564 Minada Hezreti Osmanyň (r.a.) namazy dört rekagat edip okatmagyny Abdullah ibn Mesgudyň (r.a.) makul görmezligi.
Saparda namazy gysgaldyp okamak wajypmydyr ýa-da jaýyzmydyr? Bu mesele babatda ymamlaryň pikiri. Namazy gysgaltmagyň wajypdygyny görkezýän deliller
عَنِ ابْنِ مَسْعُود رَضِي الله عَنْهُ ، لَمَّا قِيلَ لَهُ صَلَّي عُثْمَانُ بِمِنًى أَرْبَعَ رَكَعَاتٍ ، اسْتَرْجَعَ ، ثُمَّ قالَ: صَلَّيتُ مَعَ رَسُولِ الله صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ بِمِنًى رَكْعَتَين ِ، وَصَلَّيتُ مَعَ أَبِي بَكْرٍ رَضِي الله عَنْهُ بِمِنًى رَكْعَتَينِ، وَصَلَّيتُ مَعَ عُمَرَ رَضِي الله عَنْهُ بِمِنًى رَكْعَتَينِ ، فَلَيتَ حَظِّي مِنْ أَرْبَعِ رَكَعَاتٍ رَكْعَتَانِ مُتَقَبَّلَتَانِ.
Rowaýat edilmegine görä1, Abdullah ibn Mesguda (r.a): «Osman (r.a) Minada parz namazyny dört rekagat edip okatdy2» diýenlerinde, ol: إِنَّا لِلَّهِ وَإِنَّا إِلَيْهِ رَاجِعُونَ= «Innä lillähi we innäää ileýhi raajiguwne» (golaý manysy: «Biz Allahyň gullarydyrys we biz Oňa döneris»(«Bakara» süresiniň 156-njy aýatyndan)) diýip söze başlap, soňra3: «Allahyň Resulynyň (s.a.w) yzynda durup Minada iki rekagat namaz okadym. Ebu Bekriň (r.a) yzynda durup Minada iki rekagat namaz okadym. Omaryň (r.a) yzynda durup hem Minada ýene iki rekagat namaz okadym. Birden ýollarymyz aýryldy4. Käşgä nesibäm dört rekagatyň ýerine Allahyň dergähinde kabul edilen iki rekagat bolsady5» diýipdir.
1 Şu hadysyň başy gysgaldylypdyr. Rowaýatyň asyl nusgasyna görä, Ybraýym Nahaýy şeýle diýýär: «Abdyrahman ibnÝezidiň: «Osman ibn Affan (r.a) bize Minada parz namazyny dört rekagat edip okatdy. Onuň bu eden işi barada Abdullah ibn Mesguda habar berildi. Ol hem: «Biz Allahyň gullarydyrys ...» diýip söze başlap, soňra ... (yzy şu hadysdaky ýaly)» diýdi» diýendigini eşitdim».
2 Bu waka hajylar haj amalyny ýerine ýetirenlerinden soň, olaryň şeýtan daşlamak (remiý) üçin Minada ýaşan günlerinde ýüze çykypdyr.
3 Ibn Mesgudyň (r.a) bu aýaty okamagynyň sebäbini Harysa ibn Wehbiň (r.a) adyndan şu hadysyň öňünden beýan edilen rowaýatyň kömegi bilen aňlaýarys. Ibn Mesgut (r.a) hezreti Osmanyň (r.a) Minada dört rekagatly parz namazyny doly okamagyny sünnete garşy gelýän hereket hasaplapdyr.
4 Bu ýerdäki: «Birden ýolumyz aýryldy» jümlesi bu hadysyň Buharynyň «KitäbülHajj» atly hadyslar ýygyndysyndaky nusgasyndan alyndy.
5 Ibn Mesgudyň (r.a) bu sözi, hanefi mezhebiniň alymlaryna görä, saparda namazy gysga okamagyň wajypdygyna, beýleki toparlara görä bolsa, tersine, saparda namazy doly okamaga rugsat berilýändigine delil bolup görnüpdir. Şapygy mezhebiniň alymlarynyň biri bolan tefsirçi Ibn Hajar Askalany bolsa: «Eger Ibn Mesgut bu namazy doly okapbolmajak bir namaz hasaplasady, onda: «Käşgä nesibäm dört rekagatyň ýerine ...» diýmezdi. Çünki namazy gysga okamak wajyp bolsa, hiç bir namazonuňýerini tutmaz» diýýär.
Ibn Mesgudyň (r.a) bu hadysdakyaýaty okamagyna hezreti Osmanyň (r.a) hereketini oňlamandygy sebäp bolupdyr. Mysal üçin, «SüneniEbu Dawut» kitabyndaky rowaýatdan şonuň ýaly many gelip çykýar. Şol rowaýata görä, Ibn Mesguthem şonuň ýaly bir ýagdaýda parz namazyny dört rekagat edip okadypdyr. Oňa ýüzlenip: «Hany, sen şeýdeni üçin Osmany aýyplaýadyň-a!» diýipdirler. Ol hem: «Oňşuksyzlyga ýol bermek şerdir» diýip jogap beripdir. Onuň bu sözleri saparda namazy gysga okamagyň wajypdygy babatda hanefi mezhebiniň alymlary ýaly aýak diräp durmandygyny görkezýär. Mäliki mezhebinden kazyYsmaýyl hem namazy gysgaltmagy wajyp hasaplamaýanlaryň biri bolupdyr.Ymam Mälikden gelip ýeten rowaýatlaryň birinde hem şol pikire gol ýapylýar.
Ibn Kudamanyň aýtmagyna görä, Ahmet ibn Hanbalyň garaýşy boýunça, mysapyr namazy gysga okamagyň ýa-da doly okamagyň haýsy hem bolsa birini saýlamaga haklydyr, ýöne gysga okamak has gowusydyr. Sahabalaryň we tabygynlaryň esasy köplüginiň pikiri hem şunuň ýalydyr. Ymam Şapygy namazy gysgaldyp okamagyň wajyp däldigini şeýle delillendirýär: «Mysapyr mukyma uýup namaz okasa, hökman dört rekagat edip okar. Eger namazy gysgaltmak oňa parz bolsady, onda hiç bir mysapyr mukyma uýup namaz okamazdy».
Hanefi mezhebinden bolan beýleki bir tefsirçi Aýny bolsa Dawudyň rowaýatyna esaslanyp, Ibn Mesgudyň (r.a) namazy gysgaltmagy parz hasaplandygyny, Omar ibn Abdyleziziň: «Saparda namaz iki rekagatdan ybaratdyr. Bulardan başgasy dogry bolmaz» diýendigini, Ewzaýynyň üçünji rekagata galkan mysapyryň sehiw sejdesini etmelidigi baradaky düşünjä eýerendigini habar bereninden soň, Askalanynyň aýdan sözlerini puja çykarmaga çalyşýar.
Hezreti Osmanyň (r.a) Minada namazy dolulygyna okamagy babatda aýdylanda bolsa, Aýny bu meselä degişli bäş-alty sany pikiri beýan edip, hemmesini puja çykaranyndan soň, tefsirçi Ibn Battalyň aşakdaky sözleri bilen gürrüňini tamamlaýar: «Bu babatdaky dogry garaýyş (dogrusyny bir Allah biler) şu bolsa gerek. Hezreti Osman (r.a) bilen hezreti Äşäniň (r.a) saparda namazlaryny doly okamaklary olaryň Allahyň Resulynyň (s.a.w) namazy gysga okamak bilen doly okamagyň haýsy hem bolsa birini saýlap almaga hakly bolany üçin, onuň öz ymmaty üçin aňsat bolanyny, ýagny namazy gysgaldyp okamagy saýlap alandygyna ynanýandyklary bilen baglanyşyklydyr. Hususanhem,hezreti Äşäniň (r.a) adyndan: «Allahyň Resuly (s.a.w.) iki zadyň birini saýlap almaga hakly edilip, onuň iň ýeňilini saýlap almadyk bir gezegi hem bolan däldir. Diňe iki zadyň ýeňil ýerine ýetirilýänigünä iş bolaýmasa, mydama şeýle ederdi» hadysynyň beýan edilmegi hem şoňa şaýatlyk edýär. Namazy gysgaldyp okamaga-da, doly okamaga-da rugsat berlensoň,musulmanlaryň enesi bu ikisinden kynyny saýlapdyr. Saparda namazy doly okamagy ilki inkär edip hem, soňra saparda hezreti Osmanyň (r.a) yzynda durup, namazyny doly okan Ibn Mesgudyň (r.a) öz hereketini aklap: «Oňşuksyzlyga ýol bermek şerdir» diýmegi hem beýle etmäge rugsat berilýändiginiň hem-de onuň şol pursatda bu namazyň okalyşynyň ikisinden birini saýlap alandygynyň delilidir».
Ýöne sapardaparz namazy gysgaldyp okamagy wajyp hasaplaýan hanefileriň hezreti Äşäniň (r.a) adyndan beýan edilen 228-nji hadysa daýanýan wagtlary,musulmanlaryň enesiniň bu saparda namazyny doly okamagy onuň namazy gysgaltmagy wajyp hasaplamandygyny görkezýär. Rawy Zühri bu hadysy öz ýegeni Urwanyň adyndan beýan edeninden soň,ondan: «Bu şeýle bolýan bolsa,Äşe namazyny näme üçin doly edip okadyka?» diýip soranyny, Urwanyňhem: «Osman (r.a) ýaly, özüçe many çykarmak ýoluny saýlap alypdyr» diýip jogap berendigini rowaýat edýär. Şonuň üçinhem 228-nji hadysyň düşündirişinde hezreti Äşäniň (r.a) saparda namazy gysga okamagyemr edilen höküm hasaplandygy hakdaky pikiri öňe sürmegimiz ýerine düşmändir.
Ahmet Naimiň terjimesini we düşündirişlerini çapa taýýarlan Kämil Miras öz eden belliginde ýokarky düşündirişlere girizilmedik gyzykly maglumatlary getirýär. Ol tefsirçi Aýnynyň saparda namazy doly okamak bolýandygy baradaky düşünjä eýerýänlere garşy Tirmiziniň kitabyndan getiren şeýle bir jogabyny beýan edýär: «Tirmizi: «Bu babatda ymmatyň amaly Allahyň Resulynyň (s.a.w) sünnetine we Ebu Bekr bilen Omaryň özlerini alyp baryşlaryna esaslanýar, ýagny ymmat saparda namazy gysgaldyp okaýar. Muhammet ibn Sahnuwndan, ymam Mälikden we ymam Ahmetdenhem şonuň ýaly rowaýat gelip ýetipdir. Söwriniň, Hammadyň pikirleri hem şonuň ýaly bolupdyr. Omar, Aly, Jabyr, Ibn Apbas we Ibn Omar (Allah olardan razy bolsun!) hem şu düşünjä eýeripdirler». Kämil Miras: «Ýagdaý şeýle bolansoň, sahabalaryň we tabygynlaryň esasy köplüginiň namazy gysgaltmagy wajyp hasaplamandygy hakdaky pikire näme diýersiň?» diýip, soňra bu meselä öz garaýşyny aşakdaky ýaly beýan edýär: «Şu sebäbe görä,Hasan ibn Haý bilen Ibn Süleýman namazyny ýörite dört rekagat edip okan mysapyryň öz namazyny gaýtadan okamalydygy barada höküm çykarypdyrlar.
Aýny bu mesele baradaky pikirini Buharynyň kitabyna tefsir ýazan Ibn Battalyň sözleri bilen tamamlamaýar. Ol hanefi mezhebine eýerýän ymamlaryň saparda namazy gysga okamagyň wajypdygy hakda netije çykaranlarynda esaslanan hadysy-şeriflerini-de rowaýat edýär. Olar aşakdakylardyr:
1) Buharynyň we Müslimiň «Sahyhlarynda» hezreti Äşäniň (r.a) adyndan beýan edilen: «Allahü tagala namazy parz edende, oturymly günlerde-de, saparda-da iki rekagat edip okamak şerti bilen parz edipdi. Sapar namazy iki rekagat edilip öňküligine galdyryldy-da, oturymly ýagdaýda okalýan namaz iki rekagat artdyryldy» hadysy.
2) Müslimiň kitabynda Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen: «JenabyHak öýle, ikindi we ýassy namazlarynyň oturymly ýagdaýda dört, saparda iki, söweş gidip duran ýagdaýynda-da bir rekagat edilip okalmagyny Pygamberimiziň dili bilen parz kylandyr» hadysy.
3) Nesaýynyň, Ibn Majäniň we Ibn Hybbanyň «Sünenlerinde» hezreti Omaryň (r.a) adyndan beýan edilen: «Pygamberimiziň dilinden eşidişime görä, saparda namaz iki rekagat bolup, şol iki rekagat bilen namaz doly okalan hasaplanar. Bu namaz dört rekagatdan gysgaldylan iki rekagat namaz däldir» hadysy.
4) Nesaýynyň kitabynda Ibn Omaryň (r.a) adyndan beýan edilen: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bize saparda namazy iki rekagat edip okamagymyzy emr edendir» hadysy.
5) Darakutnynyň «Sünen» atly kitabynda Ebu Hüreýräniň adyndan beýan edilen: «Allahyň Resuly (s.a.w): «Saparda namazy doly edip okan, oturymly halynda namazy gysgaldyp okan kişi ýalydyr» diýdi» hadysy.
Bu hadysy-şerifleriň saparda namazy gysga okamagyň wajypdygyna delil bolup hyzmat edýändikleri aýdyňdyr. Hadyslarda parz, emr diýilmegi hem saparda namazy gysgaltmagyň wajypdygyny görkezýän alamatlaryň biridir ...»