356 «Ýüz ýyla çenli wagtyň içinde bu gün ýer ýüzünde bolanlardan hiç kim galmaz» hadysy we Abdullah ibn Omaryň oňa beren düşündirişi. Bu babatda Abdullah ibn Omaryň gürrüň beren hadysy

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 356 «Ýüz ýyla çenli wagtyň içinde bu gün ýer ýüzünde bolanlardan hiç kim galmaz» hadysy we Abdullah ibn Omaryň oňa beren düşündirişi. Bu babatda Abdullah ibn Omaryň gürrüň beren hadysy

عَنِ ابْنِ عُمَرَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُمَا قَالَ: صَلَّى بِنَا النَّبِيُّ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ صَلاَةَ الْعِشَاءِ فِي آخِرِ حَيَاتِهِ ، فَلَمَّا سَلَّمَ ، قَامَ فَقَالَ: (أَرَأَيْتُمْ لَيْلَتَكُمْ هَذِهِ ، فَإِنَّ رَأْسَ مِائَةِ سَنَةٍ مِنْهَا ، لاَ يَبْقَى مِمَّنْ هُوَ اليوم عَلَى ظَهْرِ الأَرْضِ أَحَدٌ). يُريِدُ بِذلِك أَنَّهَا تَخْرِمُ ذلِكَ الْقَرْنَ.

 

         (Abdylla)ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: „Allahyň Resuly (s.a.w.) ömrüniň ahyrlan döwründe bir gezek bize ýassy namazyny okatdy. Ol eginlerine salam bereninden soňra aýak üstüne galdy we: «Ýüz ýyla çenli wagtyň içinde bu gün ýer ýüzünde bolanlardan hiç kim galmaz»1 diýip seslendi. Allahyň Resuly (s.a.w.) beýle diýmek bilen,şol nesliň şu döwrüň içinde ýogalyp gutarjakdygyny habar bermek isleýärdi»2.

 

1Bu hadys Buharynyň kitabynyň şu ýerinde ýassy namazyndan soňra şerigat işleri we beýleki haýyrly işler üçin oturyp, gürrüň etmäge rugsat berilýändigini aňlatmak üçin beýan edilip, beýleki rowaýatdan has jikme-jikdigi bilen tapawutlanýar. Abdullah ibn Omar (r.a.) şeýle diýipdir: «Ömrüniň ahyrynda bir gije Allahyň Resuly (s.a.w.) bize ýassy namazyny okatdy. Ol salam bereninden soňra ýerinden turup: «Ine, bu gijäni görýärmisiňiz? Şundan soňra geljek ýüz ýylyň başynda bu gün ýer ýüzünde bolanlardan hiç kim galmaz» diýdi».

2Ibn Omaryň bu sözleri-de Buharyda şeýle berlipdir: «Adamlar Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu beýik sözüniň manysyny tirenlerinde ýalňyşyp we gorka düşüp, şondan soňra ýüz ýyl geçeninden soňra kyýamat gopjakdygy hakdakymyş-myşlarbilen meşgul boldular. Şonuň üçin hemAllahyň Resuly (s.a.w.): «Bu gün ýer ýüzünde bolanlardan hiç kim galmaz» diýmek bilen, bu döwrüň içinde şu asyrda ýaşaýanlaryň ýogalyp gutarjakdygyny habar bermek isläpdi». Dogrudan hem,Ibn Omar hezretleriniň zamanynda käbir adamlaryň ýüzünji ýylyň ahyrynda kyýamatyň gopjakdygy barada gürrüň ýaýradandyklary bellidir. Mysal üçin, Tabarany bilen beýleki käbir hadysçylar şu hadysy Ebu Mesgut Bediriniň (r.a.) adyndan beýan etmek bilen Aly ibn Ebutalybyň bu myş-myşlary ret edendigini habar berýärler. Ibn Omar hem (r.a.) bu hakdaky myş-myşlary ret etmek üçin, hadysy-şeribiň bu sözleriniň manysyny düşündiren bolup çykýar.

      Bu hadysy-şerif Allahyň Resulynyň (s.a.w.) beýik mugjyzalaryndan biridir. Alymlaryň tassyklamaklaryna görä, Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu sözleri aýdan ýyly bolan 11-nji hijri ýylyndan başlap, ýüz ýyl geçeninden soňra şol gün diri bolanlardan bir adam hem galmandyr. Iň soňuna galan Ebu Tufeýl Amir ibn Wasile (r.a.) atly sahabadyr. Hadysçy alymlaryň hemmesi onuň 110-njy hijri ýylynda ýogalandygy hakyndaky maglumat bilen ylalaşýarlar. Ol ýogalan güni Ýer ýüzünde bir sahaba-da galmandyr we sahabalar nesli tamam bolupdyr (Allahü tagala olaryň hemmesinden razy bolsun!).