561 Hoşlaşyk Hajynda (Hajjetül-Weda’) Mekgede on gün ýaşalyp, namazlaryň gysgaldylyp okalandygy hakda

Başy » NAMAZY GYSGALTMA KITABY » 561 Hoşlaşyk Hajynda (Hajjetül-Weda’) Mekgede on gün ýaşalyp, namazlaryň gysgaldylyp okalandygy hakda

      عَنْ أَنَسٍ رَضِي الله عنْهُ: خَرَجْنَا مَعَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وَسَلَّمَ مِنَ الْمَدِينَةَ إلى مَكَّةَ ، فكانَ يصَلِّي رَكْعَتَينِ رَكْعَتَينِ ، حَتَّى رَجَعْنَا إلَى الْمَدِينَةِ ، قِيلَ لَهُ : أَقَمْتُمْ بِمَكَّةَ شَيئًا ، قالَ: أَقَمْنَا  بِهَا عَشْرًا .

 

Enes ibn Mälik (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen birlikde haj etmegi niýet edip1, Medineden çykyp, Mekge tarapa ugradyk2. Medinä dolanyp gelýänçäk,Allahyň Resuly (s.a.w.) bize agşam namazlaryndan beýleki namazlaryň hemmesini iki rekagat edip okatdy3».

Enesden (r.a): «Mekgede ýaşadyňyzmy?4» diýip sorapdyrlar. Ol: «Hawa, Mekgede on gün ýaşadyk5» diýipdir.

 

1 Bu ýerdäki: «Haj etmegi niýet edip ...» söz düzümi hadysyň bu nusgasynda bolman, Müslimiň kitabyndaky nusgasyndan alyndy. Şu goşmaça Enesiň (r.a) we Ibn Apbasyň (r.a) rowaýatlarynda aýry-aýry iki wakanyň gürrüňiniňedilýändigini görkezýär. Ibn Apbasyň (r.a) rowaýatynda Mekge boýun egdirilendäki saparyň gürrüňi edilse, bu ýerde bolsa adaty haja gidişlikden söz açylýar.

2 Bu gezek hijriniň onunjy ýylynyň zilkagdaaýynyň ýigrimi bäşinde, şenbe güni öýle bilen ikindiniň aralygynda Medineden çykylypdyr. Şol günüň öýle namazy Medinede dört rekagat edilip, ikindi namazy Zülhuleýfe diýlen ýerde iki rekagat edilip okalypdyr we zilhijje aýynyň dördüne, bazar gününiň säher wagtynda Mekge şäherine barypdyrlar. Olar on günüň içinde haj bilen baglanyşykly ybadatlaryny ýerine ýetirip we ymmata tälim berip, zilhijje aýynyň on dördüne, çarşenbe gününiň ir säheri Mekgeden çykyp, Medinä dolanypdyrlar. Musulmanlaryň enesi hezreti Äşe (r.a) umra hajyny, ine, şol çarşenbe gijesi ýerine ýetiripdi (213-nji we 214-nji hadyslara seret).

3 Agşam namazy gysgaldylmaz. Parahatçylyk zamanynda-da, saparda-da bu namaz mydama üç rekagatdyr. Bu ýerdäki hadysyň asyl metininde: «Agşam namazlaryndan beýleki ...» söz düzümi ýokdur. Bu söz düzümi hadysyň Beýhakynyň kitabyndaky nusgasyndan alyndy. Ertir namazy-da, iki rekagatdan ybarat bolmak bilen, gysgaldylmaz. Diýmek, saparda agşam namazyndan beýleki parzlaryň hemmesi iki rekagatdanybarat bolýar.

4 Buharynyň asyl metininde bu sözlem: «Enesden (r.a): «Mekgede az-kem ýaşadyňyzmy?» diýip soradym» görnüşinde bolup, bu ýerde gysgaldylypdyr. Bu soragy beren rawy Ýahýa ibn Yshak Hazramydyr.

5 Bu ýerde Mekgede on gün ýaşandyklary aýdylsa-da, bu on gün Mekgede, onuň golaýyndaky Minada, Arafatdawe Müzdelifede geçirilipdi. Sebäbi hijriniň onunjy ýylynyň zilhijje aýy çarşenbe gününde başlanyp, şol aýyň dördüne, ýagny bazar güni Mekgeýi-Mükerremä barlypdyr. Şol günüň ertir namazyny Mekgäniň daşyndaky Zuwtuwadiýlen ýerde okapdyrlar. Duşenbe, sişenbe, çarşenbe günlerinde Mekgede ýaşanlaryndan soň, zilhijjäniň sekizine, ýagny penşenbe gününiň guşluk wagty olar Minadagyna barypdyrlar. Allahyň Resuly (s.a.w.) şol wagta çenli Mekgeýi-Mükerremede ýigrimi wagt namazyny okadypdyr. Bu gijäni Minada geçiripdirler. Ertesi, ýagny juma güni olar Minadan ugrap, günortandan soňra Arafata barypdyrlar. Allahyň Resuly (s.a.w.) şol gün Arafatyň ýakyndaky Nemre diýlen ýerde hutba okapdyr. Olar Gün ýaşýança şol ýerde galyp, şenbe gününiň gijesi Müzdelifä barypdyrlar. Allahyň Resuly (s.a.w.) ertir namazyna çenli ýanyndakylar bilen birlikde şol ýerde gijeläp, ertir namazyndan soň, Gün dogýança Mina barypdyrlar. Şol gün ýewmi-nahyr, ýewmi-adhaa diýilýän gün eken. Şol gün irden guşluk wagty şeýtan (jemreýi-akaba) daşlanandan soň, olar Mekgeýi-Mükerremä baryp, günortandan öň Käbä togap edipdirler we şolgünýene Mina gaýdyp baryp, şenbe gününiň galan bölegini, ýekşenbe, duşanbe günlerini doly şol ýerde bolup, sişenbe gününde (teşrik wagtynyň ahyry) öýleden soňra Muhassaba baryp, öýle namazyny şol ýerde okapdyrlar we çarşenbe gününiň gijesini hem şol ýerde geçiripdirler.

Hezreti Äşe (r.a) umra hajyny ýerine ýetirmek üçin,Tenimden şol gije çykypdyr. Zilhijje aýynyň on dördüne, çarşenbe gününiň säher wagty ertir namazyndan öň hoşlaşyk togaby (tawäfi-wedä’) ýerine ýetirilip, Mekgeden çykylypdyr. Allahyň Resuly (s.a.w.) Mekgede we onuň töweregindäki ýerleriň hiç birinde hem arasyny üzmän dört gün galmandyr. Şeýdip, Mekgä girilen we ol ýerden çykylan günüň aralygynda on gün geçipdir.

Ymam Şapygy haýsy bir şäherde dört gün ýaşan mysapyrlaryň namazy gysgaldyp okamalydyklary barada şu hadysa esaslanyp netije çykarypdyr. Ymam Mäligiň, ymam Ahmet ibn Hanbalyň, Ebu Söwriniňhem pikirleri şunuň ýaly bolupdyr. Iň ygtybarly rowaýata görä, bir ýere girilen we ol ýerden çykylan gün bu hasaba girmeýär. Hanefi mezhebiniň alymlaryna we Sufýan Söwrä görä, bir ýerde on bäş günden az wagtlap ýaşamagy niýet eden adam namazyny gysgaldyp okamalydyr. Bu hadysyň öň ýanynda Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen hadys hanefi mezhebiniň alymlarynyň delillerinden biridir. On bäş günläp namazy gysga okamak zerur bolan ýagdaýynda, dört we hatda on günläp bir ýerde ýaşalanda,beýle etmegiň öz-özünden zerur hasaplanmalydygyny aýdan alymlar barhem bolsa, olara: «Mekgäniň boýun egdirilmegi bilen baglanyşyklywaka haj edilmegi bilen baglanyşyklywakadan aýry bolup, birinji waka ýüze çykanda,ol ýerde ýaşamak niýet edilmän, ýeňiş gazanmak bilen baglanyşykly işler tamamlanan badyna Mekgeden çykmagy karar eden bolmaklary, ikinji waka ýüze çykanda bolsa,Mekgede näçe wagt ýaşajakdyklaryny öňünden belli eden bolmaklary hem mümkindir» diýip jogap berýärler.