560 Mekgäniň boýun egdirilen döwründe Allahyň Resulynyň (s.a.w.) on dokuz günläp şol ýerde ýaşap, namazyny gysgaldyp okandygy hakda.
Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şol ýerde näçe gün ýaşandygy hakda dürli maglumatlary özlerinde jemleýän rowaýatlar
عَنِ ابْنِ عَبَّاسٍ رَضِي الله عَنْهُمَا قَالَ: أَقَامَ النَّبِيُّ تِسْعَةَ عَشَرَ يقْصُرُ.
Ibn Apbas (r.a) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.) Mekgede1 on dokuz gije-gündiz galyp2, şol döwürde namazlary gysgaldyp3okady.4
1 Bu hadysyň Buharynyň «Kitäbül-Magazysyndaky» nusgasynda Allahyň Resulynyň (s.a.w) şonça günläp Mekgede ýaşandygy gös-göni aýdylýandygy üçin, terjimä bu söz goşuldy. Ýogsam Zebidiniň saýlap alan nusgasynda bu söz ýok. Allahyň Resulynyň (s.a.w) bu sapary Mekge boýun egdirilende eden beýik saparydy.
2 «SüneniEbu Dawut», «SüneniTirmizi», «SüneniNesaýy» atly kitaplarda we ymam Mäligiň «Muwatta» atly kitabynda Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýatlarda-da Allahyň Resulynyň (s.a.w) şol ýerde on dokuz günläp galandygy aýdylýar. Ýöne Ebu Dawudyň kitabyndaky bir ygtybarly rowaýatda onuň Mekgede on ýedi gün galandygy, Nesaýynyň, Ibn Majäniň we Ebu Dawudyň kitaplaryndakybaşga bir rowaýatda bolsa,on bäş günläp galandygy aýdylýar. Ebu Dawudyň kitabynda Ymran ibn Hüseýiniň (r.a) adyndan beýan edilen hadysda bolsa: «Allahyň Resuly (s.a.w.) ýeňiş gazanylan döwürde Mekgede on sekiz günläp ýaşady. Bu döwrüň içinde dört rekagatyň ýerine iki rekagat namaz okadyp, mekgelilere ýüzlenip hem: «Eý, şäher halky, siz namazyňyzy dört rekagat edip tamamlarsyňyz. Çünki biz saparydyrys»diýdi» diýilýär. Beýhaky rowaýatlaryň arasyndaky tapawutlaryň gelip çykyşyny düşündirip, şeýle diýýär: «On dokuz gün diýen kişi Mekgä girilen we ol ýerden çykylan günleri-de şol ýerde ýaşalan günleriň sanyna goşupdyr. On ýedi gün diýen kişi bu iki güni o hasaba girizmändir. On sekiz gün diýen Ymran ibn Hüseýin (r.a) ýa Mekgä girilen güni, ýa-da ol ýerden çykylan güni – bularyň haýsy hem bolsa birini hasaba almandyr. Hanefi mezhebiniň alymlarynyň Allahyň Resulynyň (s.a.w) Mekgede ýaşan günleriniň sanyny on bäş gün bilen çäklendirmekleri babatda aýdylanda bolsa, Newewi bu sany tassyklaýan rowaýatyň diňe Ibn Yshagyň ýolundan gelen mürsel rowaýatdygyny göz öňünde tutup, ony ynandyryjy hasaplamaýar. Ýöne şapygy mezhebiniň alymlaryndan biri bolan Ibn Hajar Askalanyonuň bilen ylalaşmaýar. Hakykatdanhem şonuň ýaly maglumatyň Ibn Majäniň kitabynda Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilip, Ibn Yshagyň ýolundan gelip ýeten bir rowaýatdaduş gelşi ýaly, edil şonuň ýaly rowaýat Nesaýynyň kitabynda Yrak ibn Mäligiň adyndan hem beýan edilipdir. Şonuň üçinhem, hanefi mezhebiniň alymlary on bäş günden söz açýan rowaýaty delil üçin ýaramly hasaplapdyrlar. Askalany bolsa: «Rowaýatyň ygtybarlydygy bilen ylalaşylan ýagdaýynda, onda aýdylanlar rawynyň Medinede ýaşalan günleri aslynda on ýedi gün hasap edip, ol ýere girilen we ol ýerden çykylan günleri hasaba almandygyny görkezýär» diýip, özüçe many çykarmaga çalyşýar.
Islendik ýagdaýda-da, bu rowaýatlaryň iň üstüni we iň köp ygtybarly nusgalary bolany Allahyň Resulynyň (s.a.w) Mekgede on dokuz günläp ýaşandygyny habar berýän rowaýatdyr. Bu rowaýata görä amal eden Yshak ibn Rahuýa bolsa Ibn Apbasyň (r.a) düşünjesine eýeripdir. Ymam Söwri bilen Kufeli alymlar rowaýatlarda agzalýan iň az mukdaryň on bäş gündügine esaslanyp, şol sany özünde saklaýan rowaýaty saýlapdyrlar. Olaryň pikirine görä, birkişi şonça günläp bir ýerde ýaşamagy niýet etse, mukym (ýerli) saýylar. Ýöne şol ýerde şonça günläp ýaşamagy niýet etmezden, yzyna dolanjak wagty şondan aňry geçse, onda hemme wagt mysapyr hasap ediler. Allahyň Resulynyň (s.a.w) Tebükde ýigrimi gün galyp, şol döwrüň içinde mydama namazlaryny gysgaldyp okandygy hakda «SüneniEbu Dawut» kitabynda Harysa ibn Wehabyň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýathem bu düşünjäni tassyklaýar. Ýöne Darakutny Harysanyň bu rowaýatyny mürsel we arasy üzülen diýip häsiýetlendiripdir. Ymam Şapygy bolsa Ymran ibn Hüseýiniň on sekiz günden söz açýan rowaýatyny dogry hasaplap, şony kabul edipdir. Onuň pikiriçe, şonça günläp namazyny gysga şekilde okaýan kişi üçin,şol döwrüň içinde ol ýerde ýaşamaga niýet etmezlik şertdir. Ol ýerde ýaşamaga niýet etmedik kişi namazyny on sekizgünden soň gysga okamaz. Ýöne ilkibaşda ol ýerde dört gün ýaşamaga niýet eden bolsa, onda namazyny doly okar. Bu dört güne ol ýere barlan we ol ýerden çykylan günleriň girýändigi ýa-da girmeýändigi barada ymam Şapygynyň mezhebine uýýanlaryň arasynda jedel ýüze çykypdyr. Bu jedele-de Enesiň (r.a) adyndan beýan edilen we yzda 561-nji hadys hökmünde beýan edilen hadys sebäp bolupdyr. Ymam Mälige görä-de,bir ýerde dört gün ýaşamagy niýet eden adam mukym saýylar. Ymam Ahmet ibn Hanbala görä, ýigrimi bir wagt namazyndan artyk namaz okalyp bilinjek wagt aralygynda bir ýerde ýaşamaga niýet eden kişi mukym hasabyna geçer.
3Arapça aýdylyşy ýaly, «kasyr», ýa-da «taksiýr», ýa bolmasa, «iksaary-salät» sapar wagtynda dört rekagatly parz namazlary gysgaldyp, iki rekagat edip okamakdyr. «Kasry-salät» adalgasy has ýörgünli we has dogrudyr. Kuranda-da şu adalga ulanylýar. Ertir we agşam namazlarynyň gysgaldylmaly däldigi barada bir pikire gelnendir, ýagny ijmabardyr. Diňe öýle, ikindi we ýassy namazlary gysgaldylýar. Kasry-salät, ýagny namazy gysgaltma:وَإِذَا ضَرَبْتُمْ فِي الْأَرْضِ فَلَيْسَ عَلَيْكُمْ جُنَاحٌ أَنْ تَقْصُرُوا مِنَ الصَّلَاةِ إِنْ خِفْتُمْ أَنْ يَفْتِنَكُمُ الَّذِينَ كَفَرُوا إِنَّ الْكَافِرِينَ كَانُوا لَكُمْ عَدُوًّا مُبِينًا= «We izä zarabtüm fil-arzy fe-leýse aleýküm jünähün en taksüruw minessaläti in hyftüm en ýeftinekümülleziýne keferuw. Innel-käfiriýne känuw leküm aduwwen mübiýnen» (golaý manysy: «Ýer ýüzünde sapara çykan wagtyňyz kapyrlaryň size ýamanlyk etmeklerinden gorksaňyz, namazy gysgaldanyňyz üçin günä galmarsyňyz» («Nisa» süresiniň 101-nji aýaty)) aýaty-kerimesine esaslanýar. Bu aýaty-kerimeden görnüşine görä, namazy gysgaltmagyň şerti duşman tarapyndan abanýan howp bolsa-da, kynçylyk döredýändigi üçin, uzyn saparlarda-da beýle etmäge şerigat boýunça ýol berilýär. Müslimiň beýan eden bir rowaýatyna görä, Ýaglaibn Ümeýýe (r.a) bu meseläniň fykyh bilen baglanyşykly tarapyny hezreti Omar (r.a) bilen ara alyp maslahatlaşýan wagty: «Allahü tagala: «In hyftüm», ýagny: «Eger gorksaňyz»diýdi. Häzir bolsa adamlar arkaýynçylykda ýaşaýarlar. Şonda-da,saparda namazy gysgaldýarys. Munuň sebäbi näme?» diýip sorapdyr. Hezreti Omarhem (r.a) aýdypdyr: «Seniň geň galan ýagdaýyňa bir wagt menhem geň galypdym we Allahyň Resulyndan (s.a.w) onuň sebäbini sorapdym. Ol hem jogap berip: «Bu Allahü tagalanyň size beren bir sadakasydyr. Allahyň sadakasyny kabul ediň»diýipdi». 228-nji hadysda-da şu meseleden söz açylýar. «Gorkuly wagtda okalýan namaz kitabynyň» ilkibaşlaryna-da seret.
Newewiniň alymlaryň esasy köplüginiň pikiri hökmünde beýan eden garaýşyna görä, mubahbolan her bir saparda namazy gysga okamak gowudyr. Irki alymlaryň käbirleri bu aýaty-kerimedäki: «Eger gorksaňyz» şertini göz öňünde tutup, diňe gorkuly saparlarda namazy gysgaltmagyň tarapyny çalypdyrlar. Ýöne «SüneniNesaýyda» we ygtybarlydygy nygtalmak bilen «SüneniTirmizide» Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen: «Allahyň Resuly (s.a.w.) älemleriň Rebbinden başga hiç kimden gorkmaýan ýagdaýynda Medineden çykyp, Mekgä bardy we namazlary iki rekagatly edip okady» hadysy namazy gysgaltmak üçin howp abanmagynyň şert däldigini görkezýär. Käbirleri-de saparyň haj, umra, jihat ýaly tagat sapary bolmagyny şert hasaplapdyrlar.
Şapygy mezhebiniň alymlaryna görä, bu saparyň tagat sapary bolmagy şertdir. Ymam Ebu Hanifä we ymam Söwrä görä bolsa,tagat saparynda-da, beýleki saparlarda-da namazy gysgaltmak dürsdür. Ebu Hanifä görä, namazy gysgaltmak Allahyň emridir, beýleki ymamlara görä bolsa rugsatdyr.
Ibn Esiriň «ŞerhiMüsned» atly kitabyna görä, namazy gysgaltmak hijriniň dördünji ýylynda kanunlaşdyrylypdyr. «TesfiriSaglaby» atly kitapda Ibn Apbasyň (r.a) adyndan beýan edilen rowaýata görä, ilki gysgaldylan namaz bir ikindi namazy bolup, Allahyň Resuly (s.a.w.) bu namazy Enmar gazasynda Asfan diýen ýerde iki rekagat edip okadypdyr. «Gorkuly wagtda okalýan namaz kitabyna» hem seret.
4 Bu hadysyň Buharynyň kitabyndaky asyl nusgasynyň ahyrynda: «Bizhem sapar eden wagtymyz on dokuz gün bir ýerde galsak, namazy gysgaldyp okaýarys, has köp günläp galsak, doly okaýarys» diýen jümle hem bolup, ony Zebidi «Tejridine» almandyr. Ibn Apbasyň (r.a) bu jümläniň başyndaky sözlerini arap dilinden harpma-harp terjime etseň: «Eger biz on dokuz günläp sapar etsek» diýen manyny bererdi. Ýöne bu hadysyň özünde-de, onuň beýleki nusgalaryndan-da şonça wagtlap bir ýerde ýaşamak hakda gürrüň edilýändigi açyk aňylansoň, bu jümle: «Bizhem sapar eden wagtymyz on dokuz gün bir ýerde galsak ...» diýlip terjime edildi.