566 Agşam namazynyň gysgaldylmaly däldigi hakda
عَنْ عَبْدِ الله بْنِ عُمَرَ رَضِي الله عَنْهُمَا قالَ: رَأَيتُ النَّبِيَّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ إذَا أَعْجَلَهُ السَّيرُ يؤَخِّرُ الْمَغْرِبَ فَيصَلِّيهَا ثَلاثًا ، ثُمَّ يسَلِّمُ ، ثُمَّ قَلَّمَا يلْبَثُ حَتَّى يقِيمَ الْعِشَاءَ ، فَيصَلِّيهَا رَكْعَتَينِ ثُمَّ يسَلِّمُ ، وَلاَ يسَبِّحُ بَعْدَ الْعِشَاءَ حَتَّى يقُومَ مِنْ جَوْفِ اللَّيْلِ.
Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) sapar wagtynda1 howlukmaç ýol aşmaly bolanda,agşam namazyny yza çekerdi. Düşläninden soňra bolsa,ony üç rekagat edip okadyp, salam bererdi2 . Ondan soňra ýassy namazyny okaýança örän az wagtlap garaşyp, ony-da iki rekagat edip okardy we salam bererdi3 . Ýassydan soňra hem,gijäniň ortasynda galkýança,hiç hili nepil namazyny okamazdy»4 .
1 Bu ýerdäki hadysyň asyl nusgasynda «sapar wagtynda» siýen söz düzümi bolmasa-da, ol zerurdyr. Sebäbi başga bir ýoldan gelip ýeten rowaýatda: «Saparda howlukmaç ýol aşmaly bolanda,agşam namazyny gijikdirip, ýassy namazy bilen birleşdirerdi» diýlipdir.
Başga ýoldan gelip ýetenýene bir rowaýatda-da Salymyň adyndan: «Ibn Omar (r.a.) Müzdelifede agşam bilen ýassy namazlaryny birleşdirerdi» goşmaçasy bar. Buharanyň öz kitabynda beýan eden we «Tejride» girizilmedik bir rowaýatda Enes ibn Mälik (r.a.) hem: «Allahyň Resulysaparda şu iki namazy, ýagny,agşam we ýassy namazlaryny jem ederdi» diýip habar berýär.
2 Mundan agşam namazynyň gysgaldylmaly däldigi aňlanylýar. «MüsnediAhmet» kitabynda Ymran ibn Hüseýiniň (r.a.), Tabaranynyň «Ewsat» atly kitabynda Huzaýmaibn Sabydyň (r.a.) atlaryndan muny tassyklaýan rowaýatlaryň beýan edilişi ýaly, «MüsnediBezzar» atly kitapda hezreti Alynyň (kerremallahu wejheh)adyndan: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde gorkuly wagtda okalýan namazy iki rekagat edipwe diňe agşam namazyny üç rekagat edipokadym. Şonuň ýaly-da, sapardaonuňbilen birlikde gorkuly wagtda okalýan namazy iki rekagat edip we agşam namazyny üç rekagat edip okadym. Şonuň ýaly-da, saparda onuň bilen birlikde hemme namazlary iki rekagat edip okadym,diňe agşam namazyny üç rekagat edip okadym» diýen rowaýat beýan edilipdir.
3 Salym ibn Abdullahyň adyndan dürli-dürli görnüşlerde beýan edilen bu kyssany Buhary bu ýerde bu hadysy-şerif bilen baglylykda, «KitäbilJihatda»bolsa Eslemiň ýolundan beýleki rowaýatlar bilen birlikde beýan edipdir. Bu rowaýatlaryň hemmesiniň jeminden bu wakanyň Mekgeden Medinä dolanylanda ýüze çykandygyny aňlamak mümkin. Ýolda Abdullah ibn Omaryň (r.a.) ýanýoldaşy we meşhur Muhtar Sakafynyň aýal dogany Safyýýabinti Ebu Ubaýdyň öldi habaryny alypdyrlar we çaltrak ýol aşmagy zerur hasaplapdyrlar. Agşam namazynyň wagty girende,Salym kakasyna muny duýdurupdyr we: «Ýöräber!» diýen jogaby alypdyr. Ol ikinji gezek hem agşam namazynyň wagtynyň girendigini habar berip, ýene şol bir jogaby alypdyr. Abdullah ibn Omar (r.a.) şondan soňraiki ýa-da üç mil ýol geçip, şapak gözden ýiteninden soň, münüp oturan haýwanyndan inipdir we ( Esleminiň aýtmagyna görä) agşam we ýassy namazlaryny jem edip, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şeýle edenini görendigini habar beripdir. «SüneniDarakutny» atly kitapdaky rowaýatda: «Ýöredi. Şapak ýitip, biraz wagt geçeninden soňranamazyny okady. Şonuň ýaly-da, saparmahalynda ol, adatça,hiç bir namaz üçin azan aýtmazdy» sözleri hem bar.
Bu agşam namazynyň gijäniň dörtden birine çenli yza çekilendigini Ibn Omaryň adyndan rowaýat edenlerhem bar. Bu hadys agşam namazy bilen ýassy namazyny jem edip okamaga rusgat berilýändigine-de delil bolup hyzmat edip biler. Ýöne bu meseläniň 571-nji hadysda-da gozgaljakdygyny göz öňünden tutup, ol hakdaky gürrüňleri şol ýere goýduk.
4 Bu soňky jümle gije namazynyň saparda hem terk edilmejek derejedäki bir müýekkede sünetdigini görkezýär.
Rawy Salym ibn Abdullah ibn Omar bu hadysyň ahyrynda kakasy Abdullah ibn Omaryň (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) göreldesine eýerip şeýle hereket edendigini habar berýär. Ol: «Abdyllah-da howlukmaç ýol aşmaly bolanda,şeýle ederdi. Ol agşam namazy üçin kamat getirip, üç rekagat namaz okardy we salam bererdi. Soňra azajyk durup, ýassy namazy üçin kamat aýdardy we ony iki rekagat edip okardy. Soňra salam bererdi. Bu iki namazyň arasynda-da, ýassy namazyndan soňratä gije namazynyokamak üçin galkýança-dabaşga hiç hili namaz okamazdy» diýýär. Bu goşmaçada jem edilen namazlaryň her biri üçin kamat getirilendigi aýdylsa-da, azanaýdylandygy barada dil ýarylmandyr.