353 Terk edilen namazlaryň nähili edilip okalmalydygy hakda

Başy » NAMAZ WAGTLARY KITABY » 353 Terk edilen namazlaryň nähili edilip okalmalydygy hakda

     عَنْ جَابِرِ بْنِ عَبْدِ اللَّهِ رَضِي اللَّهُ عَنْهَُمَا: أَنَّ عُمَرَ بْنَ الخَطَّابَ رَضِياللَّهُ عَنْهُ جَاءَ يَوْمَ الخَنْدَقِ بَعْدَمَا غَرَبَت الشَّمْسُ ، فَجَعلَ يَسُبُّ كُفَّارَ قُرَيْشٍ ، قَالَ: يَا رَسُولَ اللَّهِ ، ما كِدْتُ أُصَلِي الْعَصَرَ ، حَتَّى كادَتِ الشَّمْسُ تَغْرُبُ ، قَالَ النَّبِي صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ: (وَاللَّهِ ما صَلَّيْتُهَا). فَقُمْنَا إلَى بُطْحَانَ ، فَتَوَضَّأَ للِصَّلاَةِ وَتَوَضَّأْنَا لَهَا ، فَصَلَّى الْعَصْرَ بَعْدَمَا غَرَبَتِ الشَّمْسُ ، ثُمَّ صَلَّى بَعْدَهَا المَغْرِبَ.

 

       Jabyr ibn Abdullah (Ensary)(r.a.) şeýle diýipdir: «Hendek söweşiniň bolan güni Omar ibn Hattap (r.a.) Gün ýaşanyndan soňra gelip, kuraýyş kapyrlaryna sögmäge başlady. Soňra ol: «Ýa Allahyň Resuly, Gün ýaşjak-ýaşjak bolýança, ikindi namazyny okap bilmedim»1 diýdi.Allahyň Resuly (s.a.w.): «Walla, men-ä ony okamadyrynam»diýip seslendi2. Şondan soňra ýerimizden turup, Buthana3 gitdik. Şolýerde Allahyň Resuly (s.a.w.) namaz okamak üçin täret aldy. Biz hem namaz täretini aldyk. Gün batanyndan soňra ol ikindi namazyny, onuň yzyndan hem agşam namazyny okatdy»4.

 

1Hendek söweşi wagtynda sahabalaryň ählisiniň Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ýanyndan aýrylman, onuň golaýynda bolandyklaryna garamazdan, olaryň arasynda diňe hezreti Omaryň ikindi namazyny Gün ýaşmazyndan ozal okamagyny näme bilen düşündirmeli? Müşrükler bilen bolan söweş agşama çenli dowam edip, musulmanlaryň hezreti Omardan beýlekileriniň täretiniň bozulyp, olaryň namaz okap bilmedik bolmaklary we diňe hezreti Omaryň,täreti bozulmanlygy üçin, howlugyp, ýeke özüniň namaz okan bolmagy hem mümkin.

2Allahyň Resulynyň (s.a.w.) uruş bilen baglanyşykly buýruklar bermäge meşgul bolup, namazy ýa-da birnäçe namazy öz wagtlarynda okaman, hezreti Omaryň sözlerini eşideninden soň, olary okamandygy ýadyna düşüp: «Walla, men-ä ony okamadyrynam»diýen bolmagy we şondan soňra täret alyp, namaz okadan bolmagy ahmaldyr.

3«Buthan» Medinäniň golaýyndaky bir jülgäniň adydyr. 339-njy hadysda-da ady agzalypdy.

4Bu hadysdan diňe ikindi namazynyň kaza goýlandygy aňylsa-da, Ahmediň «Müsned» atly kitabynda Ebu Sagyt Hudrynyň, 352-nji hadysyň düşündirişinde ýatlanyp geçilişi ýaly, Tirmiziniň kitabynda Ibn Mesgudyň adyndan beýan edilen rowaýatlara görä, şol gün öýle, ikindi we agşam namazlary kaza goýlup, olaryň kazasy ýassydan soňraokalypdyr. Nesaýynyň kitabyndaky rowaýatda hem bu sözler gaýtalanýar. Ymam Mäligiň «Muwatta» atly kitabynda bolsa öýle bilen ikindi namazlarynyň kaza goýlandygy aýdylýar. Bu hadyslaryň hemmesinden şeýle netije çykarmak bolar: Hendek söweşi birnäçe güne çekipdir. Bir gün öýle bilen ikindi, başga bir gün diňe ikindi namazyny kaza goýan bolmaklary hem mümkin.

        Bu hadysdan kaza namazynyň jemagat bolup okalmagyna şerigat tarapyndan ýol berilýändigi barada netije çykarylýar. Mysal üçin, alymlaryň hemmesi oňa rugsat berilýändigi barada bir pikirdedir. Diňe Leýs ibn Sagdyň oňa garşy çykmagy kadadan çykmadan başga zat däldir. Bu hadysdan agşam wagtynyň şapakdan soňky wagta çenli dowam edýändigi-de aňlanylýar. Hernäme-de bolsa, ol agşam namazyndan öň beýleki namazlary okap bolaýjak derejede uzyndyr. Şapygynyň soňky gelen netijesine görä, agşamyň wagty diňe täret alyp, namaz okap bolaýjak wagtdyr. Bu hadys onuň pikirine garşy çykýar. Şonuň ýaly-da, wagt namazy bilen kaza goýlan namazyň ýa-da namazlaryň arasyndaky tertip görkezilen ýaly bolup görünýär. Bu tertibiň wajypdygy bilen Nahaýy, Zühri, Rabyga Reý, Ýahýa Ensary, Leýs ibn Sagt ýaly alymlar ylalaşypdyrlar. Ebu Hanife bilen egindeşleriniň, Mäligiň, Ahmet ibn Hanbalyň, Yshak ibn Rahuýanyň hem pikirleri şonuň ýalydyr. Abdullah ibn Omar hem şeýle düşünjä gulluk edenmiş.

        Beýleki tarapdan kaza goýlan namazlar bilen wagt namazynyň arasyndaky tertibi wajyp hasaplamaýanlaryň arasynda Tawus, Şapygy, Ebu Söwr, Ibn Kasym, Semnun ýaly alymlar bar. Ebu Dawut Zahyrynyň düşünjesine uýýanlar hem şonuň ýaly pikir edýärler. Ymam Mälik bu tertibi wajyp görmek bilen birlikde, ýatdan çykarylmagy sebäpli bu tertip bozulsa, ol wajyplykgüýjüni ýitirýär. Ymam Ahmet ibn Hanbala görä, kaza goýan namazy namaza duran wagty ýadyna düşse, okap duran namazyny tamam eder. Şondan soňra kaza goýan namazyny okap, wagt namazyny-da täzeden okar. Wagt namazyna niýet edip, ilki okan namazy bolsa nepil namazynyň hasabyna geçer.