562 Minada namazyň gysgaldylyp okalandygy hakda

Başy » NAMAZY GYSGALTMA KITABY » 562 Minada namazyň gysgaldylyp okalandygy hakda

     عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِي الله عنْهُمَا قالَ: صَلَّيتُ مَعَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ بِمِنًى رَكْعَتَينِ ، وَأَبِي بَكْرٍ وَعُمَرَ ، وَمَعَ عُثْمَانَ صَدْرًا مِنْ إمَارَتِهِ ، ثُمَّ أَتَمَّهَا.

 

Abdullah ibn Omar (r.a) şeýle diýipdir: «Minada1 Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen, Ebu Bekr bilen, Omar bilen, emirlik edip başlamagynyň ilkinji döwründe Osman bilen (Allah olardan razy bolsun!) birlikde mydama iki rekagat namaz okadym. Soňra Osman namazy dört rekagat edip, doly okamaga başlady»2.

 

1 Bu ýerde diňe Mina agzalyp geçilýär. Müslimiň kitabynda Nafynyň ýolundan we Salym ibn Abdullah ibn Omaryň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatda bolsa: «Minada-da, sapar wagtynda başga ýerlerde-de ...» diýlipdir. Müslimiň kitabyndaky başga bir rowaýatda aýdylyşyna görä, hezreti Osman (r.a) sekiz ýa-da alty ýyl Minada namazyny gysgaldyp okapdyr. Soňra hem ol ýerde mukymyň namazyny okamaga başlap, şol sebäpli käbir sahabalaryň tankydyna duçar bolupdyr. Ýöne hezreti Osman (r.a) beýle etmek bilen namazy gysgaltmaga-da rugsat berilýändigini we özüniň namazy doly okamagy saýlap alandygyny bildirmek isläpdir.

2 Bu hadysyň Müslimiň kitabyndaky bir nusgasynda rawy Nafynyň: «Şonuň üçinhem Ibn Omar (r.a) ymamyň yzynda durup okanda namazy dört rekagat edip, özbaşyna okanda bolsa,iki rekagat edip okardy» goşmaçasy bar. Bu Ibn Omaryňhem (r.a) namazy gysgaldyp okamagy hem, doly okamagy hem dogry hasaplandygyny görkezýär. Ýöne ol namazy gysgaltmagysünnete has uýgun hasaplapdyr. Şonuň ýaly-da, hezreti Osmanyň (r.a) haj edeninden soňraMekgede ýaşamagy niýet edinip, Minada namazy doly edip okandygyny aýdýanlarhem bar.

MekgeýiMükerremä giren hajynyň Mekgede-de, Minada-da, haj bilen baglanyşykly başga ýerlerde-de namazy gysgaldyp okamalydygy barada alymlaryň hemmesi bir pikire gelipdir. Sebäbi haj döwründe ol mysapyrdyr. Mekge diňe şol ýeriň ýaşaýjylary we şol ýerde ýaşamagy niýet edenler üçin oturymly ýer hasap edilýär. Muhajirlere bolsa Mekgede ýaşamazlyk parz edileni sebäpli,Allahyň Resuly (s.a.w.) Mekgede-de, Minada-da ýaşamaga niýet etmändi. Mekgeli bir kişiniň ol ýerden bir parsah uzaklykda ýerleşýän Minada namazy gysga okamalydygy ýa-da doly okamalydygy barada jedel edilipdir. Ymam Mälige görä, Mekgäniň ýaşaýjysy şäheriň özünde namazy doly okasa-da, Minada ony gysgaldyp okar. Minada ýaşaýanlar (mukym bolanlar) ol ýerde namazy doly okap, Mekge bilen Arafatda gysgaldyp okarlar. Biri-birleri bilen aralaryndaky uzaklyk namazy gysgaltmagy zerurlyga öwürýän uzaklykdan gysga bolan ýagdaýda namazyň gysgaldylyp okalmagy diňe bu ýerlere mahsus bir aýratynlykdyr. Sebäbi Allahyň Resuly (s.a.w.) Hoşlaşyk Hajynda namazy gysgaldyp okap, özüne uýup namaz okan mysapyrlary we mukymlary biri-birlerinden bu mesele babatda tapawutlandyrmandyr. Ol mekgelileriň namazy doly edip okamalydyklaryny aýtmandyr we bu mesele barada sesini çykarmandyr. Ýöne 560-njy hadysyň düşündirişinde Ymran ibn Hüseýiniň (r.a) adyndan beýan edilen hadysda Allahyň Resulynyň (s.a.w) mekgelilere ýüzlenip: «Eý, şäher halky, siz namazyňyzy dört rekagat edip tamamlarsyňyz. Çünki biz saparydyrys»diýendigi beýan edilenhem bolsa, bu sözler Mekge boýun egdirilende aýdylyp, olaryň Mina we Arafat bilen baglanyşykly ýeri ýokdur. Mekgeliniň Minada namazy gysga okamalydygyna fetwa berendigi aýdylýan adamlaryň arasynda Ibn Omar (r.a) bilen onuň ogly Salym, şonuň ýaly-da, Kasym, Tawus, metbugyn ymamlardan Ewzaýy we Yshak ibn Rahuýa bar. Olar mekgelileriň Minada namazlaryny gysga edip okamaklaryna kadadan çykma hökmünde tarapdar bolup, beýle etmäge diňe sünnete laýyk gelýäni üçin rugsat beripdirler. Şonuň ýaly-da, Mina bilen Arafatda,diňe şol iki ýerde mukym bolanlaryň namazlaryny doly okap biljekdiklerini aýdypdyrlar. Alymlaryň esasy köplügi, şol sanda Ata, Zühri, Sufýan Söwri, Kufe şäherinden bolan alymlar, Ebu Hanife we onuň mezhebine uýýanlar, Şapygy, Ahmet ibn Hanbal we Ebu Söwr bolsa Minanyň we Arafatyň Mekgeden namazy gysgaltmak üçin zerur bolan daşlykda ýerleşmeýändikleri üçin,mekgelileriň şol ýerlerde namazlaryny gysga okamajakdyklary bilen ylalaşyp, bu ýerleri Ýeriň ýüzündäki beýleki ýerlerden tapawutlandyrmandyrlar.