569 Abdullah ibn Omar (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) saparda nepil namazyny okanyny görmändigini habar berýär. Saparda nepil namazyny okamak ýa-da okamazlyk barada ymamlaryň düşünjeleri
عَنْ ابْنِ عُمَرَ رَضِي الله عَنْهُمَا قالَ: صَحِبْتُ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ فَلَمْ أَرَهُ يسَبِّحُ في السَّفَرِ. وقَالَ اللَّهُ جَلَّ ذِكْرُهُ: لَقَدْ كَانَ لَكُمْ فِي رَسُولِ اللَّهِ أُسْوَةٌ حَسَنَةٌ.
Abdullah Ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde sapara çykangezeklerimizonuň nepil namazlaryny okanyny görmedim1. Allahü tagala-da: «Hakykatdanhem Allahyň Resuly size gözel bir nusgadyr»diýipdir».
1 Ibn Omar (r.a.) bu ýerde Allahyň Resulynyň (s.a.) saparda parz namazlaryndan öňürtiwe soňraokalýan nepil namazlary okamandygyny aýtmak isleýär. Buharanyň kitabynda bu hadysyň edil yzýanynda beýan edilip, «Tejride» girizilmedik hadysda Ibn Omar (r.a.) Allahyň Resuly (s.a.w.) bilenhem, Ebu Bekr (r.a.)bilenhem, Omar(r.a.) bilenhem, Osman (r.a.) bilenhem sapara çykandygyny we olaryň hiçbiriniň hem iki rekagatdan artyk namaz okamandyklaryny aýdýar. Buhary bu hadyslary saparda nepil namazyny okamalydygy ýa-da okamaly däldigi hakdaky meseläni çözmek maksady bilen açan babynda beýan edipdir. Hemme zat Buharynyň beýan edişi ýaly bolsa, onda bu rowaýatlarda aýdylanlar ýokarda ady agzalyp geçen adamlaryň sapar mahalynda parz bolan iki rekagatdan artyk hiç bir namaz okamandyklaryny aňladyşy ýaly, dört rekagatly parzlary-da iki rekagatdan artyk edip okamandyklaryny, ýa bolmasa, bu manylaryň ikisini-de birlikde aňladyp biler. Ýöne Müslimiň öz kitabynda beýan etmegine görä, Buharynyň rawysy Hafs ibn Asym bir gezek daýysy Ibn Omar (r.a.)bilen birlikde Mekge ýolunda saparda boluşlaryndan söz açyp şeýle diýýär: «Ibn Omar (r.a.)bize öýle namazyny iki rekagat edip okadanyndan soňra goş ýazdyran ýerine dolandy. Biz hem onuň göreldesine eýerdik. Birden ol namaz okadan ýerine gözüni aýlap, ol ýerde birnäçe adamyň namaza durandyklaryny gördi-de: «Bular näme edýärler?» diýip sorady. Men: «Nepil namazyny okaýarlar» diýdim. Şondan soňra ol: «Ýegenim, eger nepil namazlarynyň birini okamak niýetimde bolsady, onda parz namazyny dolulygyna okardym. Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen hem saparda bolup gördüm. Ol gözel dünýä göç edýänçä, sapar mahalynda iki rekagatdan artyk namaz okatmady...» diýdi».
Bu mysallardan Ibn Omaryň (r.a.) saparda nepil namazynyňokalmajakdygyny habar bermek isländigi aňlanylýar. Onuň bu hadysynyň Buharynyň kitabynda we gürrüňimize sebäp bolan hadys bilen birlikde ýerleşdirilmeginiň hikmeti hem şondan ybaratbolmaly.
Saparda parz namazyndan öňürti we soňra sünnet namazlary okalarmy? Bu mesele barada alymlar dürli pikirleri orta atypdyrlar. Tirmizi şeýle diýýär: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sahabalarynyň käbirleri-de saparda parz namazynyň öňündenhem, soňundanhem sünnet namazlaryny okamaly däldigi hakdaky pikirde bolupdyrlar. Ýöne olar beýle diýmek bilen,bu namazlary düýbünden okamaly däldigini aýtmak islemän, olary okamazlyga rugsat berilýändiginiaňladypdyrlar. Ýogsam,her kim saparda nepil namazynyokasa, örän köp sogap gazanar. Alymlaryň köpüsiniň pikiri, ine, şunuň ýalydyr. Olar sapar mahalynda nepil namazyny okamagyňtarapyny çalýarlar». Edil Buharynyň we Müslimiň kitaplaryndaky hadyslaryň derejesinde ygtybarly bolmasalarhem, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) saparda nepil namazyny okandygyna degişli rowaýatlarhem bar. Mysal üçin, Tirmiziniň we Ebu Dawudyň kitaplarynda Bera ibn Azybyň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatda: «Men Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde on sekiz gezek saparda boldum. Onuň günortandan soňky we öýle namazynyň öňündäki iki rekagaty terkedenine asla duşmadym» diýilýär. Ýöne bu hadys Buharynyň we Müslimiň kitaplaryndaky rowaýatlara beýle bir gapma-garşy hem däl. Sebäbi Allahyň Resulynyň (s.a.w.) saparda nepil namazyny okandygyny Ibn Omaryň (r.a.) görmezligi,onuň bu namazy hiç haçan okamandygyny aňlatmaýşy ýaly, Bera ibn Azybyň (r.a.) öz agzan nepil namazyny Allahyň Resulynyň (s.a.w.) terk edenini görmezligi, onuň bu namazy mydama okandygyny hem aňlatmaýar. Ýöne Tirmiziniň kitabynda Ibn Omaryň (r.a.) adyndanhasanadiýlip häsiýetlendirilen iki sany hadys beýan edilip, bular ygtybarly hadyslaryň güýjüne eýe bolmazdan, Buharynyň we Müslimiň kitaplaryndaky rowaýatlarda aýdylýanlara gapma-garşy gelýär. Bu hadyslaryň birinde Ibn Omar (r.a.) şeýle diýýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde saparda öýle namazyny iki rekagat edip okap, ondan soňrahem ýene iki rekagat namaz okadym». Onuň gürrüňini edýän soňky iki rekagaty nepil namazydyr. Hadyslaryň beýlekisinde bolsa bu barada has hem açyk aýdylyp, şeýle diýilýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde oturymly ýerimizde-de, saparda-da namaz okap gördüm. Oturymly ýerimizde öýle namazyny dört rekagat edip okap, ondan soňrahem iki rekagat namaz okardyk. Saparda bolsa öýle namazyny iki rekagat edip okap, ondan soňrahem ýene iki rekagat namaz okardyk. Ikindinamazyny iki rekagat edip okardyk. Ýöne bu namazdan soňraAllahyň Resuly (s.a.w.) hiç hili namaz okamazdy. Agşam namazyny oturymly ýerimizde-de, saparda-da mydama üç rekagat edip okardyk. Allahyň Resuly (s.a.w.) oturymly ýerimizde-de, saparda-da agşam namazynyň rekagatlaryny kemmezdi. Bu namaz gündiziň witiridir. Agşam namazyndan soňra-da iki rekagat namaz okardyk». Zeýniddin Yraky Buharynyň we Müslimiň kitaplarynda Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilen rowaýatlar bilen Tirmiziniň kitabyndaky bu soňky iki rowaýatyň arasyndaky gapma-garşylygy aradan aýyrmaga çalşyp, başda agzalan iki kitapdaky(«Sahyhaýn») rowaýatlardan saparda köp ýagdaýlarda nepil namazlarynyň okalmandygy barada, soňky agzalan kitapdaky («Süneni Tirmizi») rowaýatlardanhem onuň käte okalmagynyň mustahapdygy, edere iş ýok wagty,olary okap boljakdygy barada netije çykarmagyň mümkindigini aýdýar.
Newewägörä, saparda nepil namazyny okamak babatda alymlar üç topara bölünüpdirler. Birinji toparyň alymlarynyň pikirine görä, bu düýbündengadagandyr. Ikinji toparyň alymlarynyň pikirine görä, oňa doly rugsat berilýär. Üçünji toparyň alymlaryna görä bolsa, nepil namazlary «rewatip»we «newäfili-mutlaka»diýlip özara tapawutlandyrylýar. Olar saparda rewatipleriň terk edilmelidigini we newäfili-mutlakalaryň ýerine ýetirilip bilenjekdiklerini aýdýarlar. Bu ýerde newäfili-mutlaka diýlip, tehejjüt, witir we duha ýaly, parz namazlarynyň öňünden ýa-da soňundan okalmaýan nepil namazlar göz öňünden tutulýar. Bu alymlaryň pikirine görä, Ibn Omar (r.a.) hem şol düşünjä eýeripdir, ýagny parz namazlarynyň gös-göni öňündenýa-da soňundan, ýa bolmasa, öňünden hem,soňundanhem okalýan nepil namazlarynysaparda terk etmegiň tarapdary bolupdyr. Askalany hem bu mesele babatda goşmaça iki pikiri orta atýar. Birinjiden, ol gije bilen gündiz okalýan nepil namazlaryny biri-birlerinden tapawutlandyrýar. Onuň pikirine görä, saparda gijelerine nepil namazlary okalyp bilner, gündizisine bolsa olar okalmaz. Ikinjiden, saparda diňe parz namazlarynyň edil yzýanyndan okalýan nepil namazlaryny okamak gadagan bolup, bu gadagançylyk parz namazlarynyň edilöň ýanyndan okalýan nepil namazlaryna we newäfili-mutlaka namazlaryna degişli däldir. Ýöne Tirmiziniň kitabynda Ibn Omaryň (r.a.) adyndan beýan edilen iki hadysda aýdylanlaryň onuň pikirine garşy gelşi ýaly, Buharynyň we Müslimiň kitaplarynda hem saparda ertir namazynyň sünnetiniň we newäfili-mutlakadan duha (guşluk) namazynyň okalandygy aýdylýan rowaýatlar bar. Hernäme-de bolsa, namazlarynyň hemmesiniňhem okalyp bilinjekdigini aýdanlar ýalňyşmadyga meňzeýär. Sebäbi biraz öňhem belläp geçişimiz ýaly, Tirmiziniň kitabyndaky rowaýatdan Ibn Omaryň (r.a.) öýle namazynyň yzýanyndaky nepil namazyny okandygynyň belli bolşy ýaly, Bera ibn Azybyň (r.a.) gürrüň beren rowaýatyndanhem öýle namazynyň parzynyň öňýanyndaky nepil namazyny okamandygy görünýär. Şonuň ýaly-da,Müslimiň kitabynda Ebu Hüreýräniň we Ebu Katadanyň (Allah ikisindenhem razy bolsun!) atlaryndan beýan edilen rowaýatlara görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) saparda ertir namazynyň sünnetini-de okapdyr, Sapar wagtynda duha namazyny okandyklaryny ÜmmiHany (r.a.) gürrüň berse (198-nji we 230-nji hadyslara seret), 570-nji hadys hökmünde beýan ediljek ygtybarly hadysda-da Allahyň Resulynyň (s.a.w.) tehejjütnamazyny okandygy habar berilýär.