511 Örän gorkuly bolan ýagdaýlarda namazyň haýwanlaryň üstünde oturan ýeriňde ýa-da aýak üstünde durlup okalmagy. Ýolagçynyň namazy. Sil gelmegi, ýangyn, ýyrtyjy haýwanlar sebäpli gorkulanda okalýan namaz

Başy » GORKULY WAGTDA OKALÝAN NAMAZ KITABY » 511 Örän gorkuly bolan ýagdaýlarda namazyň haýwanlaryň üstünde oturan ýeriňde ýa-da aýak üstünde durlup okalmagy. Ýolagçynyň namazy. Sil gelmegi, ýangyn, ýyrtyjy haýwanlar sebäpli gorkulanda okalýan namaz

   وَعَنْهَ رَضِىَ اللَّهُ عَنْهُ فِي رِوَايَةٍ قَالَ: عَنِ النَّبِيِّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: (وَإنْ كَانُوا أَكْثَرَ مِنْ ذَلِكَ ، فَلْيُصَلُّوا قِيَاماً وَرُكْبَاناً).

 

   Abdullah ibn Omar (r.a) öz gürrüň beren başga bir rowaýatynda1 Allahyň Resulynyň (s.a.w): «Duşman has köp bolup, gorky has uly bolsa, musulmannamazyny aýak üstünde durka hem, haýwanyň üstünde oturan ýerinde hem okap biler»diýendigini habar beripdir2.

 

1 Bu hadys Salym ibn Abdullah ibn Omaryň ýolundan beýan edilipdir. Müslimiň kitabynda Zühriniň ýolundan beýan edilen rowaýatda bolsa Ibn Omar (r.a) Allahyň Resulynyň (s.a.w): «Gorky mundan-da uly bolan ýagdaýynda, musulman haýwanyň üstünde ýa-da aýak üstünde duran ýerinde we diňe üm etmek bilen kanagatlanyp namaz okasyn» diýendigini aýdýar. Ine, şu goşmaça hakynda Buhary: «Ibn Omaryň habar beren bu sözleri Müjähidiň kitabyndaky: «Musulmanlar bilen duşmanlar biri-birleri bilen garyşanlarynda,namazy aýak üstünde okarlar»diýen sözlere meňzeýär» diýmek bilen, bu ikinji rowaýatyň Salymyň ýolundan beýan edilen rowaýatda bolmadyk sözleri-de öz içine alýandygyna ünsi çekýär. Buhary Müjähidiň sözlerine diňe çalarak degip geçip, asyl rowaýatyň haýsydygyny bu ýerde-de, başga ýerde-de aýtmandyr. Diňe Ysmaýyly «Müstahrej» atly kitabynda Müjähidiň: «Musulmanlar bilen olaryň duşmanlary biri-birleri bilen garyşanlarynda,diňe baş yşaraty bilen namaz okarlar» diýendigini habar bereninden soň, Buharynyň: «Ibn Omarhem Müjähit ýaly: «Duşmanlar has kän bolsa, musulmanlar haýwanlarynyň üstünde,pyýada bolsalarhem, aýak üstündekäler namaz okasynlar» diýipdir» diýendigini habar berýär. Müjähidiň we Ibn Omaryň (r.a) sözleri hökmünde beýan edilýän beýleki rowaýatlarda: «Şeýle ýagdaýda ediljek zat diňe zikir we baş bilen yşaratdyr» görnüşinde hem bir jümle bar. Bu ýerde «zikir» diýlip, adaty namazlar ýaly edilip okalmaýan we üm bilen okalýan namazyň göz öňünde tutuldygy bolýar. Ibn Mäligiň öz kitabynda Ibn Omara (r.a) ýanap beýan eden rowaýatynda hem: «Mundanhem artyk bir gorky bar bolsa, pyýadalar aýak üstünde, ulaglylar haýwanyň üstünde kybla bakyp, ýa bolmasa, bakman, namaz okarlar» diýlişi ýaly, Müslimiň kitabynda-da şoňa meňzeş bir rowaýat bar. Bu düşündirişlerden Müjähidiň beýan eden rowaýatynyň nireden alnandygy belli bolýar. Şeýle-de,Buhary bu goşmaçanyň merfuwdygyny belläp geçipdir. Ymam Mälik hem: «Ibn Omaryň muny,hernäme-de bolsa, Allahyň Resulynyň (s.a.w)aýdan sözi hökmünde gürrüň berendigini çaklaýaryn» diýipdir.

2 Muňa: «Gylyç gylyja degip durka okalan namaz» diýlipdir. Fykyhçy alymlaryň köpüsiniň pikirine görä, bu namazyňhem kanunlaşdyrylmagy namazyň hiç hili sebäp bilen terk edilip bilinmejekdigini ýene bir gezek görkezýär. Musulman kişiniň boýnundaky namaz okamak borjy hiç bir ýerde we hiç bir zamanda aradan aýrylmaz. Şu we şunuň bilen manydaş köpsanly hadyslaryň we olardan çykarylan netijeleriň hemmesi Kurany-Kerimdäki: فَإِنْ خِفْتُمْ فَرِجَالًا أَوْ رُكْبَانًا فَإِذَا أَمِنْتُمْ فَاذْكُرُوا اللَّهَ كَمَا عَلَّمَكُمْ مَا لَمْ تَكُونُوا تَعْلَمُونَ= «Fe-in hyftüm fe-ryjälen ew rükbänen. Fe-izä emintüm fezkürullahe kemä allemeküm mä lem teküwnuw taglemuwne» (golaý manysy: «Eger haýsydyr bir zatdan gorkýan bolsaňyz, namazlaryňyzy ýöräp barýarkaňyz ýa-da ulagyň üstünde oturan ýeriňizde okaň. Arkaýynçylyga gowşan mahalyňyzhem,Onuň size bilmeýän zadyňyzy bildirişi ýaly edip, namaz okaň»(«Bakara» süresiniň 239-njy aýaty)) diýen mukaddes sözlere esaslanýar.

Ymam Mälik, Şapygy we Ahmet ibn Hanbal bu aýaty-kerimäni söweş mahalynda namaz okamagyň wajypdygyna delil hasap edipdirler. Hanefi mezhebiniň ymamlaryna görä bolsa, bu aýaty-kerimede jeň hakda gürrüň edilmän, diňe gorkuly ýagdaýdan söz açylýandygyna bakyp, howply ýagdaýlarda şundan öňki hadysda agzalyp geçilen görnüşlerde, şonuň ýaly-da, Ibn Omaryň (r.a) rowaýat edişi ýaly, abanýan howp has uly bolanda, ýagny duşman tarapyndan daşyň gabalmak, islendik pursatda jeňe girmäge garaşyp durmak bilen baglanyşykly has gorkuly zamanlarda bolsa,«Bakara» süresiniň bu aýaty-kerimesiniň hökümine laýyklykda namaz okalar. Soňky ýaly ýagdaýda namaz okaýan kişi hökman kybla bakmaga borçly däldir. Beýle etmek hem mümkin bolmasa, gylyçlaşylýan we urşulýan wagtda namaz okalman, soňra okalar ýa-da kaza ediler. Sebäbi ýöräp, gylyç tutup, duşmandan özüňi goramak ýa-da duşmany öldürmek üçin edilýän köpsaply hereketi talap edýän amal bilen namaz dogry bolmaz.

Ulagly adamyň haýwanyň üstünde oturan ýerinde nepil namazyny okap biljekdigini şübhe astyna aljak adam ýok bolsa-da, onuň parz namazyny okap biljekdigi babatda jedel ýüze çykypdyr. Ibn Ebu Leýla, Hakem ibn Utaýbawe Hasan ibn Haý ýaly ymamlar: «Ulaglykişi,ýere düşmäge güýji ýetmejek ýagdaýda bolsa hem,haýwanyň üstünde parz namazyny okamaz» diýmek bilen, Huzaýfanyň (r.a) adyndan beýan edilişine görä, Hendek söweşinde Allahyň Resulynyň (s.a.w): «Kapyrlar bizi güýmäp, ikindi namazymyzy okamagymyza päsgel berdiler. Allah olaryň gabyrlaryny, kalplaryny, öýlerini ataş bilen doldursyn» diýen sözlerini delil tutunypdyrlar (353-nji hadysa-da seret). Ýöne Hendek söweşinde gorky namazynyň okalman, namazlaryň kaza goýulmagy heniz «Bakara» süresiniň ýokardaky aýaty-kerimesiniň inmändigi bilen baglanyşyklydy.

Söwri, Ebu Hanife, Ebu Ýusup, Muhammet, Züfer ýaly ymamlar bolsa: «Ulagly kişi söweşmek bilen meşgulka, namaz okamaz. Ony söweşden soňraokar ýa-da kaza eder. Eger ol söweşmek bilen meşgul bolman, ýere düşmek mümkinçiligi-de bolmasa, onda namazyny haýwanyň üstünde okar» diýipdirler. Şapyga görä bolsa ol namazda wagty jeňhem edip biler we gylyçlaşylýan wagtda pyýada-da, ulagly hem namaz okap biler. Ýöne namaz wagtynda yzygiderli uruş-sögüş etmeli bolsa, onda namazy bozular. Gepiň keltesi, kynçylykly zamanlarda namazy nähili okamak mümkin bolsa, şonuň ýaly edip okar. Şeýle ýagdaýda ýerine ýetirilmegi mümkin bolmadyk rukunlary-daterk etmäge rugsat berilýär. Eger rukuw we sejde etmegiň çäresi tapylmasa, onda olar üm arkaly ýerine ýetiriler. Alymlaryň esasy köplüginiň pikiri, ine, şunuň ýalydyr. Mälikiler bolsa: «Namazyň wagtynyň çykmak gorkusy bolmasa, bulary terk etmek dogry däldir» diýýärler.

Jabyr ibn Abdullah (r.a): «Gylyçlaşmaga gezek ýetende, haýsy tarapa bakyp duran bolsa-da, üm bilen namaz okasyn»; Katada: «Gorkuly zamanlarda haýwanyň üstündekäň hem, ýöräp barýarkaň hemnamaz okamagy JenabyHak saňa halal edendir. Haýsy tarapa bakyp durandygyňa garamazdan, üm bilen namaz okarsyň»; Ybraýym Nahaýy-da «Bakara» süresiniň 239-njy aýaty-kerimesini tefsir edende: «Duşman seni ýa-da sen duşmany yzarlamak bilen meşgul wagtyň namaz wagty girse, ýüzüňhaýsy tarapa bakýanyna garamazdan, üm bilen namaz okarsyň, sejde yşaratyny rukuw yşaratyndan has aşak edersiň» diýipdirler. Mälik bilen Söwriniňhem düşünjeleri şunuň ýalydyr.

Şu mynasybetli,ilkinjileriň hatarynda yslam dinine giren kyrk adamyň biri bolan Abdullah ibn Üneýs Jüheniniňýa-da Ensarynyň (r.a) howp ýok mahaly üm bilen okan namazyndan gürrüň açmak artykmaçlyk etmez. Onuň adyndan «Süneni Ebu Dawut» kitabynda beýan edilen hadysda şeýle diýilýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Uranawe Arafat taraplarynda oturýan Halyt ibn Sufýan Hüzelini öldürmäge meni ýollady. «Git, öldür» diýdi. Ony uzakdan gördüm. Şol wagthem ikindi namazynyň wagty girdi. Men içimden: «Belki aramyzda ikindi namazyny soňa goýmaga mejbur etjek bir ýagdaý ýüze çykar» diýip pikir edip, bu namazy terk etmezlik üçin, oňa garşy ýöräp barýarkam namaz okadym. Namazy üm bilen okadym. Men oňa ýakynlaşan wagtym: «Sen kimsiň?» diýip sorady. Menhem: «Araplardan bir kişi bolaryn. Seniň bu adamyň (ýagny Muhammet alaýhyssalamyň) üstüne hüjüm etmek üçin adam toplamak bilen meşguldygyňy eşitdim. Ine, menhem şol sebäpli seniň ýanyňa geldim» diýdim. Ol: «Hawa, hakykatdanhem men bu iş bilen meşgul» diýip seslendi. Birnäçe wagtlap onuň ýany bilen ýöredim. Soňra hem meniň üçin amatly pursat dörände, elim gylyçly üstüne topulyp,onyöldürdim».

Güýçli howp abanýan mahaly okalýan namaz iki rekagatdyr. Ýöne gorky namazynyň bir rekagatdygyny aýdan Ibn Apbasyň, Ebu Hüreýräniň, Ebu Musa Eşgarynyň (Allah olardan razy bolsun!) we olara eýeren tabygynlaryň güýçli howp abanýan zamanlarda diňe bir rekagat namaz okamaklyk bilen ylalaşandyklary tebigydyr. Ibn Omaryň (r.a.) Allahyň Resulyndan (s.a.w.) eşidendigini aýdyp gürrüň beren hadysy-şeribinde: «Gylyçlaşma zamanynyň namazy bir rekagatdyr. Adamyň ýüzi haýsy tarapa bolsa-da, bu rekagat onuň üçin ýeterlik bolar. Şony okanyndan soň, ol bu namazy gaýtadan okamaz»diýlipdir. Katadanyňhem düşünjesi şunuň ýalydyr. Ibn Jerir Tabary: «Iki rekagatdan az edip okalmagyny gowy görmeýärin. Ýöne diňe bir rekagat okasa-da ýeterlikdir diýip çak edýärin» diýýär. Sufýan Söwri bile Hasan ibn Salyhyň aýtmaklaryna görä, söweş sebäpli rukuwa gitmäge ýagdaýy bolmasa, bu ýagdaýda namaz okaýan kişi her rekagata derek bir tekbir bilen çäklenip biler. Yshak ibn Rahuýa-da: «Gylyçlaşylýan zamanda üm bilen bir rekagat okar. Bir rekagat okap bilmese, bir gezek sejde eder. Ony etmegi-de başarmasa, bir tekbir almak ýeterlik bolar» diýipdir. Ata bilen Sagyt ibn Jübeýir Ebu Buhtaryikisi-de: «Beýle pursatda: «Sübhanallahü welhamdülillähü Ekber» diýmek ýeterlikdir, namazy gaýtadan okamak zerur bolmaz» diýipdirler. Müjähit bilen Hakem ibn Utaýba-dadöwüşilýän we gylyçlaşýan wagtlarda bir tekbir almak bilen çäklenmek babatda şolaryňky ýaly pikirde bolupdyrlar.

Ewzaýy bolsa: «Eger ýeňiş pursaty golaýlaşyp, namaz okamaga güýçleri ýetmese, her kim üm bilen özbaşdak namaz okar. Üm bilen namaz okamaga-da güýçleri ýetmese, söweş tamamlanýança ýa-da arkaýynlyk ýüze çykýança namazy yza çekip, soňra iki rekagat namaz okarlar. Muňa-da güýçleri ýetmese, bir rukuw bilen iki sejdeden ybarat bir namaz okarlar. Muňa-da güýçleri ýetmese, tekbir almak ýeterlik bolmaz. Namazy arkaýyn boljak wagtlaryna çenli yza çekerler» diýipdir. Buhary öz kitabynda Mekhuwlyň hem şu pikir bilen ylalaşandygyny aýdanyndan soň, Enesiň (r.a.) aşakdaky sözlerini beýan edipdir. Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Tüster galasy gabalýarka,daňyň ýeri agaranda, şol ýerdedim. Söweş güýçlendi-de,ertir namazyny okamadylar. Gün ýokary galman, namaz okamadyk. Soňra Ebu Musa Eşgary bilen birlikde namaz okadyk. Galany boýun egdirmek hem bize miýesser etdi. Şol namazy bu dünýä,o dünýä eýe bolmak bilen hemçalyşmazdym».

Enesiň (r.a.),Mekhuwlyň we Ewzaýynyň pikirdeş bolandyklary aýdylýanhem bolsa, onuň aýdan soňky jümlesi bu babatda jedeliň ýüze çykmagyna sebäp bolupdyr. Enesiň (r.a.) hiç bir zada çalyşmak islemedik namazynyň kaza hökmünde okalannamazdygy ýa-da üm bilen okalman, kaza goýlan namazdygy barada tefsirçiler jedel edipdirler.

Ahmet Naimiň bu hadysa beren düşündirişlerini çapa taýýarlan Kämil Mirasbu düşündirişleriň yzyna: «Söweş mahalynda okalýan bu gorky namazynyň höküminiň ýyrtyjy haýwanlardan, ýa bolmasa, sil, ýangyn ýaly apatdan adamyň janyna, malyna, görjek peýdasyna zyýan gelmegi mümkin bolan ýagdaýlaryň hemmesine degişlidigini tesfirçi Kastalany aýdyp geçipdir» diýen sözleri goşupdyr.