568 Ýene-de haýwanyň üstünde kybladan başga tarapa bakyp hem nepil namazyny okap boljakdygy hakda

Başy » NAMAZY GYSGALTMA KITABY » 568 Ýene-de haýwanyň üstünde kybladan başga tarapa bakyp hem nepil namazyny okap boljakdygy hakda

      عَنْ أَنَسٍ رَضِي اللهُ عَنْهُ: أَنَّهُ صَلَّى عَلَى حِمَارٍ وَوَجْهُهُ عَنْ يسَارِ الْقِبْلَةِ ، فَقِيلَ لَهُ: تُصَلِّي لِغَيرِ الْقِبْلَةِ ، فَقَالَ: لَوْلاَ أَنِّي رَأَيتُ النبيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ فَعَلَهُ لَمْ أَفْعَلْهُ.

 

Enes Ibn Mäligiň (r.a.) bir gezek eşegiň üstünde kybladan çep tarapa bakyp oturan halynda namaz okandygy rowaýat edilipdir1. Ondan: «Kybladan başga tarapa bakyp namaz okaýýaaňmy?»2diýip sorapdyrlar. Ol hem: «Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şeýle edenini görmedik bolsadym, menhem beýdip namaz okamazdym»3 diýip jogap beripdir.

 

1Bu hadysyň rawysy Muhammet ibn Siriniň dogany Enes ibn Sirindir. Hadys Buharynyň kitabynda has giňiş beýan edilipdir. Enes ibn Sirin: «Enes (r.a.) Şamdan dolanyp gelende,garşy almaga çykdyk. Görsem, ol ýüzi şu tarapa, ýagny kybladan çep tarapa bakýan halda bir eşegiň üstünde namaz okaýar» diýip söze başlaýar. Bu hadysyň Müslimiň kitabyndaky nusgalarynda bolsa: «Şamdan dolanyp gelende» diýmegiň ýerine: «Şama giden wagtynda» diýlip düşündirilipdir. Bu düşündirişe zerurlyk bar. Çünki Enes ibn Sirin atdaşy Enes ibn Mäligi (r.a.) garşy almak üçin Şamdan däl-de, Basradan çykypdyr. Munuň şeýledigi bu hadysyň äheňindenhem bildirip, taryhy maglumatlar tarapyndanhem tassyklanandyr.

Enes ibn Mälik (r.a.) Abdylmelik ibn Merwanyň ýanynda Haçjajy ýamanlamak üçin Şama sapar edipdi. Ol Basra dolanyp gelýärkä, Aýnüttemir diýlen ýerde öňünden çykmak üçin gelýänler bilen garşylaşypdyr. Aýnüttemir Kufäniň eteginde Fyratyň günbatarynda ýerleşip, Ebu Bekriň (r.a.) haliflik eden zamanynda, ýagny hijriniň 12-nji ýylynda Halyt ibn Welit (r.a.) tarapyndan zor bilen basylyp alnyp, onuň ähli baýlyklary we ilaty musulmanlaryň eline geçipdir. Ýeňiş gazalanylanyndan soň, kysranyň elinde girewine duran kyrka golaý arap çagalary halas edilip, sahabalaryň arasynda paýlanypdyr. Halas edilenleriň iň bellileri Osman ibn Affanyň (r.a.) azat eden guly Humran, Enes ibn Mäligiň (r.a.)azateden guly we beýik tabygynlardan biri bolan bu hadysyň rawysy Enes, Muhammediň we Hafsanyň kakasy Sirin, şonuň ýaly-da, meşhur tefsirçi Ibn Saýybyň aňyrsy Bişr dagydyr.

2 Enes Ibn Sirin öz atdaşy Enes ibn Mäligiň (r.a.) eşek münmegini-de, arassadygy şübheli bolan eşegiň üstünde namaz okamagyny-da ýazgarman, diňe kybladan başga tarapa bakyp namaz okamagyny ýokuş görýär.

3 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) münülýän haýwanyň üstünde we ol haýwan kybladan başga tarapa bakyp durka namaz okandygyny Enes (r.a.) bu ýerde habar berse-de, onuň münen haýwanynyň eşekdigi barada hiçzat aýtmaýar. ÝöneSerrajyň öz gezeginde Enesiň (r.a.) adyndan, Müslimiň kitabynda-da Ibn Omaryň (r.a.) adyndanbeýan eden rowaýatlaryndan,sapar wagtynda düýäniň we atyň üstünde nepil namazyny okamaga rusgat berlişi ýaly, eşek bilen gatyryň üstünde-de nepil namazyny okamaga rusgat berilýändigi görünýär. Olaryň deriniň hapalygyndan çekinmäge sebäp ýokdur. Sebäbi Allahyň Resuly (s.a.w.) öz namazyny Haýbaryň ýolunda we Hijazyň howasynyň iň yssy döwründe okapdyr.

Haýwanyň üstünde nepil namazyny okaýan kişiniň jylaw tutmagyna-da, aýaklaryny hereketlenirmegine-de rugsat berilýär. Ol diňe gürrüňleşmez, sagyna, soluna bakmaz we sejdelerde rukuwdakydan gatyrak egler.