355 Namaz okamak üçin garaşýan kişiniň şol garaşan wagtynda namaz okan hasapdygy hakda
وَعَنْهُ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: قَالَ رَسُولُ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (لَمْ تَزَالُوا في صَلاَةٍ ما انْتَظَرْتمُ الصَّلاَةَ).
Ýene Enes (r.a.) şeýle diýipdir: «Allahyň Resuly (s.a.w.): «Siz namaz okamak üçin näçe garaşsaňyz, şonça wagtlap namaz okadygyňyz hasapdyr» diýdi»1.
1Bu hadys Buharynyň kitabynda Halyt ibn Kurranyň ýolundan şeýle görnüşde beýan edilýär: «Bir gün ders aljak bolup, Hasan Basra garaşýardyk. Ol gijä galdy. Iň soňunda ol,adatça dersini tamamlap, ýanymyzdan gidýän wagtlary golaýlanda geldi we: «Goňşularymyz çagyrdy» diýdi. Soňra Enesiň adyndan şuny gürrüň berdi: «Bir gije biz Allahyň Resuly häligeler, şindi geler diýip, gijäniň ýary bolýança garaşdyk. Ol gelip, bize namaz okatdy. Soňra ol hutba okap: «Şu wagt her kes namaz okap bolup, uklap galandyr. Siz bolsa namaza näçe garaşan bolsaňyz, şonça wagtlap namaz okan hasapsyňyz» diýdi». Hasan Basry sözüni dowam edip: «Her kowum haýra näçe garaşsa, şonça wagtlap haýyr iş eden hasapdyr» diýdi».
Halyt ibn Kurra Hasan Basrynyň aýdan soňky jümlesi hakynda: «Bu Enesiň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) adyndan beýan eden jümlesindendir» diýýär.
338, 339, 340, 341, 342-nji hadyslara-da seret.