570 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sapar wagtynda gije okaýan nepil namazyny öz münüp oturan düýesiniň üstünde we düýesiniň barýan tarapyna bakyp okandygy hakda

Başy » NAMAZY GYSGALTMA KITABY » 570 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sapar wagtynda gije okaýan nepil namazyny öz münüp oturan düýesiniň üstünde we düýesiniň barýan tarapyna bakyp okandygy hakda

عَنْ عامرِ بْنِ رَبِيعَةَ رَضِي الله عَنْهُ: أنَّهُ رَأَى النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ صلَّى السُّبْحَةَ بِاللَّيلِ في السَّفَرِ على ظَهْرِ رَاحِلَتِهِ حَيثُ تَوَجَّهَتْ بِهِ.

 

Amir ibn Rabyga(Anzy)1 (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) saparda mahalygijelerine nepil namazyny2 öz münüp barýan düýesiniň üstünde we düýesi haýsy tarapa öwrülse, şol tarapa bakyp3 okandygyny (ogly Abdullah ibn Amire) habar beripdir.

 

1 Ebu Abdullah Amiribn Rabyga Anzymusulman bolan ilkinji kyrk adamyň biri bolup, ilki Hebeşistana göç edip, soňra şol ýerden Medinä hijret edipdir. Hijret edende,aýaly Leýla binti Ebu Haýsama (r.a.) hem ýanynda eken. Amir hezreti Omar Farugyň (r.a.) kakasy Hattabyňorunbasary eken. Hatda Hattap ony ogullyga-da kabul edip:اُدْعُوهُمْ لِآَبَائِهِمْ  = «Udguwhüm li-äbäääää-ihim»(golaý manysy: «Ogullyga alanlaryňyzy kakalarynyň atlaryna ýanap çagyryň»(«Ahzap» süresiniň 5-nji aýatynyň başy)) diýip başlanýan aýaty-kerimäniň inmegi bilen,ogulluga almak adaty ýatyrylýança,oňa Amir ibn Hattap diýerdiler. Ol Bedir söweşinden başlap, din üçin alnypbarlanähli söweşlere gatnaşypdyr. Hezreti Osman ibn Affan (r.a.) haja gidende,ony Medinede orunbasary belläpdir. MusapZubaýryonuň hijriniň 32-nji ýylynda ýogalanyny belläpgeçen hem bolsa,hakykatda ol hezreti Osmanyň başyndan inen pitneden we onuň şehit bolmagyndan soň, ýagny hijriniň 37-nji ýylynda dünýäsini täzeläpdir. Onuň-munuň hezreti Osmany (r.a.) aýyplamagawe ýazgarmaga başlan döwürlerinde Amir (r.a.) bir gije tehejjüt namazyny okap bolup uka gidipdir. Düýşünde biri gelip: «Hany, galk-da,seni pitneden goramagy üçin Allahü tagala dogaet!» diýipdir. Ol derrew galkyp,dogaetmäge başlapdyr. Ol birden keselläpdir we öýünden diňe jesedi çykypdyr. Şeýdip,onuň dogasy kabul bolup, Allahü tagala ruhuny alypdyr. Ýöne şeýtmek bilen Allahü tagala ony pitnä baş urmagyndanhem gorapdyr.

2 Bu ýerde diňe nepil namazynyňagzalýandygy üçin, parz namazlarynyň haýwanyň üstünde okalmajagyny aňlamak mümkin. Nezir we jynaza namazlary-da,parz bolandyklary üçin,haýwanlaryň üstünde okalmaz.

3 Barýan ugry kybla tarapa bolsa-da, bolmasa-da Allahyň Resulynyň (s.a.w.) öňüne bakyp oturyşyna namaz okandygy aýdylmak islenilýär (567-nji hadysyň düşündürişine-de seret). Parz namazy okalanda Käbäniň ýerleşýän tarapyndan başga tarapaöwrülmäge rugsat berilmeýär. Münülýän haýwanyň üstünde nepil namazy okalanda hem haýwanyň ýüzi haýsy tarapa bolsa, şol tarapdan başga tarapa öwrülmäge rugsat berilmeýär. Sebäbi bu nepil namazynyň kyblasybarylmak islenýän ýeriň ýerleşýän tarapydyr.