349 Ikindi namazyndan soňra okalan iki rekagat namazyň gadagan edilmegi
عَنْ مُعَاوِيةَ رَضِي اللَّهُ عَنْهُ قَالَ: إنَّكُمْ لَتُصَلُّونَ صَلاَةً لَقَدْ صَحِبْنَا رَسُولَ اللَّهِ صَلَّى الله عَلَيْهِ وسَلَّمَ ، فَمَا رَأينَاهُ يُصَلِّيهَا ، وَلَقَدْ نَهَى عَنْهُمَا. يَعْنِي: الرَّكْعَتَيْنِ بَعْدَ الْعَصْرِ.
Mugawyýa ibn Ebu Sufýan (r.a.) ikindi namazyndan soňra okalan iki rekagat namazy göz öňünde tutup, şeýle diýipdir: «Siz şunuň ýalybir namaz okaýarsyňyz. Allahyň Resuly (s.a.w.) bilen şonça wagtlap bile bolsak hem, şonuň ýaly namaz okanyny hiç görmedik. Tersine, ol bu namazy okamagy gadagan edipdir»1.
1Mugawyýa (r.a.) bu sözleri hutba okan mahaly aýdypdyr. Başgalary, hususan hem, Äşe (r.a.) Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bu namazy okandygyny habar berýär. Mugawyýa Allahyň Resulynyň (s.a.w.) şular ýaly namazy okamandygyny aýdýar, beýlekiler bolsa ony okandygyny tassyklaýarlar.
Allahyň Resulynyň (s.a.w.) bir namazy okandygyny görmändigiňüçin, ony okamazlyk dogry dälbolsa gerek. Onuň şol namazy okandygyny gören adamhem bar. Muňa şaýatlyk edýän rowaýat,onuň gadagan edilendigi hakyndaky rowaýata gapma-garşy hem däl. Bir sebäp bilen baglanyşyklylykda nepil namazyny okamagyň bolýandygyny aýdýanlara görä (346-njy hadysyň düşündirişine-de seret), Allahyň Resulynyň (s.a.w.) okan şol namazlary bir sebäp bilen baglanyşyklybolmaly. Şonuň üçin hem şu wagtda sebäpsiz bolan nepil namazlaryny okamak gadagan bolup çykýar. Bu gadagan etmäni namazlaryň hemmesi üçin umumy hasap edip, sebäpli namazlary sebäpsiz namazlardan tapawutlandyrmaýanlar bolsa,Mugawyýanyň sözlerini namazlaryň hemmesine degişli edýärler we Allahyň Resulynyň (s.a.w.) okan namazyny onuň diňe özüne degişli hasaplaýarlar. 346, 347, 348, 350, 351-nji hadyslara-da seret.