّي حَتَّى نَأْتِيَهَا ، وَقَالَ بَعْضُهُمْ: بَلْ نُصَلِّي لَمْ يُرِدْ مِنَّا ذَلِكَ ، فَذَكَرُوا ذَلِكَ لِلنَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ فَلَمْ يُعَنِّفْ أَحَداً مِنْهُمْ.

 

  Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Ahzapsöweşinden yzyna dolanyp geleninden soň, bize ýüzlenip: «Hiç kim kuraýza tiresiniň mekanyna barýança, ikindi namazyny1 okamasyn» diýdi2. Ikindi wagty girende käbirleri heniz ýoldady3. Ikindi wagty çykmaga golaýlanda,olaryň käbiri: «Ol ýere barýançak namaz okamarys» diýse, käbirleri-de: «Ýok, biz okarys. Bizden islenilen zat bu diýeniňiz däldir»4 diýdiler. Soňra bu bolan işi Allahyň Resulyna (s.a.w.) habar berdiler. Ol bu topardakylaryň hiç birine-degaharlanmady»5.

 

1 Ahzap söweşiniň bir ady Hendek söweşidir. Ol Bedir we Uhut söweşlerinden soň, alymlaryň esasy köplügine görä, hijriniň bäşinji we Musa ibn Ukbanyň öz kitabynda Zühriniň adyndan beýan etmegine görä-de hijriniň dördünji ýylynyň şowwal aýynda bolup geçipdir. Ýehudy taýpasynyň nadyr tiresi Medinäniň töwereklerinden sürgün edileninden soň ( bu barada «Haşr» süresinde gürrüň edilýär), Haýbardaýaşaýan ýehudylaryň öz baýlyklaryna we sözleriniň geçginliligine daýanyp, köp zatlary wada berip, araptirelerini musulmanlaryň garşysyna öjükdirmekleri bu möhüm wakanyň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr. Kuraýyş we gatafan tireleriniň gatnaşmagynda süleým, eset, müfre, eşja ýaly köpsanly uruglar ondan-mundan toplanyp gelip, Medinäniň garşysynda jemlenipdirler. Olaryň sany on müňe baryp, olaryň garşysyna çykyp biljek musulmanlaryň sany bolsa, takmynan, üç müňden ybarat bolany üçin, şonuň ýaly-da,Medinäniň özündäki mynapyklaryň her hili ýalan gepleri ýaýratmaklary netijesinde halkyň arasynagorky aralaşypdyr. Şol döwürde ýaňy bir musulmançylygy kabul eden Selman Parsynyň (r.a.) teklip etmegi bilen, duşman toplanyp gelýänçä, Medinäniň Şam tarapynda bir hendek gazylyp, ony gazmaga sahabalaryň hemmesi, hatda Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hut özi-de gatnaşypdyr. Araplarşol wagta çenli mydama açyklykda, päsgelçiliksiz ýerlerde ýüzbe-ýüz durup uruşmaga endik edensoňlar, musulmanlara bu hendegiň aňyrsynda durup goranmak aňsat düşüpdir. Ine, şol sebäpli hem bu möhüm waka Ahzap wakasy diýlişi ýaly, Hendek wakasy-da diýilýär. Güýçli bir sowuk we iň soňunda-da müşrükleriň heläk bolmagyna sebäp bolan harasat gabawyň aýrylmagyny hem-de duşmanlaryň dagap gitmegini üpjün edipdir. «Ahzap» süresi şu waka bilen baglylykda inipdir.

2 Kuraýzanyň ýehudalary (Medinäniň töweregindäki beýleki ýehudylar ýaly) Beýik Hijretiň başynda baýlyklarynyň we janlarynyň, her dürli hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny göz öňünde tutulyp baglaşylan şertnama esasynda musulmanlar bilen gatnaşyp, bu şertnamadan gelip çykýan borçlary boýunça,söweş mahalynda musulmanlara ýardam etmelidiler, şonuň ýaly-da, kuraýyşyň peýdasyna hiç hili hereketde bolmaly däldiler. Soňra ýehudylaryň bu şertnamany bozmaklary bilen kuraýza tiresi musulmanlar bilen täzeden şertnama baglaşýar. Ýöne şol bir wagtyň özünde-de,olaryň baştutany Haýbardakyýehudylara goşulyp, bu tiräniň adamlary yslam dinini ýok etmek üçin, araplary musulmanlara garşy öjükdirmek üçin hiç bir zatdan gaýtmandylar. Birnäçe gezek ähdini bozan bu tire ýaňy bir gurlup ugran iň uly yslam merkezi üçin bela bolup döräp, onuň aman galmagynyň yslam dininiň geljegi üçin uly bir howp boljagy sebäpli, Allahü tagalanyň ýardamy bilen Ahzap belasyndan dynylanyndan soň, bularyňhem köküni köwlemek zerurdy.

Allahyň Resuly (s.a.w.) sahabalary bilen birlikde zilhijje aýyna bir hepdegalanda Medinä dolanyp gelipdir. Sahabalar henizdynç alyp ýetişmänkäler, olaryň tizden-tiz kuraýza tiresiniň üstüne ýöremelidikleri barada Allahü tagalanyň wahysyinýär.

Buharynyň kitabynda musulmanlaryň enesi hezreti Äşäniň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýata görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) Hendek söweşinden dolanyp gelip we ýaraglaryny aýryp, gusul täretini alyp durka,Jebraýyl alaýhyssalam gelip: «Senýaraglaryňy taşladyňmy?Biz bolsaýaraglarymyzy henizhem elimizden aýran däldiris. Bu ýerde durma, olaryň üstüne ýöre» diýipdir. Allahyň Resulynyň (s.a.w.): «Nirä?» diýip beren soragyna-da kuraýza tiresiniň ýaşaýan ýerine tarap yşarat edip: «Şol ýere» diýip jogap beripdir.

Ubaýdylla ibn Kagbyň gürrüň beren rowaýatyna görä, Jebraýyl alaýhyssalam Pygamberimize (s.a.w): «Şunuň ýaly urşujy bolmak üçin näme üzüriň bar?» diýipdir. Ibn Yshagyň gürrüň beren rowaýatyna görä, Allahyň Resuly-da (s.a.w.) bu sözleri eşideninden soň, derrew oturan ýerinden böküp turup, Bilala (r.a.): «Kim Allahyň we Allahyň Resulynyň sözüne gulak asýan bolsa, ikindi namazyny kuraýza tiresiniň ýurduna barman okamasyn» diýdirip jar çekdiripdir. Şonuň ýaly-da, Zühriniň ýene Ibn Yshagyň adyndan beýan eden rowaýatyna görä, Jebraýyl alaýhyssalam: «Sen ýaragyňy asdyňmy?Perişdeler bolsa häzir hem ýaraglaryny ellerinden aýran däldirler. Men olary, ýagny derbi-dagyn bolan ahzap müşrüklerini kowalamakdan şu wagt dolanyp gelýärin. Eý, Muhammet, Allahü tagala saňa kuraýza tiresiniň üstüne ýöremegi emr edýär. Men hem şol ýere olary silkelemäge gidýärin» diýipdir.

Ibn Sagdyň gürrüň beren rowaýatynda-da Allahyň Resuly (s.a.w.) sahabalaryň ýorgunlygyndansöz açyp, bu saparyň birnäçe gün yza çekdirilmegini haýyş etse-de, Jebraýyl alaýhyssalam: «Derrew üstlerine git. Wallahy, men olary ýumurtgany gaýa uran ýaly edip mynjyratjak. Galalarynyň içine girip, silkelejek» diýeninden soň, ýanyndaky perişdeler bilen birlikde yzyna öwrülip,kuraýza tiresiniň ýurduna ugrapdyr.

Buharynyň kitabynda Enesiň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda-da: «Ganam tiresiniň ýaşaýan köçesinde Jebraýyl alaýhyssalamyň ýanyndaky atlylaryň atlarynyň toýnaklaryndan tozanyň ýokary galşy häzirhem gözümiň öňünde» diýlipdir.

3Esger sahabalaryň hemmesi Hendek söweşinden dolanyp gelenlerinden soň, öýle namazy okalandygy, Jebraýyl alaýhyssalamyň wahy getiren wagtynyň öýle bilen ikindiniň aralygydygy barada alymlar bir pikirde bolup, olaryň pikiri Buharynyň kitabynda Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda ikindi namazy sebäpli beýlekilerden yza galmazlyk hakda aýdylanagabat gelýär. Ýöne Buhary bilen Müslimiň şol bir hadysy şol bir ýoldan, ýöne dürli-dürli beýan etmekleri geň galdyrýar. Müslimiň kitabyndaky rowaýatda ikindi namazyna derek öýle namazy hakda gürrüň edilýär. Ebu Nugaým özüniň «Müstahrej» atly kitabynda şol bir hadysy ikindi namazy bilen baglanyşdyryp beýan edişi ýaly, Tabaranynyň kitaby bilen «DelailiBeýhaky» atly kitapda Kagp ibn Mäligiň (r.a.), ýene Beýhakynyň kitabynda hezreti Äşäniň (r.a.) atlaryndan beýan edilen rowaýatlarda Buharynyň kitabyndaky rowaýatda aýdylanlar gaýtalanýar. Ebu Ýagla, Ibn Sagt, Ibn Hybban ýaly köpsanly alymlar bolsa Ibn Omaryň gürrüň beren hadysyny, Müslimiň kitabynda edilişi ýaly, öýle namazy bilen baglanyşdyrypdyrlar.

Ibn Omaryň, Kagp ibn Mäligiň, hezreti Äşäniň (Allah olardan razy bolsun!) gürrüň beren rowaýatlaryndaky gapma-garşylygy aňsatja aradan aýyrmak mümkin. Allahyň Resulynyň (s.a.) beýik emri öýle wagty gireninden soňrayglan edilen bolup biler. Ol bu buýrugy beren wagty sahabalaryň kimi öýle namazyny okap, kimi-de heniz okaman, bu namazy okamadyklara: «Öýle namazyny kuraýza tiresiniň ýurdunda okaň», öýle namazyny okanlara-da: «Ikindi namazyny kuraýza tiresiniň ýurdunda okaň» diýlip bilner. Ýa-da sahabalar ýola çykmaga şaýlanýarkalar kuraýza tiresiniň ýurduna örän çalt gitmelidigini göz öňünde tutup, Allahyň Resuly (s.a.w.) derrew häzir bolanlara öýle namazlaryny şol ýere baransoňlar okamaklaryny, gijä galanlara bolsa, öýle namazlaryny eýýäm okandyklaryny göz öňünde tutup, ikindi namazlaryny şol ýere baryp okamaklaryny emr eden bolmagy hem mümkin. Ýöne Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysyň Buharynyň we Müslimiň kitaplarynda şol bir ýoldan beýan edilendigine garamazdan, iki beýanyň biri-birinden tapawutlanmagy barada aýratyn durup geçmek gerek. Ibn Hajar Askalany bu wezipäni öz üstüne alyp, iň soňunda-da ýa Buhary bilen Müslimiň şyhyAbdullah ibn Muhammet ibn Yshagyň ilkibaşda Buhara bu hadysy ikindi namazy bilen baglanyşdyryp gürrüň beren bolmagynyň mümkindigi, ýa bolmasa, Buharynyň öz ýadyna bil baglap, bu hadysy ýatdan ýazan bolmalydygy hakdaky netijä gelýär. Sebäbi Buharynyň rowaýat bilen baglanyşykly köp zatlary öwrenip, hadysy-da ýatdan ýazan bolmagy mümkin. Müslim bolsa sözleriň gylyny gyşartmazlyga örän köp üns beripdir. Askalany bu hadysyň Müslimiň kitabyndaky nusgasyny Buharynyň kitabyndaky nusgasyndan öňe tutmagyny bu babatda Müslimiň nusgasyna gabat gelýän hadyslarygürrüň berenleriň sanynynyň has köp bolmagy bilenhem düşündirýär. Ýöne ol özüniň öňe süren birinji çaklamasyny, ýagny, bu iki nusgadaky tapawuda Buharynyň we Müslimiň şyhlarynyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigi hakdaky çaklamasyny has ynandyryjy hasaplaýar. Sebäbi Ebu Nugaýmyň «Müstahrej» atly kitabyndaky rowaýat hem şony tassyklap, bu hatanyň bolandygyny çak etdirýär.

4 Kagp ibn Mäligiň gürrüň beren rowaýatynda: «Gün ýaşýança kuraýza taýpasynyň ýurduna baryp ýetmediler. Gün ýaşyp barýarka-da aralarynda jedel ýüze çykdy. Şol wagt bir topar ikindi namazyny okady. Beýleki topar bolsa: «Biz Allahyň Resulynyň (s.a.w.) wajyp eden bir işini etmek bilen meşguldyrys» diýip, bu namazy soňa goýdular» diýlipdir. Sahabalaryň ikindi namazyny wagtynyň içinde okamak ýa-da okamazlyk barada eden jedelleri gapma-garşy delillerden gözbaş alyp gaýdýar. Sebäbi namazy öz wagtynda okamaga borçludyklary hemmesine mälim bolmak bilen birlikde, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) emrinden barylmaly ýere bir pursat öň barmak üçin durman öňe gitmek manysy-da aňlanylýar. Şol sebäpli sahabalaryň bir topary namazyň wagtynyň çykjagyny görenlerinden soň, esasy maksadyň diňe çalt gitmek bolup, namazy yza çekmek däldigine bakyp, namaz okapdyrlar. Beýleki topar bolsa aýdylana gös-göni tabyn bolup, barylmaly ýere çalt barmak üçin, namazy yza çekmegi gowy görüpdirler. Hususanhem olar ýaňy gatnaşan wakalary bolan Hendek söweşinde Allahyň Resulynyň (s.a.w.) hem öýle we ikindi namazlaryny Gün ýaşanyndan soňrakaza edişini-de görüpdiler.

5 Käbirleri Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu toparlaryň hiç birine gaharlanmandygyndan çen tutup, müjtehitleriň ýalňyşmaýandygy hakdaky netijä gelselerhem, bu hadysy-şerifde muňa delil boljak söz ýokdur. Sebäbi Allahyň Resuly (s.a.w.) olaryň hiç birine: «Dogry edipsiňiz» diýmän, diňe gaharlanman oňupdyr. Bir kişiniň eden işine gaharlanmazlyk ony makullamak däldir. Iki toparyň müjtehitdigini hem hasaba almaly. Bar başarnygyny sarp eden müjtehit ýalňyşsa-da ýazgarylmaz.

Gorky namazy bilen hiç hili baglanyşygybolmasa-da, Buhary tarapyndan bu hadysyň gorky namazyndan söz açýan hadyslaryň arasynda ýerleşdirilmegi onuň öňünden gelýän kyssa bilen baglanyşykly bolany üçindir. Buharynyň kitabynda bu hadysyň öňünden gelýän rowaýata görä, Welit ibn Müslim Kuraýyşybir gezek ymam Ewzaýa ýüzlenip, Şurahbyl ibn Symt Kindi bilen oňa eýerenleriň haýwan üstünde namaz okandyklaryny gürrüň beripdir. Ol hem: «Eger namazyň wagtynyňçykmagyndan gorkulsa, biziň pikirimizçe-de, şeýle edilmelidir» diýip jogap beripdir. Welit hem muny gürrüň berende, Ewzaýynyň pikirini tassyklap, ony Ibn Omaryň (r.a.) şu düşündirişlerimize sebäp bolan hadysy-şeribi bilen delillendiripdir. Ewzaýynyň adyndan gürrüň berlen beýleki rowaýatlara görä-de, Şurahbyl bir galany boýun egdirmäge çalyşýan mahaly öz tabynlaryna ertir namazyny ýere inmezden, haýwanyň üstünde okamaklaryny emr edipdir. Şol wagt onuň ýanynda bolan Eşter Nahaýy namazyny ýere düşüp okapdyr we muňa Şurahbylyň örän gahary gelipdir. Şurahbyl galany basyp almaga umyt edýäni üçin,namazyny üm bilen okapdyr we iň soňunda ony boýun egdiripdir. Eşterhem ýaralanypdyr.

Duşmanyň öz eliňden sypmazlygy, janyňdan jyda düşmezlik ýa-da wagty çykmanka namaz okamak üçin haýwan üstünde üm bilen namaz okamak, beýleki ymamlar ýaly, Ewzaýynyňhem unan zadydyr. Bu babatda duşmany kowalap barýan kişi bilen duşmandan gaçyp barýan kişiniň arasynda tapawudyň ýokdugyny aňlatmak üçin Buhary öz kitabynda ilki Ewzaýy bilen baglanyşykly kyssany, ondan soňra bolsa Ibn Omaryň (r.a.) şu hadysyny ýerleşdiripdir. Duşman tarapyndan kowalanýan kişiniň namazy ýöräp barýarka ýa-da haýwanyň üstünde üm bilen okamagyna rugsat berilýändigi barada alymlaryň hemmesiniň pikiri bir bolsa-da, Ata, Hasan Basry, Ebu Hanife, Sufýan Söwri, Şapygy, Ahmet ibn Hanbal we Ebu Söwri ýaly alymlara görä, duşmany kowalap barýan kişi üm bilen namaz okamaz.Şapygynyň adyndan gelip ýeten bir söze görä, duşmany kowalap barýan kişi ony sypdyrmakdan gorksa, namazy üm bilen okap biler, gorkmasa, okamaz. Tefsirçi Aýny bolsa Ewzaýyny hem şunuň ýaly pikir edýän adamlaryň hataryna goşýar. Mälik bilen onuň mezhebine eýeränleriň köpüsi boýunça bolsa, kowup barýan bilen gaçyp barýanyň arasynda tapawut ýokdur. Olaryň ikisi-de namazy haýwanyň üstünde üm bilen okap bilerler.

Bu hadysda gürrüňleri edilýän birtopar sahabanyň haýwanyň üstündekäler üm bilen namaz okandyklaryna degişli hiç bir zat aýdylmaýanhem bolsa, duşmany kowalap barýanlaryň wezipesi ýaly wezipäni ýerine ýetirýän hökmünde bolan beýleki toparyň,duşmany elden sypdyrmak gorkusy sebäpli,namazy yza çekendigi äşgärdir. Bu ýerde munuň şeýledigi aýdylmak bilen, şunuň ýaly sebäbiň esasynda namazy yza çekmäge rugsat berilýän bolsa-da, namaz wagtynyň çykmagyna garaşman, mümkin boldugyndan üm bilen namaz okamagyň has gowudygy nygtalmak islenipdir.

Duşmany kowalap barýan kişiniň üm bilen namaz okap biljekdigi bilen ylalaşýanlara mundan öňki hadysyň düşündirişinde Abdullah ibn Üneýsiň (r.a.) adyndan beýan edilen hadys hem delil bolup biler.

Buhary bu gürrüňiniň soňuna 241-nji hadysy-da gysgaldyp goşupdyr. Bu hadys bu ýerde gürrüňi edilýän mesele bilen onuň başyndaky: «Haýbaryň golaýynda ertir namazyny has garaňky wagty okadyk» diýen sözler arkaly baglanyşýan bolsa gerek. Buhary bu hadysy bu ýerde getirmek bilen, güýçli howp abanýan wagtynda we söweşiň gyzyşan wagtlarynda gorkuly wagtda okalýan namazyňwagtyň ahyryna çenli yza çekdirilmegini şert hasap edenleriň pikirini goldamaýandygyny görkezmek isleýän ýaly bolup görünýär.