567 Allahyň Resulynyň (s.a.w.) sapar mahalynda nepil namazyny haýwanyň üstünde oturan ýerinde kybladan başga tarapa bakyp hem okandygy hakda
عَنْ جابِرَ بْنِ عَبْدِ الله رَضِي الله عَنْهُمَا قالَ: أنَّ النَِّبيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ كانَ يصَلِّى التَّطَوُّعَ وَهُوَ رَاكِبُْ في غَيرِ الْقِبْلَةِ.
Jabyr ibn Abdullah Ensary (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) nepil namazyny haýwanyň üstünde otyrka kybladan başga tarapa seredip hem okardy».1
1 Buharanyň kitabyndaky başga bir rowaýata görä, Jabyr (r.a.): «Allahyň Resuly (s.a.w.) münüp oturan düýesiniň üstünde gündogara tarap bakyp, nepil namazyny okardy. Parz namazyny okamak islände aşak inip, ýüzüni kybla tarapa öwrerdi» diýýär. Buhary Amir ibn Rabyga Mahzumynyň (r.a.) we Abdullah ibn Omaryň (r.a.) adyndanhem şunuň ýaly manysy bolan rowaýatlary beýan edipdir.
Jabyryň (r.a.) bu ýerde gürrüňiniedýän saparynyň Enmar gazasydygyny Buhary «Magazisinde» ýene onuň adyndan beýan eden rowaýatynda belläp geçýär. Enmar bolsa Medinäniň gündogarynda ýerleşip, kybla şol tarapa bakan kişiniň sagynda galýar. Tirmiziniň kitabyndaky rowaýata görä, Jabyr (r.a.) Allahyň Resuly (s.a.w.) tarapyndan bir iş üçin gönderilip, gaýdyp gelende,onuň düýesiniň üstünde gündogara tarap bakyp oturyşyna namaz okaýandygyny görüpdir. Ol bu namazy beýan edip: «Sejdede rukuwdan has gaty egilýärdi» diýýär (529-njyhadysyň düşündirişlerine-de seret). Tirmiziniň kitabynda beýan edilen rowaýata meňzeş rowaýatlar Buharynyň kitabynda-da duş gelip, olaryň birinde parz namazlar üçin ulagdan düşüp, kybla tarapa bakylandygy habar berilýär. Ymam Ebu Ýusup bilen şapygy mezhebiniň alymlaryndan Ebu Sagyt Ystahrynyň diňe bir saparda däl, eýsem,oturymly ýerlerinde-de münülýän haýwanlaryň üstünde,kybla tarapa öwrülmezden,nepil namazyny okamaga rugsat berendikleri habar berilýär. Olaryň delilleri-de Buharynyň kitabynda beýan edilen we «Tejride» girmedik rowaýatdyr. Burowaýatda Ibn Omar (r.a.): «Allahyň Resuly (s.a.w.) münüp oturan düýesiniň üstünde ýüzüniň haýsy tarapa bakýandygyna parh bermän, nepil namazyny okardy. Ýene witir namazyny-da,düýäniň üstünde okardy» diýýär we Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu hereketini onuň saparda bolmagy bilenbaglanyşdyrmaýar.