565 Ýanlarynda mähremleri bolmadyk zenanlaryň bir gije-gündizlik aralyga sapar etmekleriniň gadagandygy hakda.

Başy » NAMAZY GYSGALTMA KITABY » 565 Ýanlarynda mähremleri bolmadyk zenanlaryň bir gije-gündizlik aralyga sapar etmekleriniň gadagandygy hakda.

Sapara çykylanda we sapardan yza dolanylanda haýsy wagtdan başlap we haýsy wagta çenli namazy gysgaldyp okamalydygy barada ymamlaryň pikirleri. Haýsy wagtdan başlap we haýsy wagta çenli mysapyr bolunýar?

 

      عَنْ أَبِي هُرَيرَةَ رَضِي الله عَنْهُ قَالَ: قَالَ النبيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ: ( لا يحِلُّ لامْرَأَةٍ تُؤْمِنُ بِالله  وَالْيوْمِ الآخِرِ ، أَنْ تُسَافِرَ مَسِيرَةَ يوْمٍ وَلَيلَةٍ لَيسَ مَعَهَا حُرْمَةٌ ).

 

Ebu Hüreýre (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w): «Allah we ahyrýet gününe iman getiren bir zenanyň,ýanynda bir mähremi bolmazdan,bir gije-gündizlik ýola1 sapar etmegi halal bolmaz»diýdi».

 

1 Müslimiň kitabyndaky rowaýatlarhem many taýdan şu hadysy-şerifde aýdylana laýykdyr. Ýöne Müslimiň kitabyndaky rowaýatlarda: «Bir gije-gündizlik ýola» diýmegiň ýerine: «Bir gijelik ýola, bir günlük ýola, beritden (takmynan 22 km) uzak ýola» ýaly uzaklyk aralyklaryndan söz açylýar. Şonuň ýaly-da, ýanynda mähremi bolmadyk zenanlaryň üç gijelikden, üç günlükden uzak ýola çykmaklarynyň halal däldigi baradaky rowaýatlarhem bar. Bu rowaýatlaryň hemmesi hem ygtybarlydyr we beritden söz açylýan rowaýatdan beýlekilerini barlyşdyrmakdan ýeňil zat ýokdur. Bir gije-gündizden söz açylýan rowaýatda göz öňünde tutulýan aralyk ýigrimi dört sagatlyk ýoldur we bu aralyk howlukman gidilende,adatça,üç menzilde geçilýär. Şonuň üçinhem bir gije-gündizlik ýoldan söz açylanda-da, üç günlük ýoldan söz açylanda-da,şol bir aralyk göz öňünde tutuldygy bolýar. Bir günlük we bir gijelik diýip, göz öňünde tutulýan aralyk hakda hem şony aýtmak mümkin. «Bir günlük» diýip, gijesi bilen birlikde bir gün, «bir gijelik» diýip hem gündizi bilen birlikde bir gije göz öňünde tutulýar. Buharynyň kitabynda Ibn Omaryň (r.a) adyndan beýan edilip, haýsydyr bir sebäbe görä «Tejride» alynmadyk hadyslarda-da käte üç günlük,käte-de üç gijelik ýoldan söz açylýar. Diňe Müslimiň kitabyndaky bir rowaýatda üç gijelik ýoldan uzak ýola çykmagyň ýany mähremsiz zenanlara halal däldiginiň aýdylýandygy üçin, beýle saparyň üç menzil aralykda halaldygy hakdaky pikiriň döremegine sebäp bolýar.

Ebu Hüreýräniň, Ibn Omaryň, Ebu Sagyt Hudrynyň, Ibn Apbasyň (Allah olardan razy bolsun!) atlaryndan bu mesele barada beýan edilen hadyslaryň hemmesi Buharynyň «KitäbilHajjynda» we Müslimiň «KitäbilHajjynda» ýerleşdirilipdir. Bu rowaýatlardan Ebu Hanife we onuň mezhebine uýýan alymlar, şonuň ýaly-da, hadysçy fykyhçy alymlar haj etmek isleýän zenanyň ýerleşen ýeri bilen Mekgäniň arasynda üç gonaklyk uzaklyk bolan ýagdaýynda, oňa hajyň wajyp bolmagy üçin ýanynda bir mähreminiň bolmagynyň şertdigi barada höküm çykarypdyrlar. Ybraýym Nahaýynyň, Hasan Basrynyň, Söwriniň we Amaşyň pikirleri-de şunuň ýalydyr. Müslimiň kitabynda Ebu Sagyt Hudrynyň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda: «Ýanynda kakasy, ýa ogly, ýa äri, ýa dogany ýa-da başga bir mährem kişisi bolmasa ...» diýip, has açyk aýdylypdyr. Bu ýerde agzalanlaryň ärinden beýlekileriniň hemmesi zenanyň mähremleridir.

Bu rowaýatlaryň hiç birinde hajdan söz açylmaýandygy üçin,mälikiler we şapygylar Allahyň Resulynyň (s.a.w) gadagan eden bu saparlaryna hajyň degişli däldigini, bu gadagançylygyň wajyp bolmadyk saparlary öz içine alýandygyny, hajyň bolsa parzdygynywe bu gadagançylyga degişli bolmajakdygyny, şeýle bolansoň,haja gitmegi parz bolan zenanyň ýanynda äri ýa-da mähremi bolsa-da, bolmasa-da, Mekge bilen arasyndaky uzaklyk gysga bolsa-da, uzak bolsa-da, onuň haj saparyna çykmalydygyny aýdýarlar. Ýöne hanefiler we olaryň pikirdeşleri Buharynyň hem-de Müslimiň kitaplarynda Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen bir merfuw hadysdan bu gadagançylygyň haj sapary üçinhem, islendik başga bir sapar üçinhem umumydygy we saparlaryň hemmesine degişlidigi barada netije çykarýarlar. Ol hadysda şeýle diýilýär: «Allahyň Resuly (s.a.w.) hutbada: «Hiç bir erkek ýanynda mähremi bolmadyk zenan bilen ikiçäk galmasyn, ýanynda mähremi bolmadyk zenanhem sapara çykmasyn»diýdi. Şol wagt biri ýerinden turup: «Ýa Allahyň Resuly, meniň aýalym haja gitmegi niýet edipdir. Men bolsa pylan gaza gitmäge söz berdim» diýip seslendi. Allahyň Resuly (s.a.w): «Ýagşy, git, aýalyň bilen haja git» diýdi». Ibn Hazmyň rowaýatynda şol adam: «Ýa Allahyň Resuly, menhem pylan goşun bilen gaza gitmäge nezr edipdim» diýýär.

Allahyň Resulynyň (s.a.w) ol adama jihat nezrini terk etdirip, haja ugratmagy ol zenanyň onsuz haj etmejekdigini görkezýän delildir. Ata, Sagyt ibn Keýzan we zahyry mezhebinden käbirleri bir beritden (takmynan 22 km) az bolan aralyga zenanyň täk başyna sapar etmegine rugsat berselerhem, zenanyň bir beritden uzak aralyga täk başyna sapar etmejekdigi bilen ylalaşypdyrlar. Şonuň ýaly-da, Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen bu hadysyň namazy näçe aralyga sapar edilende gysga okamalydygy baradaky jedeller bilenhem nähilidir bir baglanyşygy bar. Mysal üçin, Buhary bu hadysy-şerifi: «Nähili aralykda namaz gysgaldylar» atly bapda beýan edýär. Buhary beýle etmek bilen namazy gysgaltmak bilen baglanyşykly ygtybarly hadyslaryň baryny bir ýere jemlemegi maksat edinipdir.

Biziň gürrüňimize sebäp bolan hadys bilen baglanyşykly rowaýatlarda zenan maşgala näçe aralykdanuzaga täk başyna sapar etmek gadagan edilendiginden çen tutup, şol aralykdan uzaga edilen saparlarda namazy gysga okamalydygy hakda netije çykarmak mümkin. Ýöne ol rowaýatlarda bu aralyk dürli-dürlüdir. Rowaýatlarda bu aralygyň bir gije-gündizlik, bir günlük, bir gijelik, bir beritýola deňdigi hakda habar berlişi ýaly, Ibn Omaryň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda onuň üç günlük we ondan uzak ýola, Ebu Sagyt Hudrynyň adyndan beýan edilen rowaýatlarda üç günlük we iki günlük ýola deňdigi aýdylýar. Buharynyň bu mesele bilen baglanyşyklylykda rowaýat etmegine görä, Allahyň Resuly (s.a.w.) bir gije-gündizlik ýola «sapar»diýip at beripdir. Ibn Omar bilen Ibn Apbashem (Allah olardan razy bolsun!) dört berit, ýagny on alty parsahlyk aralyga edilen saparda namazy gysga okap, agyzlaryny hem açar ekenler. On alty parsah,ýükli halda iki günde ýa-da bir gije-gündizde geçilýän aralyk bolup, ymam Mälik, ymam Şapygy we ymam Ahmet şu aralygy namazy gysga okamak üçin sebäp hasaplapdyrlar. Ebu Hanife üç merhalälik, ýagny ýigrimi dört parsahlyk aralykdan gysga aralykda namazy gysgaltmaga rugsat bermändir. Ewzaýy bir günlük ýolçulyga gidilende namazy gysga okamalydygy bilen ylalaşypdyr. Dawut Zahyry bolsa gysga aralyga edilen saparda-da, uzak aralyga edilen saparda-da namazy gysga okamalydygyny aýdypdyr. Üç günlük aralyga edilen saparda namazy gysga okamagyň has gowudygy barada alymlaryň hemmesiniň arasynda bir pikire gelnendir.

Şonuň ýaly-da, üç ymama görä, şol aralyga edilen saparda namazy doly okamaga-da rugsat berlip, Ebu Hanifä görä bolsa, muňa rugsat berilmeýär.

Sapara çykan kişi haýsy wagtdan başlap we yzyna dolananda haýsy wagta çenli namazy gysga okar?

Buhary öz kitabynda hezreti Alynyň (keremallahu wejheh) adyndan beýan edilen rowaýatda saparda (bu Şama edilen sapardy) Kufäniň öýleri heniz gözden gaýyp bolmanka we yza dolananlarynda Kufäniň öýleri görnenden soň, namazy gysga okandyklary aýdylýar. Bu rowaýaty Hakim bilen Beýhaky-da öz kitaplarynagirizipdirler. Bu rowaýata görä: «Ine, Kufäniň öýleri göründi, näme üçin namazy gysga okaýarsyňyz?» diýenlere: «Ýok, Kufä girmezden namazy doly edip okap bolmaz» diýip jogap beripdirler.

Ibn Ebu Şeýbe bilen Abdyrezzagyň «Musannef» atly kitaplarynda rowaýat edilişine görä, hezreti Aly (keremallahu wejheh) Basradan çykanda,şäheriň daşynda we golaýynda bir huss, ýagny bir gamyşdan salnan külbäniň bardygyny görüpdir we: «Şu külbe bolmadyk bolsa, namazy iki rekagat okardyk» diýip, wagt namazyny dört rekagat edip okadypdyr.

Buhary Enesiň (r.a) adyndan yzda 767-nji hadys hökmünde beýan ediljek hadysa-da bu ýerde gysgaça degip geçip, şol rowaýata görä, Hoşlaşyk Hajy üçin Medineden çykylan gün öýle namazy BeldeýiTahyradadört rekagat edilip, Zülhuleýfede (Medineden 6 ýa-da 7 mil uzaklykda) iki rekagat edilip okalypdyr.

            Şonuň üçinhem heniz öz ýaşaýan şäherinden çykmadyk ýolagçy wagt namazyny doly edip okamalydyr. Ebu Hanifä, Şapyga we Ahmet ibn Hanbala görä, şäheriň binalary yzda galýança namazy gysga okamaga başlanmaz. Ymam Mälikden bolsa bu babatda iki rowaýat gelip ýetipdir. Rowaýatlaryň birine görä, namazy gysga okamak üçin sagyňda, soluňda şäheriň binalaryndan biri-de galmaýança ol ýerden daşlaşmaly. Beýleki rowaýata görä bolsa,şäherden üç mil aralyga çenli uzaklaşmaly. Müjähide görä, saparagündiz çykylsa, gijebolýança namaz gysga okalmaz. Ýöne onuň haýsy çeşmä esaslanandygy belli däl. Bu mesele bilen baglanaşykly iň bir geň hereket Harys ibn Ebu Rabygadegişlidir. Ol bir gezek sapara çykmagy niýet edip, heniz öýünden çykmanka,namazy jemagata iki rekagat edip okadypdyr. Jemagatyň içinde Abdullah ibn Mesgudyň (r.a.) egindeşlerinden Eswet ibn Ýezit we ýene birnäçe adam bar eken. Ata ibn Ebu Rabyganyň pikirine görä-de, mysapyr öz ýaşaýan ýerinden çykanyndan soň, heniz şäheriň binalaryny yzda goýmanka namaz wagtygirse, şol wagt namazyny gysga okamagy mubah bolar. Bu rowaýatyňhem kimlerden gelip ýeteni belli däl.