571 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle bilen ikindi we agşam bilen ýassy namazlaryny birleşdirip okandygy hakda.

Başy » NAMAZY GYSGALTMA KITABY » 571 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öýle bilen ikindi we agşam bilen ýassy namazlaryny birleşdirip okandygy hakda.

Bu mesele bilen baglanyşykly beýleki rowaýatlar. Iki namazy jem etmek,beýle etmäge rugsat berilýändigi ýa-da berilmeýändigi, namazlaryň nähili edip jem edilmelidigi we jem etmegi mubah eden zatlar barada fykyhçy alymlaryň jedelleri. Hanefi mezhebiniň ymamlarynyň delilleri

 

     عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِي الله عَنْهُمَا قَالَ: كَانَ رَسُولُ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يجْمَعُ بَينَ صَلاَةِ الظُّهْرِ وَالْعَصْرِ إذَا كانَ على ظَهْرِ سَيرٍ ، وَيجْمَعُ بَينَ الْمََغْرِبِ وَالْعِشَاءِ.

 

Abdullah ibn Apbas (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) sapara çykylyp,ýol aşylyp barylýan wagtda1 öýle we ikindi namazlaryny, ýene agşam we ýassy namazlaryny birleşdirerdi»2.

 

1 Käbir nusgalarda: «Haýwanyň üstünde ýol aşan wagtynda» diýilse-de, bu iki jümläniň manylarynyň arasynda tapawut ýokdur.

Ýörelip barylýan wagtda we haýwanyň üstünde parz namazynyň okalmajakdygy bellidir. Bu ýerde Ibn Apbas (r.a.) parz namazlaryň okalmaly wagtynyň yza çekilip, bir ýerde düşlenilende, öýle bilen ikindi namazlarynyň, şonuň ýaly-da, agşam bilen ýassy namazlarynyň birleşdirilip okalandygyny habar bermek isläpdir.

566-njyhadys hökmünde Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilen hadys bilen «Tejride» girmedik, ýöne Buharynyň kitabynda Enes ibn Mäligiň (r.a.) adyndan beýan edilen hadys ýaly, bu hadys hem saparda iki namazy jem etmäge, ýagny iki namazy biriniň wagtynda okamaga şerigat boýunça rugsat berilýändiginiň delilleriniň biridir. Ibn Omaryň (r.a.) gürrüň beren hadysyndan görnüşine görä,howlukmaç ýol aşylanbu sapardadiňe agşam namazyözwagtyndan yza çekilip, soňra agşam we ýassy namazlary jem edilip, ýagny birleşdirilipokalypdyr. Bu ýerde Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen hadysda bolsa namazlary birleşdirip okamaga sebäp bolan zadyň ýöriş wagtyndaky hereketdigi görkezilmek bilen,agşamdyr ýassy namazlaryndan başga öýle we ikindi namazlarynyňhem birleşdirilip okalandygy mälim edilýär. Enes (r.a.) bolsa: «Allahyň Resuly (s.a.w.) günortandan öň ýola çykanda, öýle namazyny ikindi namazynyň wagtyna çenli yza çekip, soňra ýere düşüp, iki namazy jem edip okadardy. Ýola çykmazyndan öň Gün ortadan agsa, ol öýle namazyny okardy we soňra ýola düşerdi» diýýär. Dykkgat edilse, bu hadysda Enes(r.a.) günortandan öň ýola çykylanda öýle namazynyň yza çekilip, soňra ikindi namazy bilen jem edilendigini aýdýar-da, günortandan soň ýola çykylanda diňe öýle namazynyň sapardan öňürti okalandygyny habar berýär, ýagny şeýle ýagdaýda öýle bilen ikindi namazynyň jem edilendigini hem, jem edilmändigini hem aýtman, bu mesele gümürtik ýagdaýda goýulýar.Ýöne «SüneniDarakutny» atly kitapda Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen şunuň ýaly mazmunly rowaýatda beýle ýagdaýda jem edilmän: «Öýle we ikindi namazlarynyň her birini öz wagtlarynda okatdy» diýilmek bilen,bu düşnüksizlik aradan aýrylýar. Bu hadysda saparyň öňünden öýle bilen ikindi namazlarynyň jem edilip okalandygyndan aslasözaçylmaýar. Ýöne Ibn Apbasyň (r.a.) adyndanwe Tirmiziniň öz kitabynda ýerleşdirip: «Hadysy-hasana-sahyhy-garyp» diýlip häsiýetlendirilen başga bir rowaýatda sapardan öňürti jem edilip okalan namazlardanhem söz açylýar.Bu rowaýatda Ibn Apbas (r.a.) hem edil Enes (r.a.) ýaly, günortandan öňürtisapara çykmak bilen günortandan soňrasapara çykmagyň arasyndaky tapawuda ünsi çekip: «Allahyň Resuly (s.a.w.) heniz düşelgedekä Gün ortadan agyp, ol ulagyna münmezden öňürti öýle we ikindi namazlaryny jem edip okatdy» diýýär. Namazlaryň jem edilişi hakda özlerinden rowaýat gelip ýeten sahabalar diňe bular bolman, «KütübiSittede» Alyibn Ebutalybyň, Abdullah ibn Amr ibn Asyň, hezreti Äşäniň, Ibn Mesgudyň, Ebu Eýýup Ensarynyň, Ebu Sagyt Hudrynyň we Ebu Hüreýräniň (Allah olardan razy bolsun!) atlaryndan bu meselä degişli köpsanly rowaýatlar bar.

«SüneniEbu Dawut» kitabynda Aly ibn Ebutalybyň (r.a.) adyndan beýan edilenrowaýatda agşam namazynyň Gün ýaşanyndan soňraokalyp, yz ýanyndan agşamlyk naharyny edinişlerinden we diňe şondan soňraýassy namazyny okaýyşlaryndan söz açylýar. Darakutnynyň kitabynda hezreti Alynyň (r.a.) adyndan beýan edilen ygtybarlybolmadyk bir rowaýatda öýle namazynyň wagty gireninden soňraýola çykylmakçy bolnanda,öýle we ikindi namazynyň jem edilişiniň, uzak ýola gidilmekçi bolnanda bolsa,öýle namazynyň yza çekilip, ikindi namazynyňhem wagty giräýen badyna okalyşynyň, ýagny ikindi namazynyň wagtynyň ilkibaşynda bu namazlaryň jem edilişiniň mysalyna duşýarys. Ebu Dawut bilen Nesaýynyň kitaplaryndaky rowaýatlarda Mekgeden alty mil uzaklykdaky Serf diýilýän ýerde agşam we ýassy namazynyň jem edilendigi, «MüsnediAhmet» kitabyndaky Jabyr ibn Abdullahyň (r.a.) rowaýatynda ýene bu namazlaryň Benil-Mustalyk gazasynda jem edilendigi beýan edilýär. Tabaranynyň «MugjemiKebir» atly kitabynda Ibn Mesgudyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda bolsa: «Birini wagtynyň ahyryna çenli yza çekip, beýlekisini bolsa wagty giräýen badyna okap...» diýilmek bilen Benil-Mustalyk gazasynda bu namazlar daşdan seredeňde jem edilen ýaly bolup görünselerhem, olaryň öz wagtlarynda okalandygy düşündirilýär. Sapara çykylanda,köplenç,iki namazyň jem edilendigi barada Ibn Ebu Şeýbäniň «Musannef» atly kitabynda we «MüsnediAhmet» kitabynda Abdullah ibn Amryň (r.a.); Müslimiň kitabyndaIbn Apbasyň (r.a.); Tabaranynyň «Mugjemi Ewsat» atly kitabynda Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a.); «Müsnedi Bezzar» atly kitapda Ebu Hüreýräniň (r.a.); Ibn Ebu Şeýbäniň «Musannef» atly kitabynda Ibn Mesgudyň (r.a.) atlaryndan beýan edilen rowaýatlarda habar berilýär.Ýöne Ibn Mesgudyň (r.a.) ýokarda agzalan rowaýatynyň bir aýratynlygyny hem göz öňünde tutmak gerek. Ol bu rowaýatda jem edilip okalan namazlary däl-de, diňe daşyndan seredeniňde şeýle ýaly bolup görünýän, ýöne namazlaryň biri wagtynyň ahyrynda, beýlekisi bolsa wagty giräýende okalyp, hakykatda öz wagtlarynda okalan namazlar hakda gürrüň edýär. Sebäbi Ibn Mesgudyň adyndan beýan edilen bu hadysyň Tabaranynyň «Mugjemi Kebir» atly kitabyndaky nusgasynda bu ýagdaý açyk mälim edilýär.

Müslimiň kitabynda Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda Tebük gazasynda namazlaryň jem edilip okalandygy habar berleninden soň, şol gezek öýle bilen ikindi namazynyň, agşam bilen ýassy namazynyň jem edilendigi aýdylyp, bu habar has hem anyklaşdyrylýar. Ibn Apbasdan bu namazlaryň jem edilip okalmagynyň sebäbini soranlarynda, ol Allahyň Resulyny göz öňünde tutup: «Ymmatyny günä sokmajak boldy» diýip jogap berip, beýle edilmeginiň hikmetini düşündiripdir. Öýle bilen ikindi, agşam bilen ýassy namazlarynyň jem edilişini açykdan-açyk beýan edenlerden Mugaz ibn Jebeliň (r.a.) hadysyny Müslim; hezreti Äşäniň (r.a.) hadysyny Ibn Ebu Şeýbe bilen Ahmet ibn Hanbal; ÜsamaIbn Zeýdiň (r.a.) hadysyny Tirmizi öz kitaplarynda ýerleşdiripdirler. Adaty saparda däl-de, haj saparlarynda iki namazyň birleşdirilip okalyşy baradaky rowaýatlar bolsa has köpdür. Bulardan «SahyhyMüslim» atly kitapda Jabyryň (r.a.) adyndan beýan edilip, haj bilen baglanyşykly ähli ybadatlaryň ýerine ýetirilişini öz içine alýan uzyn bir hadysda Arafata çykylandygy aýdylanyndan soňra: «Allahyň Resuly (s.a.w.) soňra azanaýtdyrdy. Soňra kamat getirdip, öýle namazyny okatdy. Soňra ýene bir gezek kamat getirdip, ikindi namazyny okatdy. Bu ikinamazyň aralygynda-da başgahili namaz okamady» diýlip, has yzrakda-da: «Ahyrynda Müzdelifä baryp, şol ýerde agşam we ýassy namazlaryny bir azan hem-de iki kamat bilen okatdy.Bu iki namazyň aralygynda hiç hili nepil namazynyokamady» diýilýär. Tabaranynyň kitabynda Huzaýmaibn Sabydyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda-da Müzdelifede namazlar jem edilende, diňe kamat getirilip, agşam namazynyň üç we ýassynamazynyň iki rekagat edip okalandygy habar berilýär. Müslimiň kitabynda Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilen bir hadyshem duş gelip, onda: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gezek hiç hili howp abanmaýan we saparda-da bolunmadyk wagtda Medinede öýle bilen ikindi hem-de agşam bilen ýassy namazlaryny birlikde okatdy» diýilýär. Ibn Apbasdan (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) näme üçin beýle edendigi soralanda, ol: «Ymmatyny günä sokmazlyk üçin» diýip jogap beripdir. Müslimiň kitabynda başga bir ýoldan beýan edilen rowaýatda bolsa: «Hiç hili howpabanmaýan we ýagmyr ýagmaýan wagtda» diýlipdir.

Fykyhçy alymlar iki namazy jem etmegiň bolýandygy ýa-da bolmaýandygy, olaryň nähili görnüşde jem edilmelidigi, jem edilmegini halallaýan sebäpleriň nähili sebäpler bolmaladygy barada dürli pikirleri orta atypdyrlar. Olar diňe bir gezek, ýagny Arafatdan gaýdylmagyndan öňürti öýle bilen ikindi namazlaryny, Müzdelifä barlanyndan soňra hem agşam bilen ýassy namazlaryny jem edip okamaga rugsat berilýändigi barada bir pikire gelip: «Bu namazlary jem edip okamak sünnetdir» diýipdirler. Bu iki ýerdeokalýan namazlardanbaşga namazlary jem etmek barada bolsa jedel ýüze çykypdyr. Ebu Hanife we onuň mezhebine eýerýän alymlar şol ikiýerden başga ýerde hiç bir sebäbe görä ikinamazyň jem edilmejekdigini aýdypdyrlar. Ibn Mesgut (r.a.) we Hasan Basry, Muhammet, Ibn Sirin, Ybraýym Nahaýy, Eswet ibn Ýezit Nahaýy ýaly alymlar hem şu pikirdebolupdyrlar. Fykyhçy alymlaryň esasy köplügi bolsa ýokarda gürrüň edilen hadyslaraesaslanyp, sapara çykylmazyndan öňürti hem, barylmak islenilýän ýere barlanyndan soňra hem iki namazy jem edip boljakdygyny aýdypdyr. Aly ibn Ebutalyp, Sagt ibn Ebu Wakgas, Sagyt ibn Zeýt, Usamaibn Zeýt, Mugaz ibn Jebel, Ebu Musa Eşgary, Ibn Omar, Ibn Apbas (Allah olardan razy bolsun!) ýaly köpsanly sahabalar; Ata ibn Ebu Rabyga, Tawus, Müjähit,Ykryma, Jabyr ibn Zeýt, Rabyga Reý, Ebu Zynat, Muhammet ibn Münkedir, Saffan ibn Süleým ýaly tabygynlar; Sufýan Söwri, Şapygy, Ahmet ibnHanbal, Yshak ibn Rahuýa, Ibn Söwr, Ibn Münzir we rowaýatlaryň birine görä, Mälik ýaly metbugynlar bu pikir bilen ylalaşypdyrlar. Ymam Mälikden gelip ýeten başga bir söze görä, iki namazy jem etmek üçin howlukmaç ýol aşmak zerurlygynyň bolmagy şertdir. Ymam Mäligiň jem etmegi mekruwh hasaplandygy hem rowaýat edilýär. Ibn Hazm bolsa sapardan öňürti iki namazy jem edip okamagy ret edip, bir ýere barlanyndan soňraşeýle edip boljakdygy bilen ylalaşypdyr. Tefsirçi Aýny sahabalardan Sagt ibn Ebu Wakgas bilen Ibn Omaryň (Allah ikisindenhem razy bolsun!), tabygyndan Jabyr ibn Zeýdiň we metbugyndan Sufýan Söwriniň hem saparda iki namazy birleşdirip okamaga rugsat bermändiklerini belläp geçýär.

Hanefi mezhebiniň alymlarynyň esasy delili Buharynyň we Müslimiň kitaplaryndaky: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) Müzdelifedenbaşga hiç bir ýerde hiç bir namazyöz wagtyndan başga wagtda okadanyny görmedim. Ol Müzdelifede agşam we ýassy namazlaryny jem etdi. Şonuň ýaly-da, ertir namazyny örän ir we wagty girmänkä okatdy» hadysy bilen Müslimiň kitabyndaky: «Uklap galmakda bärden gaýtmaklykýokdur. Bärden gaýtmaklyk oýalykda ýüze çykyp biler. Olhem bir kişiniň bir namazy indiki namazyň wagty girýänçä yza çekmegidir»hadysydyr. Birinji hadys Ibn Mesgudyň (r.a.) beýlekisi Ebu Katadanyň (r.a.) adyndan beýan edilipdir (325-nji hadys bilen düşündirişlerine-de seret). Diýmek, namazy wagtynyň daşynda okamak üçin,uklap galmakdan başga ýagdaý üzür hasaplanyp bilinmez. Müslimiň kitabynda Ibn Apbasyň (r.a.) adyndan beýan edilip, ýokarda-da agzalyp geçilen hadys hem bu pikiri tassyklap, howp abanmaýan wagtda, sapara çykylmadyk we ýagyşýagmagy ýaly bir üzür bolmadyk ýagdaýda namazy doly edilip okamalydygynyňdelili bolup hyzmat edýär.Şonuň ýaly-da,olnamazlaryň jem edilendigi hakdaky gürrüňlere sebäp bolan ýagdaýlarda,ol ýa-da beýleki namazyňöz wagtynyňdaşynda okalmandygyny, öýle we agşam namazlarynyň ahyrky wagtlaryndan gijä goýulmandygyny we ikindi hem-de ýassy namazlarynyň wagtlary giräýen badyna okalandygyny, beýle etmegiň namazy jem etmek däldigini görkezýär. 566-njy hadysyň bir düşündirişinde: «Şapak ýiteninden soň, agşam bilen ýassyny jem ederdi» diýen sözleri hanefi mezhebiniň alymlaryözleriçe düşündiripdirler. Olarsahabalaryň we alymlaryň orta atan pikerlerine esaslanmak bilen, bu ýerde gürrüňi edilýän agşam namazynyň gyzyl şapak ýiteninden soňra peýda bolýan ak şapagyň saklanyp galýan döwründe okalan bolmagynyň mümkindigi hakdaky pikiri öňe sürýärler (bu ýerde gürrüňi edilýän ak şapak 469-nji hadysyň düşündirişinde, «şafaky-käzib»,ýagny,«ýalançy şapak» diýip atlandyran şapagymyzdyr). Öýle bilen ikindi namazynyň ikindi wagtynda jem edilip okalandygyndan söz açýan rowaýatlardanhem hanefi mezhebiniň alymlary özleriçe netijeçykaryp, ikindi namazynyň wagtynyň haçan girýändigi hakdaky jedellere ünsi çekýärler. Ikindi namazynyň wagty, käbirleriniň pikiri boýunça, günortandan soňrabir zadyň kölegesi özüne görä bir esse, başgalaryň pikirine görä bolsa, iki esse uzalanda girýär (315-njihadysyň düşündirişindäki rowaýatlara seret). Şonuň üçinhem gürrüňiedilýän öýle namazy zatlaryň kölegesi özlerine görä bir esse uzynlyga ýetende, ýagny öýle namazynyň wagtynyň ahyrynda, ikindi namazynyňhem wagty ýaňy giräýende okalan bolmagy mümkindir. Şeýdip, namazlaryň ikisiniň hem öz wagtlarynda okaldygy bolýar.