563 Ýene-de Minada namazyň gysgaldylyp okalandygy hakda
عَنْ حارِثَةَ بْنِ وَهْبٍ رَضِي الله عَنْهُ قال: صلَّى بِنَا النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ آمَنَ مَا كَانَ بِمِنًى ، رَكْعَتَينِ.
Harysa ibn WehpHuzaýy1 (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Minada, duşman howpundan iň bir arkaýyn ýagdaýdakak2, bize namazy iki rekagat edip okatdy»3.
1 Ubaýdylla ibn Omar ibn Hattabyň (r.a) enebir dogany. Ejeleri Osman ibn Mazgunyň (r.a) gyzydyr.
2 Bu hadysyň Müslimiň kitabyndaky nusgasynda: «Adamlaryň iň arkaýyn we köplük bolan ýagdaýynda», başga bir nusgada-da: «Adamlaryň iň köplük bolan ýagdaýynda ... Hoşlaşyk Hajynda iki rekagat edip okatdy» diýen görnüşde berlipdir. Buharynyň «KitäbülHajynda»: «Biziň iň köplük we iň arkaýyn wagtymyz» diýlipdir. Bu nusgalaryň hemmesinde-de şol döwrüň namaz okamak üçin iň gorkusyz döwür bolandygy aýdylmak islenilýär.
3 Harysa ibn Wehbiň (r.a) gürrüň beren bu rowaýatyndan,saparda howp ýüze çykmadyk ýagdaýynda-da,namazy gysgaltmak bolýandygy barada netije çykarypdyrlar. Alymlaryň esasy köplügi şu pikiriň tarapdarydyr. Bu rowaýat namazy gysgaltmagyň howply we uruş alnyp barylýan döwürlere mahsusdygyny çaklaýanlara garşy-da gowy bir delildir. Soňky pikire eýerenleriň arasynda hezreti Äşe-de (r.a) bolup, ol saparda namazy doly edip okamagy maslahat berer eken. Allahyň Resulynyň (s.a.w) beýle etmändigini aýdyp, özüne garşy çykanlara-da,musulmanlaryň enesi: «Ol urşa giderdi. Gorkardy. Sizhem gorkýaňyzmy?» diýip jogap berenmiş. Geň galaýmaly ýeri-de, ol Hoşlaşyk Hajynda Allahyň Resulynyň (s.a.w) ýanynda bolup, ol ýerde bolan Harysa (r.a) ýaly, hiç bir zat howp salmaýan ýagdaýda namazyny gysgaldyp okap, beýle etmäge-de saparyň sebäp bolandygyny bilip hem bu hakda pikir etmezden, şeýle fetwaberipdir. Käbirleri-de, «Nisa» süresiniň bu kitabyň başynda gürrüňi edilen aýatyndaky (101-nji aýat): «Eger gorksaňyz ...»diýen sözlere esaslanyp, bu pikir bilen ylalaşypdyrlar. Ýöne arkaýynçylyk mahaly edilen saparda namazy gysgaltmagyň Allahyň sadakasydygy barada hem şol ýerde aýdylýardy.